03:02

Şwedleriñ taryhy köki

Taryhy makalalar
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 585 | Добавил: Нawеran | Теги: Swen Lagerbring | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Bagabat  
43
"Nar beg ogullary" geň maglumat. Sag bol ýetireniňe. Diýmek, norwegler Ot begiň ogullary bolýar-da. Gyzykly.

0
2 Bagabat  
43
Bäh, şu mukaddesleşen gurt obrazy, möjek arhetipi, diňe bir gadymy türkmenlerde däl-de, gadymy dünýäniň halklarynyň aglaba köpüsinde bar. Hasam Ýewraziýanyň çäginde ýaşan halklaryň aglaba köpüsinde şu protoobraz has ýiti mukaddesleşdirilýär. Rimi esaslandyran Romul bilen Remi emdiren tişi möjek, Bozgurt (Aşina) kowumynyň nesilbaşysy Arslan hanyň enesi Bozgurt, Oguz dessanlaryndaky möjegiň obrazy, slawýan mifologiýasynda, skandinaw, gall, hun, got mifologiýasynda, mongol-tatar mifologiýasynda möjegiň obrazy. Türkmenlerde hasam bu obraz halkyň aňastyaňyna düýpli ornaşypdyr. Möjek, gurt, böri, gurgun, gurat, gaýrat ýaly möjegiň dürli aňlatmalary bilen çagalaryny atlandyrmak türki halklaryň edäheti. Kordowanyň ady hem "Gurt oba". Gyzykly maglumat.

0
3 Bagabat  
43
Ýöne, näme üçindir Göroglyny geçi emen edip görkezilipdir. Ýa-da bu soňky yslam ulamalarynyň möjegi halamandyklary sebäpli, bagşylaryň edebi daşyndan aýlanyp geçmesimikä?!

0
4 Bagabat  
43
Gurt obasy hakynda makala bolsa, gowy iş. Işiň ugruna bolsun.

0
5 Bagabat  
43
Göroglynyň geçi emmegi bolsa, belkem, has soň sowet döwründe girizilen "çeperleşdirme" bolmagy-da mümkin. Edil, sowet döwründe Keminäni maý tapsa öz halypasy, uly iliň ýykylýan Äraly piriniň üstünden gülmäge dyrjaşyp ýören edilip görkezilmäge çalşylyşy ýaly.

0
6 Bagabat  
43
Menem bu şadessanda asylky görnüşinde şeýle boldumyka diýýärin. Sebäbi, birinjiden-ä böri halkyň milli aňyýetiniň özeninde otyr. Ikinjidenem hiç bir halkda-da hiç zatdan hiç zat döremeýär. Ýalňyz galyp, möjek emip ulalýan we soňra özüniň misgin düşen halkynyň alnyndan direýän gahryman biziň halkymyzyň ynanýan, eý görýän iň gadymy obrazlarynyň biri. Onsoň näme üçin, bu edebi usul ala-böle Görogla gezek gelende 180 gradus üýtgemelimiş? Şeýle hem geçi emip, gahryman bolnup ýetişilmegi Göroglynyň obrazynyň çeperçilik logikasyna (mantygyna)-da laýyk gelmeýär. Çünki Göroglynyň obrazyny emele getirýän galan hadysalaryň ählisi onuň möjek özenini açyp görkezýär. Atarman-çaparmanlyk, hilegärlik, gaýduwsyzlyk, maksadaokgunlylyk, agyz uranyny sypdyrmazlyk, aryny köýdürmezlik, öz gözegçilik edýän mülki üçin islendik güýçli garşydaş bilen başyny orta goýup garpyşmak we ş.m.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]