22:06 Syrly köpri | |
SYRLY KÖPRI
Geň-taňsy wakalar
''The Overtuon'' köprüsi Şotlandiýanyñ Milton diýilýän ýerinde 1859-njy ýylda gurulan köpri. Bu köprini dünýä belli eden zat bolsa düşündirip bolmajak syrly zatlaryñ bolup geçmegidi. Bu köprüden itler özlerini oklap ölýärler. Ilkinji wakalar köpri gurulup tamamlananyndan soñ 1960-njy ýyldan soñ başlanýar. ''Lessie'' jynsyndan bolan itleriñ hemmesi bu köprüden özlerini oklap ölüpdirler. Özem köprüniñ gyrasynda gorag berkitmesi hem bardy. Şoña-da boýy ýetmeýän itler özlerini nädip okladylarka. It ilki şol gorag berkitmesine münüp soñ oklaýar eken. Göýä aşakda bir hezillik bar ýaly. Itler özlerini gaty höwesli oklayardylar. Birnäçe gezek diri galan itlerem bolupdyr, ýöne soñ diri galan galanlaram ahyr ýene şol köprüden böküp heläk bolupdyrlar. Geñ ýeri hem itler köprüniñ şol bir tarapyndan, şol bir ýerinden bökýärdiler. Kä adamlar bu köprüniñ ruhlydygyna ynanypdyrlar. Emma 1994-nji ýylda şol köprüden bir adam ilki elindäki bäbegini aşak zyñypdyr, soñam özüni oklapdyr. Bu waka dogrusynda syn ýazylmandyr. Ýöne şol adamyñ öz bäbegini oklandygy ynandyryjy däl. Mümkin elinden gaçyrandyr. Elindäki bäbegini diñe kem akyl ýa-da däli adamlar oklaýmasa. Käbir adamlar bolsa bu köprä ''Syrat köprüsi'' diýibem pikir edýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||