20:17 Tañrytarapyn ýaradylan atlar | |
TAÑRYTARAPYN ÝARADYLAN ATLAR
Mistika we fantastika
Türk(men)ler gadym zamanlardan bäri Tañrynyñ gudratyna we ýeke-täkligine, mekanynyñ gökdedigine ynanýardy. Orhon ýazuw ýadygärliklerinde geçýän “üze kök Tengri” jümlesi Tañrynyñ gökdedigini nygtaýar. Taryhçy Mirça Eliade "Gök Tañrysy" ýa-da "gökdäki tañrylar" düşünjesiniñ "Asmanyñ ýa-da kosmosyñ ýönekeý adamlaryñ çykyp bilmejek ýerleri bolandygyndan" gözbaş alyp gaýdýandygyny aýdýar. Bu Tañry düşünjesi wagtyñ geçmegi bilen "maddy asmandan manyda uly barlyga tarap özgerendigi" öñe sürülýär. Göktürk(men)ler döwründe bolsa bütin älemi öz içine alýan we oña höküm edýäñ ýeke-täk Tañry düşünjesi kemala gelipdir. Gadymy türkleriñ Tañry düşünjesine meñzeş düşünjede ýakyn wagta çenli şamançylyk ynanjynda bolan altaýlylar, tuwinler (tuwalylar), kaçinler, beltirler we beýleki kowumlar iñ beýik Tañryny Tengri diýip atlandyrýarlar. Şol sanda “Kök-Tengri” sözüniñ Kök-Gök Tañry manysynda däl-de, beýiklik manysynda we sypat hökmünde ulanylandygyny görmek bolýar. Şonuñ üçinem "Gök Tañry özüne çokunylan mawy asmany däl-de, Beýik Tañryny alamatlandyrýar". Şeýle-de türklerde Tañry düşünjesi "Gök-Ýer ~ Suw-Atalar" görnüşinde sypatlandytlyp dürli kultlarda garşymyza çykýar. Türki taýpalaryñ dürli geografik giñişliklerde birnäçe dinler bilen tanyş bolmagy biri-birinden dürli ynançlary emele getirenem bolsa, umuman alanda semawy güýçli ýeke-täk we beýik Ýaradana bolan ynanjy hemişe-de bolupdyr. Bu Beýik Ýaradanyñ adynyñ zikir edilmegine Orhon ýazuw ýadygärliklerinde-de gabat gelnişi ýaly, Ol öz adyndan "Il-buduny" dolandyrjak ýolbaşçylary saýlap-seçmek, olara agalyk hukugyny (kut) bermek ýaly aýratynlyklara eýedir. Beýik Ýaradan şol bir wagtyñ özünde ýaşaýyş bagyş ediji, ýaradyjy we wagty-sagady gelende jan alyjy aýratynlyklara-da eýe. "Bütin bu ynançlar Gök Tañrynyñ "deñi-taýy bolmadyk, adamlara ýol görkezen, olaryñ barlygyna höküm eden, jezalandyran we sylaglandyran bir Uly barlykdygyny" orta goýýar"[1] Gök Tañrynyñ jahany tertibe salmak üçin kut (gut) berip ugradýan gahrymanyna ýardam bermek üçin adatdan daşary aýratynlyklara eýe bolan bedew atlary-da ýaradandygy mälimdir. "Yslam çeşmelerinde Hezreti Alydan edilen bir rowaýatda atyñ Allatagala (j.j) tarapyndan kyblanyñ şemalyndan (Poýraz) ýaradylyp ýer ýüzüne ugradylandygy barada gyzykly maglumat bar"[2] Ahmet Jaferogly "Türk anatomiýasynda at kulty" atly ylmy işinde hudaýtarapyn dörän atlar barada birnäçe mysallary berýär: "Sibirde şaman türk we mongol halk döredijiliginde atlaryñ añyrsynyñ hudawy gelip çykyşlydygyna ynanylýar. Ýakut eposynda bahadyrlaryñ atlary ýylky sürüsine edýän tañry tarapyndan, sema älemindäki Gün ülkesinden ugradylýar. Burýat eposynds bolsa gahrymanyñ aty ýakutlarda bolşy ýaly ýa gönüden-göni gökden inýär, ýa-da ylahy takdyr bilen dünýä inýär. "Ordos mongollarynyñ aýtmagyna görä Çingiz hanyñ aty-da gökden inipdir. Abulgazy Bahadyr han Çingiz hanyñ toýuna urug kethudasy bolup gelen Gökje barada aýdanda, Çingiz hanyñ dilinden şeýle diýýär: "Kämahal maña gaýypdan bir boz at gelýär, men oña münüp göge çykýaryn we Tañry bilen gürleşip gelýärin". Başga bir mongol hekaýatynda at bir uçanda üstündäki gahrymanyny dowzaha äkidip, ýene yzyna sag-salamat getirýän ylahy güýçdür".[3] Buura-Dohsunda, "Olonho" eposynda sahalaryñ ata-babasy Sier gojadan we Aýy-Nuoraljyn eneden gaýdýar. Sier gojanyñ gögüñ dokuzynjy gatyndaky iñ beýik Tañry Ürün Aar Toýonyñ doganydygy we Aûu-Nuoraljyn enäniñem Uordaah Jöhögöý Toýon Tañrynyñ aýal doganydygy aýdylýar.[4] Fransuz türkology Žan-Pol Ru b.e.öñki 140-nji ýylda ýaşap geçen bir hytaýly syýahatça salgylanyp: "Orta Aziýada asmany atyñ neslinden bolan örän güýçli we ýyndam täsin at tohumynyñ bardygyny, oña has ýakyn taryhly hytaý senenamalarynda we onuñ toýnak yzyna gaýalaryñ ýüzünde duş gelinýändigini" aýdýar. Aýratynam Orta Aziýada hiç kimiñ ele salyp bilmedik atlarynyñ ýaşaýan bir dagyndan söz açylýar. Şol ýeriñ halky bu daga gysraklaryny "asmany aýgyra" ýanaşdyryp, tohumlyk at almak üçin getiripdirler.[5] Başgyrtlar "Uly aýy" ýyldyzlar toparynyñ daşyndaky iki ýyldyzyñ semawy atlardygyny, olaryñ Buzat (Boz at) we Sarat (Sary at) adynyñ bardygyny rowaýat edýär. Garaçaý-maljar halk döredijiliginde-de "Kiçi aýy" ýyldyzlar toparynyñ iki ýyldyzy Sary aýgyr we Toru (Dor at) aýgyr ady bilen tanalýar.[6] Başgyrtlaryñ meşhur "Ural batyr" eposynda garşymyza çykýan Ak-boz at tañrytarapyn dörän at obrazynyñ iñ gowy mysalydyr. Ak-boz at "Ural batyr" eposyndan başga-da özi hakynda döredilen adybir eposda-da hereket edýär. "Ural batyr" eposynda Ak-boz atyñ Uralyñ aýaly Humaýa onuñ ejesi Güneş (Gün) tarapyndan sowgat edilendigi aýdylýar. Hut şu ýerdenem Ak-boz atyñ asmany bedewdigini bilmek bolýar. Humaý Ak-boz aty çagyranda, ol gökden düşen ýyldyz deýin ýer ýüzüne inipdir.[7] Hakaslaryñ "Aý-Huujyn" eposynda eseriñ baş gahrymany Tañrynyñ ýer ýüzüne iberen ýylkysyndan doglan bahadyrdyr.[8] Aý-Huujyn "Ala-gula at" bilen "Gyzyldor aty" sypatlandyranda "Gyrylmaz ganatly Gyzyldor atyñ" Tañrynyñ guludygyny, öz münýän "Ala-gula atynyñ" bolsa Tañrynyñ ýollan atydygyny aýdýar: "Gyrylmaz ganatly Gyzyldor at Tañrynyñ guly, atlanyp gitdigum Ala-gulam-da Tañrynyñ ýollan atydyr."[9] Agzalan eposyñ soñky bölümlerinde tañrylaryñ arasynda bolan bir gürrüñden "üç gulakly Ala-gula atyñ" ýedi tañrynyñ iñ kiçisi tarapyndan ýaradylandygy aýdylýar: "- Üç gulakly Ala-gula aty, Kim ýaradyp dogurtdy? - Bu duran Aý-Huujyny, Kim meýdana getirdi? Ýedi tañrynyñ körpesi: - Men ýaratdym- diýenmiş. Ýaradyjylar şol ýerde özara goh edenmiş. - Ýaýlyp duran ýer ýüzünde, Ýaratdygym dine ikidir: Üç gulakly Ala-gula aty, Aý-Huujyny ýaratdym Sizler alty ýaradyjy, Parlak gögüñ astynda Ýaratmadyk zadyñyz ýok, Gymyldaýan janly-jandar, Hemmesini ýaratdyñyz. Meniñ ýaratdygym iki gözeli Maña neçüýn köp görýäñiz?"[10] "Ak-öleñ" we "Gyr-öleñ" eposlarynda dokuz tañrynyñ ýaradan "Ak ganatly küren atynyñ" ýaradylma sebäbiniñ ýeke-täk Tañrynyñ ýaradan "Aranjula ak-gyzyl aty" bilen ýaryşdyrmagyny görmek bolýar. Altyn-Ergek bir gün ýurduna dolanabda Altyn-Daş kaganyñ ýanyna barýar. Altyn-Daş Altyn-Ergekden "Aranjula ak-gyzyl aty" özüne bermegi soraýar. Emma Altyn Ergek atyny bermekden ýüz dönderýär. Şonuñ üçinem Altyn Daş içgi verip Altyn Ergegi serhoş edýär we atyny alýar. Soñam dokuz ýaradanyñ "Ak ganatly Küren aty" bilen ýaryşdyrmaga äkidýär. Ýaryş gidip durka "Ak-gyzyl at" "Küren atyñ" ýeñsesinden dişläp öldürýär: "Ak-gyzyl aty ätiýaja aldy-da Çykdy-da gidiberdi, Gidiberdi, gidiberdi. Ýedi gögüñ düýbüne geçdi. Dokuz tañry bardy ol ýerde Täk Ýaradanam şol ýerdedi. Ak ganatly Küren aty Dokuz tañry ýaradypdy, Aranjula bedew bilen Ýaryşmaga ýaradypdylar. Bir Tañrynyñ ýaratdygy, Aranjula ak-gyzyl at. Altyndaş hem jedelleşen Çapyşyga atyn goýup. Bäsleşdirip iki aty Syn etdiler söýüp-söýüp. Geçip ýüz gögüñ astyndan Pellehana ýetişmekdi. Säher bilen ýüwren atlar Agşama çen çapyşjakdy.[11] "Kagan-Kes" eposynda gahrymanyñ aýaly Altyn-Suçy Kagan-Kese münýän "Gan-al atyny" gamçylamazlygy, eger gamçy çalsa başyna uly bela-beterleriñ injekdigini duýdurýar. Sebäni Kagan-Kesiñ münýän "Gan-al aty" Tañry tarapyndan gamçylanmajak şekilde ýaradylanmyş: "Altyn otagyndan çykyp gan-al atyna mündi. Atyna münende Altyn-Suçy merdiwanda duran ýerinde şeýle diýdi: - Başdaşym Kagan-Kes, pendimi alsañ bir söz aýdaýyn! Kagan-Kes jogap berdi: - Aýt, näme sözüñ bar bolsa? Altyn Suçy şeýle diýdi: - Aýagyñ aşagyndaky gan-al atyñy Tañry ýaratdy, özem gamçylanmaz ýaly edip. Hernäçe gyssanmajam bolsañ gamçylaýma. Gan-al ata gamçy ursañ uly bela-beter başymyzdan iner. Muny duýan Kagan-Kes: - Şeýlekin gamçy degirmäge dözülmejek bedew atyma näme üçin uraýyn!" - diýip jogap beripdir.[12]] ________________________________ [1] Jaferogly, 1953: 201-212. [2] Kemaleddin Demiri, 2001: 60. [3] Jaferogly, 1953: 201-212. [4] Jargystaý, 1995: 306-311. ]5] Karadawut, 2010: 71-80. [6] Tawkul, 2007: 196-205. [7] Düzgün 2007: 718. [8] AHUD s. 479. [9] AHUD s. 479. [10] AHUD s. 615. [11] AÖD s. 225. [12] KKED s. 392. Kaba ALY, Ahy Ewran uniserstitetiniñ sosial ylymlar instituty. # "Altaý, tuwa, hakas we şor dessanlarynda at motiwine degişli seljermeler". Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |