20:00 Eşitdim-eşitmediň diýmäň! / ýumoreska | |
EŞITMEDIM-EŞITMEDIM DIÝMÄŇ!
Satiriki hekaýalar
- Niredir bi? - Ýaşaýyş jaý ulanyş uçastogy. - Maňa öý uprawleniýesi gerekdi. - Şol-da şü. Ýöne täzelikde ady üýtgedi. - Hernä iş bitirişem üýtgän bolaýbilsedir. - Aýdyberiň ýumşuňyzy? - Aýtsam daýza, sanuzeliň suw gelýän ýerindäki rezin turba bar-a... Ýogynlygy injik ýaly, uzynlygam bir sere... - Hawa, hawa... - Ana, şol deşilipdir, suw damyp, öýi yzgarlanyp dur. Şony çalşyryp beräýmesiňiz-ä boljak däl. - Wah, çalşyrmasy hiç-le welin, ýöne şoň ýaly turba bizde ýok-da. Hojalyk magazinini görüň. Şonda satlygy bolmagy mümkin. Eger tapaýsaňyz habar ediň, slesar iberer-de, derrew oturdaýarys. - Magazinde-de ýok-da, krandyr sanuzeliň zapas şaýlary gelenok diýýäler. Ýogsam, on dagy baryp gaýtdym-la men. - Be, nätsekkäk onda?! Oba magazinlerinde bolaýmagy ähtimal. Bagyra, Köşä dagy bir aýlanyp görüň. Belki... - Golaý-goltumda magazin bolsa görüp çykdym. haýsyna barsaň "bizde ýok" bolup dur. - Şeýlemi?.. Nätmeli borka onda? - Onçasyny özüňiz bilmeli. jaý pulun-a alýaňyz, bejermegem siziň borjuňyz. - Borjumyz-la welin, bizde şoň ýaly rezin turba ýok-da. Siz meň bilen ýaňka-ýaňka edişip durman, täze jaý gurýanlaň ýanyna giden bolsaňyz bireýýäm tapardyňyz şol turbany. - Siz ogurlyk etmäni maslahat berýäňiz-dä onda? - Il-ä gidip getirip dur, zerur bolsa dagy nätjek. Her ediň, hesip ediň, şol turbany tapyň. Eger biagyrylyk edip, jaýa zeper ýetiräýseňiz, jerime tölederis. Soň eşitdim-eşitmedim diýmäň! Rahman ÖWEZOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 28.01.1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |