16:33 Söz kerweni | |
SÖZ KERWENI
Goşgular
Ýürek bagyň, tapjak bolsa barlygyn, Tüňçesinden çykar, ýüzsün balygyň. Iýmit kimin, sözden doýur balaňy. Jebislensin, sözlük köki bagynyň. Jebir çekdik, diri galdyk il bilen, Ak öýlerde, nesil öndi dil bilen. Hüwdüleri, sesden galsa enäniň, Tapyljak däl köküň, barsaň pul bilen. Ataň egni, agyr ýükden gutulmaz, Eneň arka bolsa, diliň atylmaz, Tegelenşip, zähmet duzdan çagalar, Bir saçakda dadan bolsa utanmaz. Patyşaň güýji bar, saklasa mülki, Saklamasa, şükür, satmasa halky. Biz satjakmy dili, güýjümiz ýok diýp? Ene süýtden, doýan däldiris belki. Haçan bizi, şeýle dogurdy ene? Haçan sözi beýle ýugurdy ene? Öý tamdyrlar sönüp, haçan balasyn? Özge tamdyrlardan, doýurdy ene? Ekdiläp, siňdirip mährin, gün görüp, Gujagynda, hüwdüläpjik dil berip. Bakmaň del sözlere, çakrym salsa-da. Ene sözi, saçýar nurun ýylgyryp. Göreldäň görnüşde, bolsa ýalňyşdan, Bilbiller ylhamyn, alsa her guşdan. Ýalkymyň yşkyna, söz baglaryndan, Kimler ýygar, kimler galar gaý, gyşdan? Söz kerweni düşse, sähradan ýoly, Ýyldam atyn münüp, ýetjek bolmaly. Çaman münüp, ýola düşsek ýetdirmez, Haçan oýanmaly, sen "Türkmen Ogly"? Haçan oýanmaly, biz "Türkmen ili"? Mansur TABARY, (Türkmen Ogly). | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||