23:09 Synag / ýumoreska | |
SYNAG
Satiriki hekaýalar
Başlygyň gyssagly çagyrýandygy baradaky habar onuň iki orunbasaryna-da deň ýetirildi. Orunbasarlar gapydan gireninden başlygyň telefony jyňňyrdady. Hojaýyn olara oturyň diýen yşarat etdi-de, telefony göterip, gepleşmäge durdy. Näme üçin çagyrylandygynyň magadyna ýetjek bolup, içini it ýyrtyp barýan birinji orunbasaryň beýnisi alasarmyk pikirden doldy. "Beh, daň bilen ýöneige-hä beýtmez. Bir emmasy-ha bardyr... Dur-la, ýa düýn günortadan soň zerur işim bar diýip rugsat alyp, soňam dostlam bilen oturyşanymy garşymdaky eşidip, şugullaýdymyka? Şu deýýusdan her haýsyna garaşaýmalydyr... Nätseňem, atymy oka beräýmen..." Bu mahal ikinji orunbasaryň hem beýnisi aryň öýjügine dönüpdi. Olam edil çüýüň üstünde oturan ýalydy: "Başlygyň ýüzi hyýrsyz görünýä welin, hernä niýeti düzüw bolawersin. Ýa biri ýamanlaýdymyka? Belki, garşymdaky ülhit öz ornundan gokrup, daşyma tor gurap ýörendir. Bilýän, özünden ökde bolamsoň, şeýdip, aýagymyň aşagyny gazýandyr. Düýn oň ýüzünem alaýypdym-da... Hany, göreli bakaly, menem-ä senden pes oturaýman..." Şol mahalam başlyk trubkany ýerinde goýup, orunbasarlaryna garady-da, köp manyly gürledi: - Sizi köp saklap, wagtyňyzy alyp oturjak däl. Ikiňizden biriňizi sylaga hödürlemeli edildi. Öňürti özüňiz bilen geňeşeýin diýdim-dä... Hany, gürläp oturyň. Haýsyňyzy sylaga hödürlesek oňat boljak? Goşa ses kabineti ýaňlandyryp gitdi. - Meni! Meret GYLYJOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 28,01.1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||