DILE - BAGLYLYK; WARLYK: - BAÝLYK
Ähli kişi dil bilýändir. Düşünişmegiň, sorag jogabyň we aragatnaşygyň künjüli pişmesi dildir. Bizi jandarlardan aýyl-saýyllaýan, akylly barlyk diýdirdýän hem dildir. Käbiri sadaja ene dilini bilýän bolsa, käbiri çäklenmedik bilesigelijiliginden ýaňa daşary ýurt dillerinde düýe çal içen deýin gürleýärler.
Ýene käbirleri bar, ene-atasy aýry milletden bolan dogabitdi iki dilli adamlar. Olar böwet diýlen zada pitiwada bermeýärler. Şonuň üçinem garyşyk geplemek endigi döräp başlaýar.
Gürlemek. Onda-da bir dilde nepis, sap arassa, çürt-kesik we akgynly gürlemek eger-eger samandan temençe gözlenilýän başarnyk. Derwaýys zat – ony deňagramlykda saklamakdyr.
Diliň hemdemine ýetip aňyrsyna çykýan lingwistler, edebiýatçylar, terjimeçi
dilmaçlar, jahankeşdeler, mugallymlar elmydam meň göreldelerim bolup, pursatlyk poliloglary hiç wagt sypdyrmaýan. Agzymy byçgyň güýjem açyp bilmejek derejede ýumup gulaklarymy güpberdip oturýan. Näme geň-enaýy zat eşitsem ýan depderçä galamyň badyny basaýýan.
Geň göraýmeli hakykat, olaryň säwmezlik goýbermezligi. Bir dilde gürleseler, gylyny gyşartman, şol tempde, çolaşdyrman gürleýärler. Eý görýän dilçi mugallymyň birinden munuň syryny sowallasam : ” Eger bir dilde gürlemegi saýladyňmy, soňuna çenli keşiginem çekmeli bolýaň. Men-ä hany iňlis dilini özüme ýakyn duýup gürlemegi ýüregme düwen wagtym gözlerimi ýumup, elimi “şyk”gyldadyp şol funksiyany ýakýan, galanyny bolsa öçürýän (switch off) . Soň başga dili goşaýjak pälim bolsa-da bialaç söýenjiň ýoklugyny bilip galýan” diýipdi.
Bu bolsa şeýle adamlary düýpleý öwrenme höwesimiň gitdigiçe artýandygynyň subutnamasy.
Muňa garamazdan biendigan, pikri çaýkanan (crazy) kowumdaşlarym özara gürleşip bulam-bujar sözlemleri ulananda, gülkünç, ýöne aýyp hasaplamaýarlar. Üýşmeleňde belli mowzuk hakda pikiriňi aýtmaly bolanda “Я думаю чота ahyrynda daýhan family’synyň ýanyna рано baryp, всё zady объяснять etmelidi. Not only oň importante karýerasy but also geljegini hem elinden miss edýärä. Хоть umursamadıysada entek geç değildi” ýaly oýlanmany alyp barýarlar. Elbetde bu dillerden baş cykarýan kişi üçin şänigini döwmek mesele däl. Şonda-da bu gelşiksiz ahbetin!
Meniň 4-5 diliň guýrugyny basýanlygym ne hä tutuşy Gippokratyň kasamyna ýykgyn eden arka pederlerden, ne-de çäkli durup bilmeýänligimden gelip çykýar (kaynaklanıyor). Diňeje, dil bilen aramyň o diýen elhenç däldigi kelläme ýakynda “düňk” edende bilip galdym. Ýazanymdada, gürlänimdede bolup bildigiçe maňyzly etmäge çalyşýanlygymdan dürli dillerde sözleri ulanyp şüle ýasasam il üçin gyzykly we şüweleňli bolup görner diyen düşünje bardy. Asyl ha meň nazaryýetim “Esasy zat düşündirip bilmek, haýsy dildedigi möhüm däl” di. Emma ýalňyş ekeni!!!
Bu endik masgarabazlyk paýtuny. Çünki ahyr soňunda gülünjek zat. Bälçik bolsaň, medeniýet öýi çöregiň bolsa başga gürrüň.
Sizi bilmedim welin, şahsy özüm diliň janlydygyna ynanýaryn, ýalňyş, bolgusyz gürlesek gaharynyň gelýändigini, hiç gürlemesek içiniň gysýandygyny we bir dilden beýlekä gonup-göçüp ýörsek namys edýändigini aňýaryn.
Batyr Aşyrowyçyň aýdyşy ýaly “Dil janly zatdyr, ony bir guta salyp, gabap bolmaýar. Güle suw berşimiz ýaly dilimizede ideg etmelidiris, gyşyk ösmesine, guramasyna, ýa haşal otlaryň agdyklyk etmegine rugsat bermeli däldiris”.
Dilewar boluň, dile baý boluň, emma bir dile bagly boluň!
Aýjemal GURBANOWA.
Türkmen dili