16:30 Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan | |
SYÝAHATÇYNYŇ NUKDAÝNAZARYNDAN
Ýol ýazgylary
Syýahat maňa çagalygymy ýatladýar. Her gezen ýerim çagalykda oýnap, gülüp, käýarym gözümiň ýaşyny sylyp duran pursatlaryma bedreläp suw sepýär. Hemme zady görjek, datjak, biljek bolup dyrjaşýan çagalygym ýadyma düşýär. Dört çaganyň iň ulusy bolanym üçin, özümde uly jogapkärçiligiň bardygyny duýýardym. Ulaldygymça öz etsem-petsemlerimi amala aşyrmaga güýç toplap başladym. Özboluşlylygyň diňe özüňi bilmegiň nämedigini bilsem-de, heniz başymdan geçirip görmändim. Hökman otagyňa şifonerden eşik almak üçin uýaň geler, telefona kuwwat bermek üçin jigileriň girip çykar, «Fleşkadan çipe suratlarymy geçirip beräý» diýip, ýene bir jigiň geler ýa-da daş çykyp sekide oturarsyň welin, howluda gezişip ýören güjükler gelip, aýagyňa süýkenişip ýatarlar. Iňlisleriň «me time», ýagny «özüň üçin aýran wagtyň» diýýäni hemişe-de kimdir biri ýa-da bir jandar bilen paýlaşylar. Men mekdebem, uniwersitetem paýtagtymyz — gözel Aşgabat şäherinde okadym. Durmuşyň iň gyzykly wagty talyplyk döwri diýýärler, özüm-ä talyplygymy bu sapakdan o sapaga ýetişjek bolup, başagaýlykda geçiripdirin. Şonuň üçin boş wagtlarym özümçe sepgit yglan etdim. Diýarymyzyň bäş welaýatyna syýahat etmegi ýüregime düwdüm. Bu şeýle bir gowy boldy. Balkan welaýaty meniň aýlanan 5-nji welaýatymdy. Dogrusy, Mary we Lebap welaýatlarynyň çetki etrapdyr obalaryna heniz aýak basmasam-da, geljekde göz öňünde tutýaryn. Syýahatda wagtym myhman alýan dürli-dürli maşgalalar bilen bir suprada nahar iýýärin. Olary içgin öwrenmegi, geçmişindäki ýatlamalary bilen tanyşmagy, derdinişmegi, elimden geldigiçe kömek etmegi öz borjum hasap edýärin. Men gürrüňdeşligi halaýaryn, özümem gowy diňleýji, garşymdaky adamy gulaklarym bilen gujaklap, dilim bilen hüwdüleýärin. Birine içiňi döküp bilmegem gerden ýüküňi ýeňledýär ahyry. Menem şoňa sebäp bolup bilsem, monça bolýaryn. Syýahatda wagtym myhmançylyga barýan maşgalalarymyň 5 göterimini ozaldan tanaýaryn. Galanlary hem ýa öňki myhman bolan maşgalamyň garyndaşy, dost-ýary, işdeşi ýa-da sosial mediadaky dostlarymyň ene-atasy ýa-da tanyşlary. Garaz, şu güne çenli baran obalarymda gapy kakyp: «Men Taňry myhmany. 1-2 günlük myhman alarmysyňyz?» diýip görmedim. Ejem: «Adamlary işinden alyp galma, ýük bolma» diýýär. Men-ä beýle pikir edemok. Her barýan ojagymda begenç, täsirli ýatlama bolup galýandygyma ynanýaryn. Ýük bolardym, eger bir aý ýa ondan köp galan bolsam. Özümi myhman alýan öý eýelerini durmuşyň birsydyrgyn hysyrdylaryndan saplaýan ýaly hasaplaýaryn. Meýilleşdirmek barada. Ilki Türkmenistanyň etraplaryny aýdyň görkezýän birnäçe kartalaryalyp deňeşdirýärin. Etraplaryň, obalaryň sowet döwründäki we garaşsyzlyk ýyllaryndaky atlaryny görkezýän kartalar boýunça gara ýollaryň çyzgysyny yzarlaýan. Lebap bilen Daşoguz welaýatlaryny özüm meýilleşdirdim. Olar birsydyrgyn ýerleşensoň, aňsatdy. Emma Balkan welaýatyna syýahat meýilnamamy taýýarlanymda aýlawly, çaprazly nokatlary bilen kellämi ep-esli agyrtdy. Beýleki welaýatlara syýahat meýilnamamy, adatça, 2-3 sagatda bitiren bolsam, Balkana syýahatymyň ýolkartasyny 1,5 günde taýýarladym, dogrusy, Nowruz atly bir ýolbelediň maslahaty bilen taýýarladyk. Paýtagtymyzdaky «Şa kofe» kafesinde kofe başynda oturyp, meýilnama çyzdyk. Nowruz öň gaz çykaryş edaralarynda işläp, Balkanyň tas ähli etraplaryna diýen ýaly iş sapary bilen giden eken. Sag bolsun, wagt tapyp, ulagly nähili hereket etmelidigimi düşündirdi. «Espresso filtr» kofe, limonad we paça çorbasy bilen maslahatymyzy jemledik. Şeýdip syýahatyma başladym. Enem-atama ozal nirä barsam-da, başymy çarap biljekdigimi subut etdim. Olar bir maksadymyň barlygy we amala aşyrmasam öýde rahat oturyp bilmejegimi bilýändikleri üçinem rugsat berýärler. Enem-atamyň ýeke isleýän zatdy: günde nirdeligim we ýagdaýym hakda hasabat bermegimdi. «Gorkaňokmy?» diýýän dost-ýarlaryma, tanyşlaryma jogap: «Men energiýanyň güýjüne ynanýaryn. Sen garşyňdaka, töweregiňe nähili energiýa berseň, garşylygyna-da şony alarsyň. Energiýaňda medeniýet, ahlak, päkniýetlilik, ynam bar bolsa hemme adamam şeýle gaýtargy berer». Syýahatdaky ýollary awtoulagly hem-de pyýada geçdim. Syýahat ýazgylarym, özümde galan täsirler siziň üçinem gyzykly bolar diýip umyt edýärin. Syýahatyň yzygiderligi: Bäherden, Garry Nohur (1 gün); Gyzylarbat,Paraw oba (2 gün); Magtymguly (Garrygala), Gerkez, Parhaý jülgesi (3 gün); Daýna obasy (1 gün); Etrek, Madaw obasy, Dehistan, (Maşat- Misseriýan) (2 gün); Esenguly (1 gün); Ekerem-Gumdag-Balkanabat-Bereket (2 gün); Uzynsuw obasy (1 gün); Balkanabat, Mollagara (2 gün); Hazar şäheri (Çeleken), Alaja port (4 gün); Djanga, Ufra (1 gün); Gyzylsuw şäheri (adasy) (1 gün); Türkmenbaşy şäheri (3 gün); Gyýanly, Guwlymaýak (1 gün); Jebel, Oglanly, Käriz, Gözli ata, Gaýtarmyş ata, Gyzylgaýa (3 gün). Aýjemal GURBANOWA, sanly aragatnaşyk boýunça hünärmen Çeşmesi: https://br.com.tm/sections/5/1711. 29.11.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |