17:29 Söz ýarasy bitmez | |
SÖZ ÝARASY BITMEZ
Jemgyýetçilik tankydy
Soñky wagtlarda käbir ýetginjeklerimiziñ köpçülik ýerlerinde özlerini alyp baryşlaryndan o diýen göwnüñ suw içmeýär. Şeýle gelşiksiz hadysalara awtobuslarda, köpçülik ýerlerinde häli-şindi duş gelmek bolýar. Ýetginjekler daş görnüşlerinden medeniýetli ýaly bolup görünseler-de, olarda salyhatlylyk, sypaýyçylyk ýaly häsiýetler duýulmaýar. Olar oýlanyşmazdan aýdýan gödek sözleri bilen öz deñ-duşlarynyñ, erbet ýeri-de, gyz maşgalalaryñ göwünlerine bitmejek ýara salýandyklaryny unudýarlar. Eger edepsiz ýetginjeklerimiz şol gyz maşgalalaryñ ýerine özlerini (we özleriniñ uýalaryny) goýup, oñatja oýlanyp görseler, bu işleriniñ telekdigine göz ýetirerdiler. Şonuñ üçinem gadyrdan ýetginjekler, geliñ, birek-birege hormat goýup, mylakatly gürleşmäni başaralyñ! Çünki sypaýyçylyk adamkärçiligiñ, edebiñ başy bolmaly ahyryn. Jeren ANNAGYLYJOWA, Gurbansoltan eje etraby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |