23:36 Şygryýet bossanynyñ bagbany | |
ŞYGYRÝET BOSSANYNYÑ BAGBANY
Edebi makalalar
Bu sözbaşy Türkmenistanyň halk ýazyjysy, filologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Nepesowyň döredijilik mertebesine kän bir laýyk gelmese-de, häzirlikçe, men şu sözbaşyny makul bildim. Meniň beýle diýmegimiň, özüne ýetesi sebäbi bar. Şu tomus günlerinde, ýagny 1-nji iýulda 70 ýaşy dolýan Öwezdurdy Nepesowyň döredijilik dünýäsini diňe bir şygyrýet ulgamyna däl-de, esasan 5 ugra bölse bolardy. Olaryň esasysy: 1-nji ulgam: şygyrýet ulgamydyr. Şahyryň şygyrýet ulgamyna onuň müňden gowrak goşgusy, on bäşden gowrak ululy-kiçili poemasy, beýleki şahyrana eserlerini goşmak bolar; Onuň döredijiliginiň 2-nji ulgamyna , onuň romanlarynyň 30-a goýalyny, powestleriň 15-den gowragyny, 100-den gowrak hekaýasyny goşmak bolar. Şahyryň döredijiliginiň ylym ulgamyna, onuň „B. Kerbabaýewiň döredijiliginde monumentallyk“ diýen temadaky kandidatlyk işini, “Türkmen taryhy prozasynyň poetikasy“ diýen temadan doktorlyk işini, şeýle at bilen çapdan çykan monografiýasyny, şeýle hem ylmy makalalarynyň 100-den gowragyny goşmak bolar. Öwezdurdy Nepesowyň döredijiliginiň dördünji ulgamyna, onuň publisistikasy, esasan hem onuň „Aşgabat - Moskwa“atly ýörişine bagyşlanylan“Çyn bedewler meýdanynda bellidir „ diýen şahyrana- kyssawy publisistik gndeligini we „Sowet Türkmenistany“ häzirki „Türkmenistan“ gazýetinde, „Edebiýat we sungat“ gazetlerinde, beýlek gazet-žurnallarda çap edilen ençeme publisistik makalasyny, oçerklerini goşmak bolar. Öwezdurdy Nepesowyň döredijilik ykbalynyň bäşinji ulgamy onuň durmuşynda azaplary bilen, halal zähmeti bilen emele getiren durmuş mekdebidir. Olar, esasan, ynsan hökmünde, özi howandarlyga, hemaýata mätäç mahalyndan başlap, şu günlerine çenli Watanymyza, ilimize-günümize eden ýagşylyklarydyr. Ine, men şu ýagdaýlaryň ählisini göz öňünde tutup, şularyň ählisini hasaba alyp,ol baradaky makalanyň „Şygyrýet bossanynyň bagbany“ diýen sözbaşa beýle bir laýyk gelmeýändigini aýdýaryn. Şeýle-de bolsa, bu ýazgyny şu at bilen galdyralyň . Sebäbi, Öwezdurdy Nepesowyň ömrüniň,ykbalynyň aglaba binýady - şahyranalykdyr! Muny onuň romanlaryny alsaň hem, publisistikasynda hem, ylmy- monografiýasynyň dil- çeperçiligi babatynda-da, görmek, duýmak bolýar. Onuň ilkinji „Uzak-uzak ýyllar“ romanyny ýatlajak okyjylar bu romanyň diliniň şahyranadygyny, alymlar bolsa bu romanynyň „şygyr-kyssasyndadygyny“ aýdarlar. Öwezdurdy Nepesowyň publisistikasy barada aýdanyňda ýekeje mysal getirip bolar.Onuň 1988-nji ýylda geçirilen „Aşgabat- Mokwa atly ýörüşine „ başdan aýagyna çenli gatnaşyp we şoňa bagyşlap ýazan „Çyn bedewler meýdanynda bellidir „atly gündelik-kitabyna, onuň “Türkmen badewi“, „Taýçanak“ „Gazak sährasy“, „Berýoza“, „Ogullaryma“,“Garazadyň oýlary“ýaly ençeme-ençeme gaty gowy goşgularynyň 62-siniň girizilendiginden çen tutubam aýdyp bolar. Aslynda, Öwezdurdy Nepesow 63 güne çeken bu atly ýörüşiň gündeliginiň her gününde diýen ýaly bir gowy goşgy ýazylyp, tutuşlygyna bu kitaby, şonuň bilen birlikde , tutuş atly ýötüşi şahyrana ýörüşe öwrüp bilipdir. Öwezdurdy Nepesowyň ylmy monografiýasynyň dili hem ylmy- şahyrana dil bilen ýazylypdyr diýilse dogry bolardy. „Aslynd-a Öwezdurdy Nepesowyň özi hem köçe bilen barýarka, synlasaň, şygyrýetden ýasalan bir üýtgeşik çemen ýaly bolup barýan ýalydyr!“ –diýýänler, megerem, dogry aýdýarlar. Indi , gepi kän bir uzaldyp oturman, Öwezdurdy Nepesowyň „şygyrýet bossanyna“ seýle çykalyň. Öwezdurdy Nepesowyň „Güýz“ diýen bir gowy goşgusy bar. Gürrüňi şondan başlaýyn.Şol goşgyny okap göreliň. Güýz. Ýaprak ýagar ýaplara, Daňyň demi goýalar, Jahyllykdan saplana, Agraslygyň oýanar. Gaýyp barýan guwlara, Hemra bolasyň geler. Çeşme seni boýlamaz, Derýa bolasyň geler. Güýz geler, bu rahat, Ýüregiň oda düşer. Dünýäden has ir giden, Dostlaryň ýada düşer. Öwezdurdy Nepesowyň şygyrlarynda, onuň tutuş şygyrýeti üçin bir häsiýetli ýagdaýy bellemek bolar. Ol ýagdaý şahyr özüniň her bir şygrynda tebigy, ter, näzik duýgynyň, tebigat gözelliklerine, millilik şerbetine, şeýle hem uly pelsepä ýugrup şol ýagdaýy duýdansyz bermek ýagdaýydyr. Bu ýagdaýy şahyryň her bir şygyrynda görüp bilýäris. Onuň „Çörek“ poemayndan ýekeje bendi alyp göreliň. Dialektikanyň hökmürowany, Onuň ähli ajy- süýjüsin dadan. Suwdan surat bolup, soň gelip-gelip, Ýere- suwa hökmün ýöreden Adam, Näzijek sümmüliň egninde otyr! Sahyryň bu döredijilik täri onuň baryp 1974-nji ýylda ýazan, şol döwürde okyjylara gowşan „Seni göresim gelýär!“ atly şygryndan başlap, onuň tutuş döredijiliginiň gönezlygy bolup galypdyr: Sygamok bu jahana, Gyş, tomus, güýz, bahara, Goşdy-da bir bahana, Seni göresim gelýär. Ýa-da: Bahar bilbilleriň zary, Geçip gitdi, sen gelmediň. Ak durnalar saňa sary, Göçüp gitdi, sen gelmediň... Sen gelersiň, gelersiň sen, Günler öňküden hem süýjär, Ýöne meniň ykbalymdan, Galarsyň öýdýärin gijä. „Sen gelmediň“. Öwezdurdy Nepesowyň şygyrýetiniň türkmen milliliginiň, türkmen tebigatynyň näzikden ajaýyp nagyşlaryny köp öwüşginli keşdeleridigini şu ýerde belläsimiz gelýär. Şahyryň „ Güz gijesi“ we „Aýly asman „ atly şygyrlaryndan bir bendi okap göreliň: Sen ,men hemem almaly güzer, Almalar şartyldap bagyny üzer, Hem-de sarç sülgünleri ürküzer. Güýz gijesi. Güýz gijesi“. Ýa-da: Ýorunjaly meýdana kowlan ak aty, Salýar häzir ýadyňa Aý juda gaty, Para- para bulutlaň,ýaňagy zerli, Misli Aý ýalkymyna eräp giderli. „Aýly gije“. ...Oturdym, oýa batdym, göwne gam geldi gerek, Ýok, maňa boş gussa däl,dünýäniň derdi gerek. Jahan şatlyk içinde, il başyn belent gördüm, Ownuk gussajyklaryň, düýbün biderek gördüm Bu şatlyk üçin,köpräk, köňülden çykmak gerek, Şatlygyň yzyndan däl, öňünden çykmak gerek. „Oturdym, oýa batdym“ „Suw seçeläp, Aý jemalyn ýuwar-da, Gyzlar çeşme suwna çaýkar küýzesin, Görüp gözelleriň näzeninligin, Alyslarda galan ýarym küýsedim. „Sumbar goşgusy“. „Keýpe gümra bolan çilimkeş ýaly, Gök tüsse goýberýär gara turbalar, Güýze burlan gara baglaň üstünden, Gaýyp barýar, kowçum-kowçum durnalar. Depäniň üstünde otyr gugaryp , Bag sakçysy ýaşan haýbatly telär, Möwrit goýup, geçip barýan güýz günün, Ýene-de azajyk saklasyň gelýär. „Güýz grawýurasy“. Öwezdurdy Nepesowyň „Sumbar goşgulary“ hem durşuna ter millilik, näzik duýga beslenen meňzetmeler ,gyrawly duýgulardygyny onuň Sumbar hakyndaky goşgularyny okan okyjylar aňandyrlar. Durşuna näziklik, ter duýgulara beslenen bu ajaýyp şygyrlary ýazan Öwezdurdy Nepesow 1947-nji ýylyň 1-nji iýulynda Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabynyň Gerkez oba Geňeşligine degişli Garaganly diýen obajykda Nepes hojanyň çopan maşgalasynda dünýä inýär. Öňem alty çagasyny aldyran Nepes aga, indi bujagaz ýedi aýlyjak, kemis doglan ogljygyny gözden - dilden goraglap, ogly tä sekiz ýaşaýança ony, çarwadan- çarwa äkidip, oba-da getirmändir.Bu ýagdaý bir tarapdan, oglanjygyň ilden-günden uzagrakda bolmagyna sebäp bolan bolsa, beýleki tarapdan körpeje oglanjygyň türkmen tebigatynyň näzik didaryndan ine-gana ganmagyna mümkinçilik döredipdir. Ýaşajyk Öwezdurdy çarwa durmuşyndan obalaryna gaýdyp gelende, onuň deň- duşlary mekdebe gatnap, hat- sowat öwrenip ýördi. Öwezdurdy mekdebe Magtymguly (öňki Garrygala) etrabynyň merkezindäki 1-nji orta mekdebiň 5-nji synpyndan başlaýar. Çünki olaryň obalarynda başlangyç mekdep diňe 3-nji synpa çenlidi.Oň obalaryndan gatnap okamak her näçe kynam bolsa, ol alaçsyzlyk bilen dözüp, okuwa gatnaýardy. Emma şol ýyllar onuň kakasyny-ejesini Gargyjak diýen ýere garawul edip iberýärler. Gargyjak bularyň obasyndan 15-20 kilometr uzaklykda, dag içindedi. Öýde Öwezdurdynyň ýeke özi galypdy.Ol şeýdip okuwyny ýene-de taşlamaly bolupdy. Şondan bir ýyl geçip geçmän, onuň kakasy ýogalypdy. Ejesi Ene daýza bolsa bursulýoz keseline sezewar bolup, keselhanadan öýe-de gelenokdy. Şeýdip, bu maşgala ýaşajyk Öwezdurdynyň gerdenine düşüp galypdy. Ýarawsyz ejesi,özünden başga iki kiçi doganyny eklemek azaby ýaş oglany aljyradyardy.Emma Öwezdurdy sygyrlaryny sagyp, etrap merkezindäki naharhana eltip tabşyryp, şoňa düşýänje haka , maşgalanyň güzeranyny dolandyrýardy. Gün agyrdy, girdeji ýokdy. Oglanjygyň il içinde, öý-öý aýlanyp süýt, gatyk satmagy, içeriniň keşigini göterip bilmeýärdi. Öwezdurdy Nepesowlar obalarynyň golaýyndaky Miwrçilik sowhozyna, ýakyn garyndaşlarynyň ýanyna göçüp barýarlar. Ol ýaşam bolsa ,bu sowhozda bagban, çopan , işçy, sakçy bolup işleýär. Şeýdibem maşgalany agyr günlerden sag-aman alyp çykýar. Doganlary doly däl orta mekdebi tamamlap, Aşgabada okuwa gaýdýar. Öwezdurdy hem jany bilen okajakdy. Emma ol ne ýazyp bilýärdi,ne-de okap. Ýöne bir gün bir ýagdaý bolýar. Öwezdurdyny öňki obalaryndaky mekdebe çagyrýarlar. Oňa mekdepdäki mugallymlar kömek etmek isleýändiklerini aýdýarlar. Şeýdibem ol sekizýyllyk mekdebi gutarandygy baradaky şadatnamaly bolýar. Şonda oňa mugallymlaryň biri:“Sen ýazyp- okap bir bilýäňmi?“diýip sowal beripdi. Emma ol „Ýok“ jogabyny alandan soň, „ Bu gaty möhüm resminamadyr, ony hiç kime görkezmegin. Ýöne wagty gelende, etrap merkezinde açylsa, traktorçylyk bolarmy, sürüjilik bolarmy, gatnap, okasaň, pil bilen işlemekden-ä ýeňilräk bolar saňa“diýipdi. Öwezdurdy bagda bagban bolup işledi ýördi. Şol ýylyň awgust aýynyň aýagynda onuň ýanyna deň-duş oglanlary hoşlaşmaga geldiler. „Biz Nebitdag ( häzirki Balkanabat ) şäherindäki 3-nji professional- tehniki uçiliä iki ýyllyk elektrik montýorçylyk okuwyna gidip barýarys. Gitseň-ä, ýöri. Bolmasa-da, sag bol!Hoşlaşal- geldik diýdiler. Öwezdurdy Nepesow resminamalaryny gyssagly düzedip, diýilýän okuwa gidýär. Ol okuw başlanansoň, şäheriň 9-njy agşamky işçi- ýaşlar mekdebibiň 9-njy synpyna hem gatnap başlaýar. Balkanabat şäherinde bolan iki ýylanda Öwezdurdy Nepesowyň ýaşaýyşa, durmuşa, okamaga bolan höwesiniň çeşmeleriniň gözi açylýar. Onuň kalbynyň töründe berç baglap ýatan şygyr alawy lowlap ýanýar. Ol täsinden - täsin goýgulary ýazyp başlaýar. Ýöne olary ýüreginde ytygsatman saklasa-da, hiç ýere hödürlemeýär. Ol 1965-nj ýylda uçilişäni tamamlap, Magtymguly etrabyna gaýdyp gelip, 1-nji orta mekdebiň 10-njy synpynda okap, orta mekdebi tamamlaýar. Şondan soň bir ýyllap öz obalarynda bagban bolup işläp, soň şol wagtky Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwesitetiiň türkmen fililogiýasy fakultatine okuwa girýär. Ol uniwesitetde okan döwründe bilimini kemsiz kämilleşdirip, öňki alyp bilmedik bilimlerini hem ele almaga çalyşýar. Uniwersitetiň gurluşyk toparyna gatnaşyp,tomus döwri Tejen şäher, Arçman kurorty ýaly ýerlere işlemäge gidýär. Onuň daşyndan, indi şygyrýet bilen has çynlakaý meşgullanýar. Onuň täsinden täsirli, näzik duýgulara baý goşgulary yzygyderli bolmasa-da, metbugatda seýregräk çap edilip başlaýar. Ol uniwersiteti 1972-nji ýylda tamamlaýar we aspirantura galdyrylýar. Emma nesibe ony aspirantura däl-de, şol wagtky „Sowet Türkmenistany“ gazýetinde işlemäge çekýär.Ol Oňa çenli „Türkmenistan „ neşirýatynda korrektor, Döwlet kitap palatasynda baş bibliograf bolup hem az- owlak işleýär. Ol „Türkmenistan“ gazetinde uly habarçy, „Ylym we medeniýet“, „Edebiýat we sungat“ bölümlerinde bölüm müdiri bolup işleýär. Ol „Aýdere“ poemasy, „Uzak-uzak ýyllar“ romany respublikan bäsleşiklerde uly baýraklara mynasyp blansoň „Garagum“ öňki,“Sowet edebiýaty“ žurnalyna jogapkär sekretar bolup işe geçýär. Ony şondan soň Türkmenistanyň Mejlisiniň bölümine, esasy hünärm bolmaga işe çagyrýarlar. Tiz wagtdan Türkmenistan Ýazyjylay guramasynyň nobatdaky gurultaýy bolup, ony bu guramanyň guramaçylyk sekretarlygyna saýlaýarlar. Şondan bir ýyl geçenden soň, 1992-nji ýylyň 17-nji martynda Öwezdurdy Nepesow Türkmenistanyň Prezident sowetiniň ylym-bilim, medeniýet, sungat işleri baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine ,soňra Türkmenistan ministrler kabinetiniň medeniýet we döredijilik işgärlerininiň işini dolandyrmak bölüminiň müdirligine işe çekilýär. Ol bu wezipede ýedi ýyla golaý işleýär. Şol döwürde „Uzak-uzak ýyllar“, „Pyragy“ , Jylawsyz sähra“ „Zyýarat“, „ Kyýamat magşara çenli“, Gyrnak“ romanlaryny onlarça goşgy, powest,poema ýazan Öwezdurdy Nepesow 1994-nji ýylda „Türkmenistanyň halk ýazyjysy“ diýen ada mynasyp bolýar. Ol 1996-njy ýylyň 6-njy iýulynda „ Türkmen taryhy prozasynyň poetikasy“ diýen temada jemagat öňünde doktorlyk dissertasyýasyny gorap, filologiýa ylymlarynyň doktorydiýen alymlyk derejesini alýar. Ol 1997-nji ýyldan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty we žurnalistika kafedrasyna professor bolup işe geçýär. Bu ýerde birnäçe wagt işläninden soň Türkmenistanyň Milli bilim institutyna professor bolup işe geçýär. Ol soň Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň düzümindäki institutlarda baş ylmy işgär bolup işleýär. Häzirki wagt hen TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň „Tekstologiýa „bölüminde baş ylmy işgär bolup zähmet çekýär. Öwezdurdy Nepesowyň şygyrýet dünýäsini ajaýyp-ajaýyp, poemalary, şyyrlary bezeýär. Şahyryň „Aýdere „ , „Agtyk“ poemalerynyň şahyrana filosofiki ruhy bir hörpden gopýar. Bu poemalar duýgy, tebigat, pelsepe oýlanmalarynyň bitewi paýhas täzeçilligine ýugrulmagydyr. Şahyr Öwezdurdy Nepesow„Aýdere „ poemasynda daşky we içiki ruhy filosofiýany ahlak we ynsap we edep gözellikleriniň akabasyna salyp, şol akabany ter hem tereň çeperçilik gözelliklerine beslenen gözel duýgy bilem bezeýän ajýyp kapyýalar bilen beýan edýär. Ol „Aýdere“ poemasynda „Aýdere jülgesini, ynsabyň we edebiň ,heniz , dem hem el degmedik ajaýyp simwoly hökmünde ykrar edip: „Adamlar, geliň „Aýderäniň“ bu päkize dünýäsini mydama päk, arassa saklalyň!“ diýen içki, ruhy waspyny şahyrana beýan edýär. Onuň „Agtyk“ poemasynda bolsa daşky hem-de içki, açyk we pynhan ruhy pelsepe gözelligi bilen okyjyny beýikedebe we şagsyýet kämilligine çagyrýar. Şahyryň „Agtyk „ finomeni- bu biziň geljegimizi dowam etjek geljekki nesiller!Ol Agtygynyň atalaryň syrly we parasatly dünýäsine düşünip, özlerini juda mukaddes, tämiz, çirksiz päkize saklap, ata- babalaryň akyldarlyk, merdanalyk, parsatlylyk mirasyny beýik geljege alyp gitmek baradaky şahyrana- pelsepewi duýgularyny okyja hödürleýär. Öwezdurdy Nepesowyň şahyrana bossanynda dürli-dürli gül- çemenleriň müşk –anbary bark urup dur.Şol bosssany sada dil bilen beýan etseň, söýgi hakyndaky, ene,ene toprak, tebigat, durmuşyň müň bir röwüşli ulgamlary, uruş, parahatçylyk,gözellik, syrdaş, ogul-gyz, erkin, sergin şemally, nurana geljek we beýleki şahyrana nagyşlardan düzülendir. Şahyr her bir şygryny kalbynyň, bagrynyň näzik demi bilen ýugrup, eýläp,özüniň ýüreginiň törüne salyp goýupdyr. Şahyr Öwezdurdy Nepesow Garaşsyz, baky Bitarap Watanyň dünýä derejesindäki beýik abraý mertebesine üýtgeşik guwanç, päkize buýsanç bilen ýaşaýar we bu barada : Oguzhandan başlap, şu güne çenli, Gören barmy beýle döwlet gurany, Arkadagyň umytlarnyň keremi Jana derman Awazanyň säheri. -ýaly ajaýyp-ajaýyp goşgulary, „Orak möwsümi“, Awazanyň säheri“ ýaly liriki poemalary, ençeme ýalkymly goşgulary düzdi,, ol şygyrlar hem bu gün aýdym bolup, halkymyzyň kalbyndan orun aldy. Öwezdurdy Nepesowyň „Eger hoşlaýmaly bolsa ...“ diýen goşgular çemeninde şeýle setirler bar: Bir gün hoşlaşmaly bolsa seniň owadan, Bossanlaryň bilen, galsa baglaryň ... Ýok, ýok, hoşlaşma ýok, biz ikimize, Ömür-baky seňki bolup galaryn- - diýip, özüniň bu eşretli durmuşa, eziz Watana baky baglydygyny beýan edýär. Hut şonuň üçin-de, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, filologiýa ylymlarynyň doktory, sözüň doly manysynda guýma-gursak şahyr Öwezdurdy Nepesowy, 70 ýaşynyň sapaly günlerinde bu ajaýyp, gül-gunçaly bossany bilen gutlap, oňa jan saglygyny we döredijilik rowaçlygyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Baýram TAGANOW, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |