SUWUÑ RUHUNDAN ÝARADYLAN ATLAR
Türklerde tañry sypatlandyrmasynyñ Gök-Ýer/Suw-Atalar formulasy bilen dürli kultlarda garşymyza çykýandygyny ýokarda agzap geçipdik. Mukaddes "Ýir-Sub" - gadymy türk ýazgylarynda Tengri-Tañry we Umaý (Humaý) ýaly hudawy barlyklaryñ biri bolup çykyş edýär. Tañry sözüñ doly manysynda asmany güýç, Umaý bolsa her näçe asmany güýç ýaly bolup görünse-de hereket ediş ugry boýunça zemin mahsuslydyr we dünýewidir. Ýöne mukaddes "Ýir-Sub" hemmetaraplaýyn ýer ýüzüne degişli kult bolup çykyş edýär. Sebäbi onuñ ontologik taýdan agzalyşy zeminsöw ýerlerde, ýagny daglarda, tokaýlarda we umuman alanda ýurduñ dürli ýerlerinde orta çykýar (Taş, 2002: 51).
Gadymy türk ýazgylarynda "Ýir-Sublar" Tañrynyñ goldawçysy we kömekçi güýji hasaplanýar hem-de Tañry bilen bir manyny añladýar (Taş, 2002: 51). Biz ol ýazgylardan mukaddes Ýer-Suw ruhlarynyñ Umaý yaly ikinji derejeli güýçdügini we Tañrynyñ ýok ýerinde haýsydyr bir funskiýasynyñ ýokdugyny görýäris (Taş, 2002: 52). Döwletiñ resmi kultlarynyñ birine öwrülen ýer-suw kulty Orhon ýazuw ýadygärliklerinde hem dowam edendigini görmek bolýar. Bu ýagdaý türk(men)leriñ yslamy kabul etmesinden soñam esli wagtlap dowam edipdir (Inan, 1953: 249). Üçünji Tonýukuk ýazgysynda "Göktürk ýurduna talañ salan duşmanlaryñ Umaý we Ýer-Suwlaryñ kömegi bilen gapyp awlanyp ýok edilendigi" (Günaý-Güngör, 1997: 46) barada maglumat bar. "Tañry Türküñ ýeri we suwy eýesiz galmasyn diýip" türki halka kaganlar ugradypdyr hem-de borjuny ýerine ýetirmän pitne turzanlary jezalandyrypdyr (Ögel, 2002: 315).
Başga bir rowaýata görä sanlary 17-ä ýeten ýer-suw ruhlary ýaşalýan ýerlere wekilçilik edýändigi üçin "dag eteklerinde, derýalaryñ gözbaşynda, deñizlerde we ş.m ýerlerde oturypdyrlar" (Çoruhlu, 2006: 33). Atlaryñ gelip çykyşyna degişli maglumat berýän çeşmelerde türk atlarynyñ birnäçesiniñ deñizden ýa-da kölden çykan aýgyrlary şol töwerekde gezip ýören baýtallara ýanaşdyryp alnandygy barada gyzykly hekaýatlar bar. Şükrü Elçin “Atlaryñ dogluşy hakynda rowaýatlar" (1963a: 412-416) atly makalasynda bu hekaýatlary bir ýere jemläpdir. "Gorkut atada" Bamsy Biregiñ "Benli Boz" diýen aty aslynda deñiz gulanydyr (Ergin, 2008: 117). "Gorkut ata" eposynyñ "Salyr Gazanyñ öýüniñ ýagmalandygy boýuny beýan eder" bölüminde Salyr Gazan ýurdunyñ talañçylyga uçrandygy baradaky habary eşiden badyna ýurduna tarap ýola düşýär. Ol ýolda gelýärkä suw görýär. Salyr Gazanyñ suwdan geçende aýdan sözleri "şamanistleriñ ýer-suwlara ýüzlenip aýdýan senalaryna" (Inan, 1953: 250) meñzeýär
“Çagnam çagnam gaýalardan akan suw
Agaç gämileri oýnadan suw
Hasan bilen Hüseyniñ hasraty suw
Bag we bossanyñ zynaty suw
Äşe bilen Patmanyñ nikasy suw
Şabaz atlar içdigi suw
Gyzyl düýeler gelip içdigi suw
Ak goýunlar gelip çöwresinde ýatdygy suw
Ordamyñ habaryn bilürmisiñ diýgil maña
Gara başym gurban bolsun suwum saña".[1]
(Ergin, 2009: 101).
Üns berseñiz, Göroglynyñ meşhur Gyraty-da asly suwdan dörän atdyr. Eposyñ Anadoly türkmenleriniñ arasynda ýaýran wersiýasynda bu aýratynlygyñ üstünde hasam köp durlupdyr. Pertew Naili Borataw Göroglynyñ atynyñ döreýşi hakynda şeýle diýýär: “Göroglynyñ aty suwdan çykan aýgyryñ otlap ýören ýylky sürüsiniñ arasyndaky bir baýtala ýanaşmasyndan doglupdyr. Rowaýatyñ Pariž wersiýasynda aýgyryñ Amyderýadan çykandygy aýdylýar. Belli türkşynas Zeki Welidi Toganyñ leksiýalarynda "Amyderýa guýýan Wahş çaýynyñ boýundaky Rusta-Bik ýerde suwdan çykan atlar" baradaky hekaýatlaryñ üstünde durlup geçilýär. Bu rowaýatlar iññän gadymy döwürlerden bäri aýdylyp gelinýär. "Göroglynyñ" Tobol wersiýasynda-da Gyrat suwdan çykan atyñ taýy bolup çykyş edýär, ýöne bärde oña Tulbar (Tulpar) diýilýär. Tulbar türk eposlarynda fantastiki atlara berilen atlaryñ biridir (Borataw, 1984: 66).
"Görogly" eposynyñ Orta Aziýa wersiýalarynda, şol sanda türkmen wersiýasynda-da Gyrat suw gulany bilen suw aýgyrynyñ jübütleşmesinden dogulýar (Özkan, 1997: 230).
Gazagystanda Dädem Gorkut baradaky rowaýatlaryñ birinde ilkibaşda Göroglynyñ meşhur Gyraty deñizden çykan suw aty bilen adaty atyñ jübütleşmesinden dogan ejizje janawaryñ biri bolup dogulýar. Dädem Gorkut ony bakyp-bejerýär we tilsimiñ güýji bilen Gyrata öwürýär (Alptekin, 1997: 23).
"Gan-Gapçykaý (Kan-Kapçykaý) eposynda ýeriñ we suwuñ eýesi bolan Gyzyl-Aýgyryñ gulany gögüñ üçünji gatyndaky Üç-Kurbustan tarapyndan suwdan ýaradylýar. Bu at gögüñ dokuzynjy gatynda ýaradylandygy üçin uçmaga hem ukyply bolupdyr:
“Alaw kimin gyzyl gymmatly at
Argymagyñ gulanymyş.
Ýeriñ, suwuñ eýesi
Gyzyl gulanyñ çagasymyş.
Göğüñ üçünji gatynda
Yaradylan gyzyl at
Üç-Kurbustanyñ ýerinde
Ýaradylan argymakmyş.
Ýokary çykdygynda
Uçup bilermiş.
Aşak ineninde
Süzlüp bilermiş.
Muny gören millet
Haýran galanmyş.
"Bu niçiksi aýgyr?"
diýen görenler.
"Gyzyl atyñ enesini
Tapan kişi" diýenler.
Suwuñ eýesinden
Dörän bedew at
Göýä surat ýaly
Syrdambitindi” (KKAP s. 252-253).
"Kan-Jeeren Attu Kan-Altyn" eposynda Kan-Jeeren atyñ enesi suwuñ ruhundan ýaradylýar:
“Yeriñ, suwuñ eýesi,
Jeerenkeýiñ çagasy
Gözel ath Kan-Jeeren
Çeşme suwunda ýuwnup
Ýüz-gözün süýde ýuwup,
Gyzyl atyny saldy" (KJAKA s. 375).
"Ködügeý-Kökşin", "Boodoý-Koo" eposlarynda Kögüdeý-Kökşiniñ özünin dagyñ ruhundan, onuñ atynyñ bolsa suwuñ ruhundan ýaradylandygy aýdylýar:
“Özi bahadyr bolan
Ködügeý-Kökşin atly agam bar" diýdi.
Aty ýaradylan suw eýesinden
Özi ýaradylan dag eýesinden” (KKBKs. 431).
"Maadaý-Gara" eposynda Kögüdeý-Mergeni ulaldan garry ene (altaý eezi) ogullygyna onuñ maşgalasy hakynda aýdýar. Soñra ol Kögüdeý-Mergene dag ruhundan, aty Goýygyryñ suwuñ ruhundan ýaradylandygyny habar berýär.
“Maadaý-Garanyñ oglusyñ,
Münjek bolýan bedew atyñ
Pamyk ýally Goýygyrdyr.
Uly barmagyñ bardyr señ
Adyñ Kögüdeý-Mergendir.
Münjek bolýan bedew atyñ
Suw ruhundan ýaradyldy.
A sen Kögüdeý-Mergenim
Dag ruhundan ýaradyldyñ" (MKD s. 413).
"Oçı-Bala" eposynda-da Oçi-Balanyñ we onuñ aty Oçi-Jeereniñ suwuñ ruhundan ýaradylandygy aýdylýar:
“Körpe gyz jigisi Oçı-Bala
Atjak okun götererdi,
Ak gylyjyn guşanardy.
Oçi-Jeerenin atyna münen
Oçi-Balanyñ özüdi.
Täze aýyñ üçi güni
Dynç alar uka giderdi.
Atan oky daşdan dönmez,
Sözlän sözi begden dönmez,
Alp gelse mäkäm tutardy,
Owazaly pähliwandy.
Ol söweşe, jeñe gitmez,
Jeñ isläni diri goýmaz.
Alty Suu-Jelbisden dörän.
Atly-şanly Oçi-Jerrniñ
Özi Suw-Jelbisden dörän.
Alp, pähliwan Oçı-Bala
Mydam aw-şikarda gezen” (OBD s. 43).
Kaba ALY,
Ahy Ewran uniwersitetiniñ sosial ylymlar instituty.
# "Altaý, tuwa, hakas we şor dessanlarynda at motiwiniñ analizi" (türk dili we edebiýatyndan dissertasion iş), 25-32-nji sahypalar.
______________________________________
[1] Deñeşdirmek üçin seret:
"- Çagnam-çagnam gaýalardan çykan suw,
Agaç gämileri oýnadan suw,
Hasan-le Hüseýiniň hasraty suw,
Bagu-bossanyň zynaty suw,
Äşe ile Patmanyň nikahy suw,
Şabaz atlar içdigi suw,
Gyzyl düýeler gelip-geçdigi suw.
Ak goýunlar gelip çöwresinde ýatdygy suw,
Ordamyň habaryn bilermi sen diýgil maňa,
Gara başym gurban bolsun suwum saňa — diýdi".
Saýtdaky linki:
(http://www.kitapcy.ga/news/salyr_gazanyn_oyi_yagmalandygy_boyny_beyan_eder/2019-11-27-9401).
Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Mistika we fantastika