08:39 Şygryýetde tuýugçylyk däbi | |
ŞYGRYÝETDE TUÝUGÇULYK DÄPLERI
Edebi makalalar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda edebiýatymyzy, sungatymyzy, medeniýetimizi ösdürmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen edebiýatynyň taryhynda yz galdyran eserler halkymyzyň milli baýlygydyr. Nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine ser salanyňda, özboluşly tärleriň ulanylandygyny, edebi öwrümleriň getirilendigini görmek bolýar. Şeýle tärleriň biri hem türki dilli edebiýata, hususan-da, türkmen edebiýatyna mahsus bolan goşgy düzülişiniň gadymy tuýug görnüşidir. Tuýug öz gözbaşyny irki orta asyrlardan alyp gaýdyp, edebiýatymyzda däbe öwrülipdir. Liriki şygyrlarda tuýugy ulanmagyň taryhy has gadymydyr. Goşgy düzmegiň bu görnüşi arap ýa-da pars şygryýetine-de mahsusdyr. Tuýug özüniň kapyýalaşyşy (a-a-b-a) we bir bentde gutarnykly pikiri beýan edýänligi taýdan rubaga meňzeşdir. Emma olaryň her biriniň özüne laýyk ölçegi bolýar. Tuýugda azyndan üç sany many aňladýan omonimleriň (sesdeş sözler) bolmagy zerurdyr. Ýöne dilde beýle sözler az bolandygy sebäpli, tuýug döretmek şahyrdan uly ussatlygy hem dilewarlygy talap edýär. Goşgy bendinde getirilýän omonimleriň manylary dürli-dürli bolmalydyr. Şonuň üçinem bu liriki žanra «tuýug» ýagny «duýmak» işliginiň gadymky görnüşi boýunça at berlipdir. Bu bolsa omonim kapyýalaryň manysyny duýmagy aňladypdyr. Şeýle kapyýalaryň — omonimleriň getirilmegi goşgynyň sazlaşygyny, ýakymlylygyny artdyrýar, täsirliligini güýçlendirýär. Galyberse-de, tuýug halk diliniň baýlygyny ýüze çykarýar, şygra aýratyn çeperçilik we kämil görnüş berýär. Dünýä edebiýatyna ser salanyňda, iňlis edebiýatyna mahsus bolan sonetleri ýa-da pars edebiýatyna mahsus bolan gazaly, abaý bendini görmek bolýar. Tuýuglar bolsa türkmen edebiýatynyň özboluşly edebi öwrümi bolmak bilen, diňe mazmun we görnüş babatda şygryýetimizi dünýä derejesine çykarýar. Orta asyrlar edebiýatynda Ahmet Burhaneddin Siwasly, Lutfy, Alyşir Nowaýy, Zahyreddin Babyr, Emiri ýaly ussatlarymyz döredijiliginde tuýugy işjeň ulanypdyrlar. Goşgy düzmegiň tuýug görnüşi türki halklaryň şahyrana pikirlenişiniň önümi bolandygy hakda belli gündogarşynas Ý.E.Bertels orta asyrda ýaşap geçen türkmen şahyry Burhaneddin Siwaslynyň döredijiligi barada pikir ýöredip şeýle diýýär: «Burhaneddin gazal bilen bir hatarda rubagy formasyny hem giňden peýdalanypdyr. Emma iň möhümi onuň bu nusgawy formalaryň hatarynda edebiýata Orta Aziýadaky halky forma bolan tuýugy — kapyýalary omonimlerden ybarat dörtlemäni girizmegidir» (J.Allakow «Edebiýat ylmyna giriş» 1992 ý.). Şundan ugur alsaň, tuýug žanryny ilki bolup poeziýa türkmen şahyry girizipdir. Siwaslynyň tuýuglary irki orta asyrlardan biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp şygyrlardyr. Orta asyrda ýaşan Emiri, Babyr, Nowaýy ýaly şahyrlar Siwaslydan täsirlenipdirler. Nowaýynyň tuýuglaryny okanyňda, onuň bu babatda ussatlyga ýetendigine göz ýetirýärsiň: Almany berdi ýar maňa, «al!» — diýdi, «Alma bilen sen göwnümi al» — diýdi. Men soramda almasynyň reňkini, «Soraşma, almanyň reňki al» — diýdi. Serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň «Alyna» goşgusy çeperçiligi, görnüşi taýdan şowly çykan tuýuglaryň hatarynda durýar: Şirin lebiň meňzär asala-ganda, Men senden aýrylyp, gideýin ganda (kanda)? Yşkyňda gark olmuş jigerim ganda, Ynanmasaň, bakgyl eşkim alyna. XX asyr edebiýatymyzda-da däbe öwrülen tuýug döretmek dowam edipdir. Bu döwürde şahyrlar Tagan Söhbetowyň, Ýylgaý Durdyýewiň, Ýagmyr Pirgulyýewiň döredijiliginde tuýuglara duşmak mümkin. Ý.Pirgulyýewiň aşakda getirilen bendinde «ýazyldy» diýen sözüň dürli manylarda ulanylyşyny getirip, tuýuga salmagy örän täsirli çykypdyr: Seýle çykdyň ýaşyl haly ýazyldy, Baýyr göwnüň açdy, öýkäň ýazyldy. Garlawajyň ganaty dek gaşlaryň, Çytylmasyn goýup, birden ýazyldy. Tuýugyň a-a-b-a görnüşde kapyýalaşmagy rubaga çalym etse, üç setirde sesdeş sözleriň getirilmegi ony rubagydan tapawutlandyrýan esasy aýratynlykdyr. Ýöne muňa seretmezden, tuýug şahyrlarymyzyň döredijiliginde «rubagy-tuýug» ady bilenem döredilipdir: Gybaty doga dek boýnuňdan asman, Geçip git ýüz bermän, gulagam asman. Gybat bir neşedir, saklangyn ýogsam, Zemin şerden dolar, şumlukdan asman. Edebiýatymyzda tuýuglar orta asyrlardan tä XX asyra çenli yşk-söýgi temasynda döredilen bolsa, XX asyrda tuýuglar durmuşyň dürli meselelerinden söz açýar. Bu döwürde tuýug goşgy düzüliş görnüşi taýdan hem üýtgeşmelere sezewar bolupdyr. Sebäbi XX asyr şahyrlarynyň döreden tuýuglarynyň içinde iki setirden ybarat bolan bentlere (kelte tuýuglar) hem gabat gelinýär: Seň daşyňdan aýlanaýyn ýüz gezek, Aşyklara diňe güler ýüz gerek. Ýa-da Getirdiň gök jamda ýagly dograma, Sallanjyrap jiger-bagrym dograma. Garaşsyzlyk ýyllarynyň edebiýatynda tema we mazmun bütinleý täze häsiýete eýe boldy. Edebiýatyň dürli žanrlarynda bolşy ýaly, şygryýetde hem ýurtda bolýan syýasy, ykdysady, medeni özgertmeleriň netijesinde döwür bilen bagly temalar ýüze çykdy, türkmen şygryýetiniň örüsi giňedi. Tuýug ýazan şahyrlardan Amandurdy Annadurdyýewi, Döwletgeldi Annamyradowy, Nurýagdy Seýitliýewi, Aşyr Baýryýewi, Begenç Baýnepesowy, Täçmämmet Nazarowy, Amanmyrat Kakabaýewi, Aýgül Pirliýewany görkezmek bolar. Döredilen tuýuglaryň esasy temasy Garaşsyz Diýarymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän, şeýle-de durmuş, dünýä, yşk-söýgi hakyndaky tuýuglardyr. Enegül ŞALLYÝEWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty. «Edebiýat we sungat» gazeti, 19.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |