21:23 Tanyş owaz eşidilýär | |
TANYŞ OWAZ EŞIDILÝÄR
Goşgular
Tanyş owaz eşidilýär uzakdan, Bilmeýärin ol nämäniň owazy. Bir diňlesem, yüregimde yaňlanýar, Bir diňlesem, meniň sazym däl ýaly. Nirede gözbaşy agyr ökünjiň? Bagyrdamy, öýkendemi, ýürekde? Çagalykda galdy oýun künjegi, Oýun oýnamok men indi bu çakda. Köýen söygüsini hala dokaýan, Gyz ýüregniň sesi – daragyndanmy? Ýa bu ses bukulyp, keýigi atýan Daş ýürek awçynyň ýaragyndanmy?! Ýowuz urşda balasyny aldyran, Naçar enäň nalyşymyň ýa-da sen? Söýgisini Zöhre gyza bildiren Tahyryň sesimi, gadymdan galan?! Gije-girim çola ýollardan barýan Ökjeli köwüşleň aýak sesimi? Ýuwan gülkä her ädimde bat berýän Haýasyz gelinleň iň bir pesimi? Ýa bolmasa, dünýä inen babegiň Ilkinji ýaňlanan iňňäsimi sen? Haýa bilen galdyranda gabagyn, Bir gözeliň atan iňňesimi sen? Tanyş owaz gelýär uzak bir ýerden, Bilip bilemok men nähili owaz. Guşlaryň sesine meňzeýär birden, Birdenem dutara meňzeýär ol saz. Aman NOBAT. | |
|
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |