10:13 Suzan Sözen, onuñ ömri we döredijiligi | |
SUZAN SÖZEN, ONUÑ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI
Edebi makalalar
• "Maña o günler - özüm ärli-de bolsam, är-aýallyk oýnuny oýnaýan ýaly bolup görünýärdi" diýen we heniz on ýedi ýaşyndaka romany çapdan çykan zenan ýazyjy Suzan Werdi-Sözen hakynda “Suzan” pars sözüdir we “ýakan, ýakyp-ýandyryjy, ýanan, ataşly, joşgunly” manysyny berýär. Durmuşa çykandan soñ Werdi-Sözen familiýasyny alan Suzan kakasy türk, ejesi rus bolan maşgalada dünýä inipdir. Suzan 1969-njy ýylda maşgalasy hakynda şu aşakdaky maglumatlary beripdir: “Ejem polşaly. Asly polýak nesilşalygyna çenli uzaýar. Ejemiñ garry atasy birmahallar Kaliforniýa göçüpdir. Şol ýerde altyn gözleýji bolup işläpdir. Ummasyz pul gazanypdyr. Soñam bakyýete göçüpdir. Yzynda bir ogly galypdyr. Wagtyñ geçmegi bilen oglam yzynda tegelek on dört million dollar miras galdyryp dünýäden göçüpdir. Atamyz Tadeus Stolkowskiniñ ejemden başga mirasdüşeri bolmandyr. Sorap-idäp bizi tapypdyrlar. Ejem Aýşe Galibe Baýaryñ wekilçiligi üçin Amerikada bir aklawjy bilen gürleşdik. Şu ýyl işlerimiz ugruna bolaýjak ýaly. Ýakynda pulumyzyñ bize gelip gowuşjagyny aýtdylar. Garaşýarys." Öñki premýer-ministrlerden Adnan Menderesiñ jogapkärçilige çekilen sudunda, 1960-njy ýylyñ 3-nji noýabrynda bolup geçen suduñ nobatdaky mejlisinde Adnan Menderes bilen sudýanyñ arasynda bolan sorag-jogap gürrüñdeşliginde Suzan Sözen we onuñ maşgalasy hakynda şeýleräk maglumatlar geçipdi: “Sowal: …Suzan Sözeni tanaýarsyñyzmy? Ony haçandan bäri tanaýarsyñyz we onuñ asly nireli? Jogap: Bilşiñiz ýaly, ýagny, kakasy türk, ejesi polşaly. Sowal: Rus? Jogap: Hut şeýle. Sowal: Galina. Mama Galina ejesimi? Jogap: Hut şeýle. Sowal: Moskwada ýaşapdyr, şol ýerde okapdyr, terbiýelenipdir, ýagny asly moskwaly. Türkiýä gelipdir we soñ ýene... Ejesiniñ şeýlekin golastynda we täsirinde bolan gyzyñ daşary ýurtlaryñ gizlin gulluklary bilen aragatnaşygynyñ bardygyna garamazdan, size-de haýran galýan zadym, şol wagtlar bu zenanyñ kese ýerli gizlin gulluklar bilen gatnaşykdaky biridigi barada duýduran bolmadymy? Gynanýaryn, hakykatdanam gynanýaryn. Ýagny neçüýn gürrüñimizi şuña gönükdirdik. Soragyma dogry düşünýän bolsañyz gerek..." Suzan Sözen bäş gyz çaganyñ iñ ulusydy. Ol bu barada şeýle diýýär: "Menden kiçi dört gyz jigim bar. Sallançaklaryny üwredim. Çaga bolan höwesimi jigilerimden aldym." Notterdam De Sionda (Stambuluñ Şişli raýonyndaky fransuz liseýi) okady. Uçursyz owadan zenan bolan Suzan Sözeniñ pökgeripjik duran dodaklary, derek ýaly uzyn boýy, inçe bili, gañtarylyp duran ýumry sagrysy bolupdyr. On ýaşyndaka telekeçi Nežat Werdä durmuşa çykýar. 1950-nji ýyllarda Notterdam de Sionda okap ýörkä roman ýazan başga-da bir ýaş gyz bardy. Ol ýaş talyba Oýa Baýdar diýýärdiler. Notterdam De Sionyñ iñ soñky kursunda okaýan Oýa Baýdaryñ "Göwnümiñ isleýän erkegi" (“Kalbimin Aradığı Erkek”) atly romany "Hürriyet" gazetiniñ 1959-njy ýyldaky sanlarynda çap edilende Oýa Baýdaryñ garşysyna ýokary okuw jaýynyñ adminstrasiýasy tarapyndan temmi çäresi görlüpdi. Oýa Baýdar "Göwnümiñ isleýän erkegi" romanyny gazetde çap edilmäge başlanmanka iki ýyl öñ - on ýedi ýaşyndaka ýazypdy. Romandan bir parçada şeýle jümleler geçýär: "Akja gijeköýnegiñ astyndaky teniñ ýalañaçdygyny Suat şobada duýdy. Aýşiniñ buýr-bulaşyk uzyn goñras saçlary Suadyñ döşüniñ üstüne dökülipdi. Suat saçlary gana-gana öpdi, soñra ot-ýalyn çabraýan dodaklaryny Aýşiniñ ýüzünde sojap-sojap gezdirmäge başlady." Notterdam De Sionyñ uçurumy Suzan Sözen 1970-njy ýylyñ ýanwar ýynda çap edilen bir çykyşynda Nežat Werdi bilen nikasy barada şulary aýdypdy: [i]“Bu meniñ üçin Ispaniýada şatolaryñ gurlan ýaşy bolmandy... On ýedi ýaşymda işewür Nežat Werdä durmuşa çykdym. Bäş gyz doganyñ iñ ulusy mendim. Beýleki jigilerimiñ nobaty çalt ýetsin diýip meni ir durmuşa çykardylar. Duýguçyldym we hyýalbentdim. Ärimiñ iş sebäpli durmuşa çykan ilkinji ýylymda Harputa gitdik. Şähri birlaý aýlanyp çykamsoñ, onuñ täsiri bilen bilen bir roman ýazdym. "Rahika" adyny beren bu romanym Harputda adamsyny Plewne urşuna iberen we çagalary bilen ýeke galan bir aýalyñ hasratly başdan geçirmeleri baradady. Iññän duýguçyllyk bilen ýazylan roman ýazýarkam ilki meniñ özümi, soñra okyjylarymy agladypdy. Bu ilkinji romanymy "Patma Esen" tahallusyny ulanyp çap etdiripdim. Emma ýolda-yzda biri maña ünslüräk seredäýse dagy, şobada öz-özüme "Meni tanadylar, şonuñ üçin seredýärler" diýerdim. Hemmeleriñ meni tanap, götergilemeklerini, "ýaşajyk gyz roman ýazaýypdyr" diýmeklerini isleýärdim. Durmuş maña şo wagtlar hiç gutarmajak ýaly uzyn görünýärdi. "Kyrk ýaşyma ýeten günüm hökman öz janyma kast ederin" diýýärdim. Çünki meniñ pikrimçe, kyrk ýaş zenan durmuşynyñ gutarýan ýeridi. Indi adam pahyr diñe güläýmese diýýän, bu samsyklaç çaga düşünjeli pikirlere. Häzir menden "Zenanyñ iñ gözel, iñ hezil döwri haçan?" diýip sorasalar, ikirjiñlenmän "Kyrk ýaş!" diýip jogap bererin. Çünki zenan özüniñ iñ dogry we kesgitli kararlaryna şol ýaşda gelýär. Bolup geçýän zatlary we adamlary tarap tutman tanap bilýär we ýalñyşmaýar. Harputda bir aýlap çadyrda ýaşamyzsoñ Stambula dolandyk. Öý goşlarymy öz elim bilen düzdüm. Taksimde oturýardyk. Maşgalam takwa we dine yhlasly ýerdi. Hemme zady ärimiñ öýünde gördüm. Ýanýoldaşym uly telekeçileriñ biridi, işden ýadaw gelerdi. Günuzyn fransuz dilindäki nahar taýýarlamagyñ usullaryny öwredýän kitaplary waraklap, şamlyk üçin dürli naharlary bişirýärdim. Maña o günler - özüm ärli-de bolsam, är-aýallyk oýnuny oýnaýan ýaly bolup görünýärdi. Bir ýandanam ýazasym gelýärdi. Notterdam De Sionyñ uçurymy bolamsoñ, köp okaýardym. "Uly ýazyjy bolup ýetişerin" diýýärdim. Hernä, bu hyýalbentlik bilen geçen günlerimiñ başga bir real tarapy bardy, ýaş çatynjakam bir roman ýazypdym we muña gyzyklanma bildirenlerem az-uçuk bolmandy." (Harput Elazigiñ merkezi raýonyna garaşly etrapça). • "ŞOL ÝYL AMERIKA GIDIPDIK. YLLA, JENNET GAPYLARYNY GIÑDEN AÇYP, IÇINE-DE MEN GIREN ÝALYDYM" Suzan on ýedi ýaşyndaka işewür Nežat Werdi bilen nikasynyñ geçen soñky gyzykly ýyllaryny şeýle beýan edipdi: "Şol ýyl Amerika gidipdik. Ylla, jennet gapylaryny açyp, içine-de men giren ýalydym. Ärimiñ bar wagty iş saparlary we ýygnaklar bilen geçýärdi. Menem sergi dükanlaryny gezip günümi geçirýärdim. Ýöne şolar ýaly ösen medeniýetine garamazdan, ol ýeriñ maddylaşan adamlaryna öwrenşip bilmedim. Hemme zat meniñ üçin buz ýaly sowukdy. Özümi ullakan bir mähelläniñ içinde ýalñyz duýdum. Soñra bütin bu ýyllar yzda galdy. Durmuşymyñ ugry bütinleý başga bir ugra gönükdi. Bu gün geçmişi hiç ýatlasym gelenok, hususanam on ýedi ýaşymy. Çünki bagtly bolup bilmändim. Meniñ üçin on ýedi ýaş - ýaşyl we gülgüne reñklerden has beter, küljümek we mele reñkleriñ agdyklyk edýän döwrüdi". Suzan baradaky gep-gürrüñler dürli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, gazet-žurnallarda ýygy-ýygydan çykyp başlady. Mysal üçin 1960-njy ýylyñ 12-nji sentýabrynda çykan bir žurnalda şeýle diýilýärdi: "Aýtmaklaryna görä Suzan Sözen birinji äriniñ tanaýan birnäçe amerikan işewürleri bilen aragatnaşyk açanmyş. Şeýle-de Refik Koraltanyñ Suzan Sözene antikwarçy Krupiden sowgatlyk satyn alandygy-da aýdylýar". (Dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |