16:18 "Şygryýetiñ täze tolkuny" tankydy makalasyna tankydy syn | |
Makala... dogrusy meniñ-ä mañzyma batmady. Munuñ birnäçe sebäpleri bar. (Awtoryñ ýokuş gormejegne ynanýan). Düşündirmäge synanşaýyn: birinjiden, makalada edebi-çeper monopoliýalaşmagyñ ysy duýulýar. Bir-iki-üç şahyrdan mysal alyp, tutuş häzirki zaman ýaşlarynyñ döredijiligine baha berip bolmaz. (Eger alynýan bolsa, onda makalanyñ awtorynda tarapgöýlikli hantamaçylyk barmyka diýen betgümançylykly pikiri okyjyda döretmegi ahmal). Çünki edebiýatyñ, poeziýamyzyñ şu günki ýagdaýy, problemalary we ösüş ugry üç-bäş şahyryñ döredijiliginden ybarat däl. Elbetde bir gazet makalasynyñ çäginde (makala geçen 2017-nji ýylda "Edebiýat we Sungat" gazetinde "Türkmeniñ Altyn asyry" bäsleşigine hödürlenen) bu mümkinem däl, baha bermek üçin tutumly edebi seljerme işlerini geçirmek gerek, ol bolsa agramly bir kitaba ýük boljak zähmet talap edýär. Tankydymyzyñ häzirki ýagdaýy b.n munuñ haçan mümkin boljagyna bil baglamagam kyn. Makala, hatda atlary getirilen awtorlaryñ döredijiligi babatda-da ýüzleý mysallary getiripdir. Bir-iki goşgy bilen, ýa-da bir-iki goşgudan getirilen bir-iki setir b.n şahyryñ döredijiligine tutuş baha berip bolmajagy belli. Emma makalada ady agzalan ýaş şahyrlara bu baha berilýär. Iñ bolmanda makalany okajaklar üçin mysal alynan goşgy dolulygyna getirilen bolsa, makalada gelinen ahyrky netije has aýdyñ we düşnükli bolardy. Belki-de makalada ady tutulýan ýaş awtorlar baha berlişinden has ýokardadyr, belki makalada berlen bahasyna asla mynasybam däldir?.. Goý, okyjy hem öz pikirini aýtsyn. Häzirki zaman okyjysy birwagtky okyjylar ýaly eline berlen kitapdyr gazet-žurnaly okap dynjak okyjy däl. Talapkär. Talapkärlikden zyýada diñe gazet-žurnal ýa kitap ýok indi elýeterimizde. Telekanallar, internet.. daşary ýurt edebiýatynyñ aralaşýan liniýalary kän, ýeterlik derejede okyjy gatlagy hem bar. Hut şonuñ üçinem özýetimi giñ okyjynyñ hem dogry tankydy belligi etmäge ukyplydygyny ýatdan çykarmaly däl.
Edebi tankyt
Hazirki wagtda poeziýamyza tankydy syn berilende mysaly hatda tutuş turkmen edebiýaty, ýaşlaryñ ählisi babatda alanda-da ýüzleý bolsa gerek. Sebäbi, hazirki dorediji ýaşlaryñ milli edebiyatdan ötri daşardan has kop tasirlenyandigi belli. Kimde rus edebiyatynyñ yzlary bar, kimde türk edebiyatynyñ täsiri bar, kimde ýok... Bu örän çuññur barlaglary talap edýär. Munuñ üçin daşary yurt edebiyatyny hem yeterlik derejede, hatda has kop derejede bilmek gerek. Bu bolsa başgalary gaýtalamagyñ, hatda biri-birimizi gaýtalamagyñ öñüne böwet basmak üçin juda bähbitli işdir. Hawa, Bayram aga az mysalam getirmändir, emma mysallar kone edebiyatçylarymyzyñ mysal getiryan hemmamize tanyş atlary (Gomer, Magtymguly, Lermontow, Mayakowskiý..) dunya edebiyaty bu läheñleriñ iñ soñkusyndan bärem ençeme prosesleri başdan geçirdi, ondan bäri bu meydandan kimler geçmedi.. Dünya edebiyaty nijeme Boris Pasternaklary, Nazym Hikmetleri, Luis Aragonlary, Çarlz Bukowskileri, Ezra Poundlary... gördi. Indi koplere bu klassyklardan has köp XX asyryñ ikinji yarymyndan bardäki edebiyat tanyş... Ýaşlaryñ ählisine tankydy baha bermek gerek. Hiç kim edebi tankydyñ daşynda galmasyn. Sebäbi hiç kimem añrybaş derejede kämil eser döredenok. Hatda "Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy" diýen ady göterýänler hem. Käbir ýerde öte geçmeleriñ, "kesekleşmeleriñ" bardygyny hasaba almasak, geçen asyryñ segseninji ýyllarynda tankyt hiç kimden ýüz görüp duranokdy. Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaynazarow, Gylyç Kulyýew ýaly halkyñ ykrar eden ýazyjy-şahyrlary hem tankytdan "aman" galmandyr. Makalanyñ üstünlikli tarapy: Elbetde, häzir ýaşlaryñ döredijiligine syn berilmeýär diýen ýaly. Netijede "suw getirenem bir, küýze döwenem" bolýan yerleri gaty kän. Şonuñ üçin makala tankyt žanrynyñ ilerlemegine azajygam bolsa gatanç bolar diyen umyt b.n okyjylara yetirdik. Makalada edilen ylmy analizleri görmezden geçmek adalatsyzlyk bolardy. Edilen bellikler dogry. Azajygam bolsa mahabatlandyrma suwy çaýylandygy duýulýandygyna garamazdan, bu tankydy syn hemme babatdan tankydy makalanyñ kriteriýalaryna gabat gelýär. Bellikler intelletual añ-düşünjeli awtoryñ hiç hili degnasyna degenok, kemsidenok. Ýerlikli bellikleri edýär, degerli maslahatlary berýär. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan indiwidiñ añynda hemişe bir pikiriñ bolmagy gerek: Hala gowy eser ýaz, hala pes.. Näme ýazsañam, ahyrynda ýazan zadyña wagt baha berýär, okyjy baha berýär, edebiýat baha berýär. Geçen XIX asyryñ ahyrlarny ýada salyñ. Iñ soñky klassyk Annagylyç Mätäjiden soñ klassyk şahyr derejesine göterlen şahyr galmady. Belli şahyrymyz Baýram Jütdi aýtmyşlaýyn, Tilkiçi ýaly şahyra "Heýhat gününde ýeke "Aýan göründini" ýazmagam ýeterlikdir" welin, umuman, aýtjak bolýan zadymyz: hernäçe pese gaçanam bolsa, XIX asyryñ ahyrynyñ - XX asyryñ başlarynyñ turkmen edebiyaty öz döwrüniñ edebiýaty hökmunde owrenilýär, seljerilýär, baha berilýär. ("Güldesse", "Arzuw" antologiýalaryny ýada salyñ). Diýmek, haçanam bolsa bir wagt şu döwrüñ edebiýatyna-da baha berler. Çäç harpykdan saýlanar. Öñem bir şahyryñ aýdyşy ýaly: "Tankyt gözel gyz däl, ony hiç kim söýenok". Şeýle-de bolsa, hiç kime tankyt topuna tutularyn diýip ynjalykdan gaçmagyñ, ýazan zadyma mynasyp baha berlenok diýip ruhdan düşmegiñ hiç hili zerurlygy-da ýok. @Kitapçy | |
|
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |