01:31 Suw ýaly eziz bol! | |
SUW ÝALY EZIZ BOL!
Edebi makalalar
Türkiýede häzir her öýde diýen ýaly suw krany bar. Şonuň üçinem ýollarda goýulyan suw kranlaryna ýeterlik üns berlenok. Olaryň köpüsi hatardan çykypdyr. Ýöne dinimiziñ suwa berýän ähmiýetini bilýän we tebsirän teşneleriñ sowujak suw içip ýüregini sowadansoñ, tüýs ýürekden minnetdar bolup aýdýan alkyşlaryny almak isleýänler köpçüligiñ geçýän ýerlerinde suw kran)aryny gurdurypdyrlar. Suw kranlary Osmanly döwletini, soňky döwrüniñ arhitekturasy bilen bezelen diwarlarda ýerleşdirilýändigi üçin şäher meydanlaryna we seýilgählerine özboluşly görk berýär. Seljuklylar we osmanlylar döwründe köp gatnawly ýollarda ynsanlaryň we haýwanlaryň teşneliklerini gandyrmaklaryny üpjün edýän şeýle suw kranlaryny gurmaklyga, şeýle haýyr-sahawata uly ähmiýet berlipdir. • "Allahyň haky üçin bir käse suw beräýiň!" Bu her bir musulmanyň uly höwes bilen ýerine ýetirýän dilegidir. Sebäbi suw ýaşaýşyñ diregidir. Her bir jandar suwdan ýaradylypdyr. Allanyñ hakyny orta atyp, kesekiden alnan bir käse suwy içeniñde her owurdynyň başynda "Bismilla" diýip, soñunda "Elhamdülilla" diýip üç owurt suw içmegiň saglyga edÿän peýdasy dürli kitaplarda beýan edilipdir. Suw hödürläninde öten-geçenleriň ruhuna degsin edilip, doga okalýar. Suw beren ýaş kişi bolsa: "Suw ýaly eziz bol, suw ýaly mübärek bol" diýip, alkyş aýdylýar. Şäher medeniyetinde bolsa suw arassaçylygyň, ruhuny päklemegiñ esasy serişdesidir. Suw bütin dünýäde şäher durmuşynyň esasy zerurlyklaryndan biridir. • Suwuň medeniýetdäki yzlary Osmanly döwletiniñ suw desgalary özbaşdak arhitektura terzini ýüze çykarjak derejede ýaýbañlanypdy. Hususan-da, Stambul özüniň şu günlerde-de berkligini saklan täsin, nepis, suw bilen baglanyşykly arhitekturasy bilen hünärmenleri haýran galdyrýar. Stambulda suw bilen baglanyşykly arhitektura desgalarynyň birnäçe görnüşi bar. Stambul eýelenen gününden bäri gurlan emeli çeşmeler, mermer bilen bezelen suw kanallary halka hyzmat edip gelýär. Musulman türkleriň ýerleşen şäherleriniň abadanlaşdyran ýerleriniň ählisinde galdyran taryhy ýadygärlikleriniň arasynda suw bilen baglanyşykly ýadygärlikler uly orna eyedir. • Uly sogap Suw diñe bir maddy zerurlyk bolmak bilen çäklenmän musulman türklerin durmuşynda edebiýatdan mukamlara çenli öz mynasyp ornuny alypdyr. Musulman türkleriñ soltanyndan daýhanyna çenli hemmesi diýen ýaly teşneleri gandyrmagyň iñ uly sogaply sadakadygy baradaky ynançdan ugur alyp, döwrüniñ mümkinçilikleriniň şertleriniň we usullarynyň çäklerinde oturymly ýerleriniň ählisinde guýy, bent, köpri, kanal, howuz, emeli çeşme, hammam ýaly köp sanly suw desgalaryny gurupdyrlar. • Sebil näme? "Sebil" sözi osmanly dilinde köplenç ötegçilere içimlik suw hödürlemek maksady bilen gurlan binalary, "sebilhanalar" diýlip atlandyrylan suw desgalaryny we emeli çeşmeleri añladýar. Ýolagçylygy ýeňilleşdirmek maksady bilen suwsuz ýollarda guýy gazmak, dürli suw desgalaryny gurmak yslam dininde we türkleriň däbinde iñ haýyrly işleriň biri hasaplanypdyr. Mugt paýlanýan sowuk suwlara we şerbetlere hem "sebil" diýilýär. Haýyr-sogap gözleýänler Oraza aýynda agzaçarlarda, bayramlarda, mübarek günlerde ýollarda durup gelene-geçene sowuk şerbetler paýlapdyrlar. • Bezemen binalar Sebil paýlaýanlara sebilji diýlipdir. Sebil ýa-da sebilhana diýlip atlandyrylýan binalar galapyn tegelek, üsti giniş üçekli kiçijik gümmez bilen örtülen otaglardan ýa-da otagjyklardan ybarat bolardy. Türk arhitekturasynda örän halanylýan bu binalaryň arasynda ajaýyp sungat eseri hasaplanýanlary-da diýseň köp. Sadyk KAHRAMAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |