18:07 Sumbaryñ kenarynda | |
SUMBARYÑ KENARYNDA
Goşgular
![]() Ser salyp men tot-tozanly geçmişe, Syryp barýan kert gaýaly ýakany. Hol-ha dik pesimde göwher gaşy deý, Ýaýlyp ýatyr Magtymgulyñ mekany. Sözle eý mähriban Sumbar jülgesi Senden bilýän zadym ýok welin meñ kän. Gamlananda Meñlisine duşuryp, Şahyry joşduran haýsy ýerleñkän? Görkezsene maña geçen gollaryn, Geçen ýollaryndan geçeýin menem. Togap edýän ýaly çeşmeleriñe - Içen suwlaryndan içeýin menem. Gaýta has-da dymyp, gözli gaýalar, Goñras çal perdesin çekdi gerşine. Ne-hä ýoldan, Ne-de goldan ses çykdy, Barýaryn men şol bir bolup barşyma. ...Soñra welin göz ýetirdim baryna Diñläp bir çopanyñ aýdymlaryny. Megerem, dymandyr bu mahal bar ýer, Diñläp Pyragynyñ aýdanlaryny. Dañatar AŞYRDURDYÝEW. "Sowet Türkmenistany" gazeti, 30.11.1967 ý. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |