23:43 Sylag / ýumoreska | |
SYLAG
Satiriki hekaýalar
Beglerowyň gapysynda oturýan gyz direktoryň kabinetine gelmelidigini bölüm naçalniklerine aýdyp çykdy. Çagyrylanlar garaşdyrman geldiler. Direktor olary egläp oturmazlyk niýeti bilen diýjek-goýjak züatlaryny aýdyp ugrady: - Meň zähmet rugsadyna gidýänim-ä hemmäňiz bilýäňiz. Bilýäs diýen terzde naçalnikler baş atdylar. - Ýene öten ýylky ýerimde, golaýjakda dynçý aljagymam eşidensiňiz? Naçalnikler baş atdylar. - Geçen ýyl dynç alamda golaýda bolsamam biriňem habar tutmadyňyz. Yzyňdan barylmasa, halyňdan habar alynmasa beýlekileriň ýanynda kemsinýäň. Sizem şoň ýaly bolsa halaýan dälsiňiz? Naçalnikler baş atdylar. "Bularyň häzirki hörpä erbet däl" diýip, içinden pikir öwren Beglerow ýene naçalnikerine ýüzlenip: - Bu ýyl beri beýtmäň, gezekli-gezegine her haýsyň ýeke sapar baryp gaýtsaňyz meniň dynç almaly möhletim gutarýar - diýdi. Naçalnikler baş atman, tykyraşyp ugradylar. Ýene Beglerowyň özi gürledi: - Siz gökden düşen ýaly bolup oturmaň, yzymdan baraňyzda oduk-buduk elteriňiz ýaly, her haýsyňa azda-kände pul emlejek. Siz ýaltanman barsaňyz bor. Maňa abraý gerek. Ýeri, nähili görýäňiz? Baryp bilermisiňiz? Naçalnikler baş atdylar. Şondan soň Beglerow bölüm naçalnikleriniň dördüsini-de ýüz manatdan pul sylagyny ýazdy. Rahman ÖWEZOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 28.01.1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |