16:09 Tarhanlar | |
TARHANLAR Türkmenlerde sylagly bir kişä: “Sen tarhansyň, edeniňi ediber” diýmek ýörgünli. Orta asyr dilçisi Mahmyt Kaşgarly “tarhan” sözi ilkibaşda “beg”, “uly hökümdar” diýen ýaly manylary aňladypdyr diýip hasaplapdyr. Bu sözüň “darga” sözünden döräp, “oba aksakgaly”, “arçyn”, “kethuda” ýaly manylary aňladandygyny nygtaýan alymlar hem bar. Tungus-manjur dillerinde ol häzirem şu manyda ulanylýar. Orta asyrlarda “darga” sözi “şäher hakimi”, “başlyk” ýaly manylarda hem ulanylypdyr. “Tarhan” sözüniň “darga” we “han” sözleriniň birleşmegi we wagtyň geçmegi bilen dargahan–targahan–tarhan ýaly fonetik üýtgeşmeleri başdan geçirmegi esasynda dörän bolmagy mümkindir. Tarhan diýen hukuk derejesine eýe bolan adamyň ygtyýarlyklary sözlüklerde dürli manylarda düşündirilýär. XX asyryň başyndaky ensiklopediki sözlüklerde tarhan – “kazyýet jogapkärçiliginden boşadylan adam” manysynda düşündirilipdir. Meşhur taryhçy L.N.Gumilýow: “Tarhan hukugy – salgytdan boşadylan adamlara berilýän dereje” diýip görkezipdir. “Tarhan – ilki harby-administratiw dereje bolupdyr, soňra bu söz haýsy-da bolsa bir gulluk üçin salgytdan boşadylan adama ýa-da oba dakylypdyr” diýip ýazan alymlar-da bar. Käbir taryhçylar Reşideddine (on dördünji asyr) salgylanyp, “tarhan” sözi mongollarda Çingiz hanyň zamanasynda döräpdir diýip hasaplap, ony mongollaryň harby serkerdelerine berilýän dereje hökmünde görkezýärler. Köp alymlar beýle garaýşy hakykata laýyk hasaplamaýarlar. Çünki “tarhan” sözi we tarhanlyk derejesi türkmenlerde Çingiz hanyň döwründen has öň, orhon ýazgylarynda gabat gelýär. Ilkinji gezek “tarhan” derejesine eýe bolan adamlaryň demir ussalary bolandyklary, olaryň Ergenokon dagynyň magdanly gaýasyny 70 deriden edilen körügiň kömegi bilen eredip, Göktürkmenleri ol ýerden sag-aman alyp çykandyklary barada “Ergenokon” dessany maglumat berýär. Şol wakadan soň türkmen hanlyklarynda tarhanlyk hukuk derejesi hökmünde girizilipdir. Soňra bu dereje beýleki türki taýpalaryna, soňabaka bolsa mongollaryň arasyna ýaýrapdyr. Häzirki zaman türkmen dilinde “tarhan” sözi “özerkli”, “özygtyýarly” diýen ýaly manylarda ulanylýar. Türkmenleriň döwlet dolandyryş ulgamynda tarhanlar özboluşly aýratyn orun eýeläpdirler. Sebäbi tarhanlyk hukugy Watan, ýurt, döwlet, halk üçin iňňän ähmiýetli işleri bitiren adamlara berlipdir. Bu ady alan adamlara döwletde aýratyn uly sarpa goýlupdyr. Göktürkmenleriň döwletinde ýurt derejesinde geçirilýän uly dabaralara ýaýradylýan çakylyklarda, ýurduň hökümdarlarynyň atlary bilen bilelikde, tarhanlaryň ady ýazylypdyr. Kül Teginiň guburynda onuň hormatyna ýazylan daş ýüzündäki ýazgynyň başy: “Sagymdaky şazadalar, çepimdäki tarhanlar” diýip başlanýar. Bu ýagdaý gadymy türkmen döwletinde tarhan derejesini alan adamlaryň döwletde täsirli adamlar bolandygyna şaýatlyk edýär. Tarhanlar tarhan hukuk derejesini alanlaryndan soň hem döwleti, il-ýurduň bähbidini goramaga we bu babatda beýlekilere nusga bolmaga borçly bolupdyrlar. Olaryň käbirleriniň döwlet derejesindäki bitiren hyzmatlary barada maglumatlar saklanyp galypdyr. Muňa mysal hökmünde, Göktürkmen döwletiniň hökümdary Istemi hanyň 568-nji ýylda Wizantiýa imperatorynyň ýanyna doly hukukly ilçi hökmünde Tagma tarhany iberendigi we onuň tagallasy bilen şol ýyl iki döwletiň arasynda dostluk hakynda şertnama baglaşylandygy baradaky maglumatlary ýatlamak bolar. Göktürkmenleriň döwletinde harby serkerde bolan Çorpan tarhanyň ugurtapyjylygy, harby ussatlygy bilen bitiren işleri döwletiň harby ulgamynda tarhanlaryň uly ähmiýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýär. Ol birnäçe söweşlerde az sanly goşun bilen duşmanlary ýeňmegi başaran ussat serkerde bolupdyr. 630-njy ýylda Kawkazda alyp baran söweşinde ol özüniň bary-ýogy 3 müň esgeri bilen 10 müň esgerli duşman goşunyny derbi-dagyn etmegi başarypdyr. Tarhanlaryň hukugyny resmileşdirýän resminama “Tarhan haty” diýlipdir. Tarhan hatlarynyň birnäçesi biziň günlerimize çenli saklanypdyr. Tarhan hatlarynyň her birinde tarhanlara berilýän ygtyýarlyklar dolulygyna sanalyp geçilipdir. Tarhanlara berlen resmi hukuklar şulardan ybarat bolupdyr: 1. Tarhanlyk derejesi dabaraly ýagdaýda berlip, şol pursatda onuň öňki eden günäleriniň ählisi geçilipdir; 2. Tarhanlaryň 8 gezek günäsi geçilip, olara diňe dokuzynjy gezek jeza çäresi bellenilipdir. Bu hukuk tarhanlaryň 9 nesline degişli edilipdir. Özi-de ol günäler ýöne-möne etmiş bolman, günäkäre ölüm jezasy berilmeli derejedäki etmişler bolupdyr; 3. Tarhanlar ähli salgytlardan boşadylypdyr; 4. Tarhanlar öňünden wagt bellemezden we rugsat soramazdan, islän wagtlary köşge, hökümdaryň ýanyna barmaga hukukly bolupdyr; 5. Tarhanlara hökümdar bilen deň ýöremäge hukuk berlipdir; 6. Tarhanlar toý dabaralarynda, döwlet derejesindäki maslahatdyr geňeşlerde hormatly ýerlerde oturdylypdyr; 7. Söweşlerde, ýörişlerde alan oljalary, baýlygy-emlägi dolulygyna tarhanlaryň özlerinde galdyrylypdyr; 8. Tarhanlar döwlet tarapyndan gorag astyna alnypdyr; 9. Suwuň azlyk edýän ýerlerinde, şol sanda Türkmenistanyň köp ýerlerinde tarhanlaryň “tarhan suw” atly suw paýy bolupdyr. Tarhanlaryň “tarhan ýerleri” diýlip atlandyrylan mülkleri bolupdyr. Umuman, tarhanlyk türkmenleriň döwlet dolandyrylyşynda aýratyn orun tutupdyr. Hökümdara, Watana, il-ýurda, halka aýratyn wepaly, tapawutlanan hyzmatlarynyň, edermenlikleriniň, batyrlyklarynyň bolmagy tarhanlary döwletiň beýleki resmi emeldarlaryndan tapawutlandyrypdyr. Olar diňe bir hökümdaryň beren resmi artykmaçlyklaryna däl, eýsem halk köpçüliginiň hem çäksiz hormatyna, sylag-sarpasyna mynasyp bolupdyrlar. TARYHY ÇEŞMELERDÄKI MAGLUMATLAR ESASYNDA ÝAZYLDY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |