15:05 Tanyş hem nätanyş | |
TANYŞ HEM NÄTANYŞ
Geň-taňsy wakalar
"Geñdir dünýä, giñdir dünýä" diýleni. Bu ýagty jahanda yaşap ýörseň, Ýaradanyň gudratyny gönüden-göni görkezýän täsinlikler hem başyňdan geçjek ekeni. Ine, men hem 5-6 ýyllykda öz başymdan geçen täsin wakany gürrüň bereýin. Dogrusyny aytsam, bu wakanyň syryna, aňyrsyndaky mana häli-häzir hem düşünip bilemok. Bir gün ýakyn obalaryň birinde gaýnymyň garyndaşlary ogluny öýerdi. Şol toya eltim, baldyzlarym bilen gitdim. Agşamky toýa entejik wagt bardy. Emma her kim şol toýuň hysyrdysy bilen başagaýdy. Myhmanlaram yzly-yzyna gelip-gidip durdy. Biz hem saçagyň başyna geçip oturdyk. Oturanymyza kän wagt geçmänkä, gapydan 3-4 sany aýal içerik girdi, elleri hem sowgatlydy. Olaryň arasyndaky 45 ýaşlaryndaky aýala gözüm düşenden dünýäm üýtgän ýaly boldy. Erkim özümden gitdi. Men goltugymdaky çagamy taşlap, şoňa tarap nädip yöränimi duýman galdym. Ol aýal hem gujagyny açyур maña tarap göni gelýär. İkimiz köpçüligiň içinde gujaklaşyp görüşdik. Ýogsa beýdip görüşmek meniň asla häsiýetimde-de ýokdy. Men ol aýaly şeýle bir mähir bilen, hamala öz ejemi gören ýaly bagryma basdym. Ol aýalyň bolşy hem edil meniňki ýalydy. Soñ saglyk-amanlyk soraşdyk. Ýöne haýran galaýmaly, biz näçe mähirli bolsagam biri-birimizi tanamaýardyk. Tanamasagam hal-ahwal soraşýardyk. Ýöne ne ol, ne-de men öý-içerimiz, çagalarymyz barada soramadyk. Elbet, kellämize gelen däldir-dä. Soň ýerli-yerimize geçdik. Emma meniň ondan aýrylasym gelmeýärdi. Göwnüme bolmasa, ol ayalam şeýledi. Olar başga otaga geçdiler. Men ol aýaly nirede görenimi ýatlajak bolup, yzyndan seredip galdym. Ýanymdakylar nämäň-nämedigine düşünip bilmän "Ol aýal kim?” diýip soradylar. Näme diýeýin - bilemok diýdim. Olar tanamaýan adamym bilen beýle gadyrly bolşuma gülüşdiler. Dogrusy, başga biriniň gözi bilen seretseň gülkünçdi. Hakyna seredeninde welin, men ony tanaýardym. Emma nireden, neneň tanaýanymy ýadyma salyp bilemokdym. Beý diýsem hasam gülkünç boljakdy. Ahyry toý eyesiniň ýanyna baryp yuwaşjadan ol aýalyň kimdigini soradym. Ine, onuň maňa aýdanlary: "Onuñ bilen gowy gatnaşýan. Garyndaş-a däl, ýöne tanşym. Bagyr obasyndan". Mundan soň hasam kelläme taýak degen ýaly boldy. Sebäbi bagyrly tanyşym ýokdy. Onuň özünden soraýmasam başga alajym galmady. Näçe gelşiksiz, geň görünse-de ýanyna bardym. Men onuň kimdigini ýatlatjakdygyna şübhäm ýokdy. Özümiň hem şeýle gadyr goyan adamymyň kimdigini ýadyma salyp bilmeýşime janym ýanýardy. Biz yene biri-birimize mähirli ýylgyryşdyk. "Sizi nirede görenim hiç ýadyma düşenok, belki, siziň ýadyňyzdadyr" diýip, çekine-çekine soradym. Ol aýalyň jogabyny eşidenimde gulaklaryma ynanmadym. Ol hem edil meniň ýaly, meni nirede görenini ýatlap bilenok eken. Ikimiz hem esli salym dymyşyp oturdyk. Ol hem oýlanýardy, menem. Emma ýadymyza düşürip bilmeýärdik. "Keselhanada dagy bile ýatan bolaýmaly?” diýdim. Ol pikirlenip durdy-da "Ýok" diýdi. Mende bolsa ol aýal bilen gaty ýakyn gatnaşykda bolup, bir öýde bile duz-çörek iýip ýaşan ýaly duýgy bardy. Ýöne nirede? Biz tä şol toýdan gaýdýançak biri-birimizden gözümizi aýгур bilmedik. Dogrusy, men ýanymdakylardan çekinip onuň ýanyna kän baryp bilmedim. Soňra toý sowuldy, bizem gaýtdyk. Men ol aýaly köp wagtlap unudyp bilmedim. Birine gürrüň bermäge-de çekindim. Her kimiň göwnüne bir zat geljek. Aradan bir ýyl geçdi. Şol ogluny öýeren garyndaşymyz ýene toý etdi. Men şol aýaly görerin diýen umyt bilen toýa höwesli gitdim. Ony görjegime begenýärdim. Biz ýene-de görüşdik. Men ýuwaşjadan onuň gulagyna: "Meni nirede göreniň ýadyňa düşmedimi?" diýdim. Ol başyny ýaýkady hemem mähirli ýylgyrdy. Biz ýene-de ýagşy dilegler bilen aýrylyşdyk. Indi meniň bu syrly tanşym näme üçindir häli-şindi ýadyma düşüp dur. Kä günler dagy ony şeýle bir göresim gelýär. Men şol wagt edil agzymdan al alan ýaly öý salgynam soramandyryn. Adyny hem unutdym. Ol aýaly görmänime dört ýyl boldy. Emma şeýle göresim gelýär. Beýik Taňrym, bu ne gudratka? Men muňa nähili düşünjegimi bilemok. Meniň bu duýgymy geň görjekler tapylar, ýöne nähili hem bolsa ýüregimdäkini paýlaşman bilmeýärin. Belki, maňa dogry düşünersiniz. Şu ýazgyny ýazýan günüm hem meniň doglen günüm. Häzir hem şol aýaly göresim gelýär. Edil öz ejemi göresim gelşi ýaly, ony hem göresim gelýär. Beýik Biribar, eger bir ýerde ters gürlän bolsam, günämi geçeweri. Gülnabat ÇARYÝEWA, Aşgabat şäheri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||