17:03 Taryh diýýärsiñizmi? | |
TARYH DIÝÝÄRSIÑIZMI?
Taryhy makalalar
Soñky günlerde Kanuny Soltan Süleýmanyñ baş rolda hereket edýän "Ajaýyp asyr" (“Muhteşem Yüzyıl”) teleserialynyñ gürrüñi etmek ýoñ boldy. Haýsy teleýaýlymy açsam, jedelli gepleşikleriñ baş temasy şu serial... Fatih Soltan Mämmet Stambulyñ eýelenmeginden öñ Italiýada we Russiýada top barsyny guýdurypdyr. Italiýadan gelen toplaryñ guýlan şäherçesiniñ ady "Balliemez" bolup, toplaryñ ýüzüne şu adyñ ýazylandygy üçin iñ soñky derejede täsirli toplara türkler "Balýemez toplary" diýmäge başlapdyr. Şol döwürlerde medisina, harby-goranyş, inženerçilik ugurlarynda ulanylýan adalgalar häzirkisi ýaly Günbatar dillerinden şo durşuna alnyp ulanylmandyr, ýerine osmanly dilinde meñzeş sözleri oýlap tapypdyrlar. Emma türk dilini pes dilleriñ hatarynda görendikleri üçin osmanly köpbilmişleri beýle topa türkçe at dakylandyr öýdüp, türkçe "balýemez" sözüni ýarsy arapça, ýarsy parsça görnüşine geçirip "Asalnemihored" edipdir. "Asal" - arap dilinde "bal", "nemi-hored" bolsa pars dilinde "iýmez" ("ýemez") manysyny beripdir. Çünki şol günlerdäki osmanly ynanjy türk dilini ylmy adalgalary atlandyrmakda gelşiksiz hasaplapdyr. Osmanlyny ýere-göge sygdyrasy gelmeýänler aslynda Osmanlynyñ näderejede uly türk duşmanydygy bilenem ylalaşmaga mejburdyrlar. Häzir eger türk diliniñ içinde müñlerçe arap-pars sözi bar bolsa, munuñ jogapkäri türk diline zerurlyk duýmaýan, türk(men)leri kemsidýän, äsgermeýän osmanly düşünjesidir. Eger biz häzirem egrem-bügrem arap harplaryny ulanmaýan, sagdan çepe ýazmaýan we häzirem “Amed-i medid we ahd-i ba’iddir ki daniş-gâh-y istifadede nihade-i zanu-ýy taleb etmekle arzu-ýy kesb-i edeb kylyp gerçi irre-i ahen-i berd-i gûşiş-i bî-müzd zerre-i fulad-y fu’ad-y infihamy hyred edemeýip şejere bî-semere-i isti’daddan ýek-bar-ı imkân intişar-y nüşare-i asar-y haýr-ül me’ad as’ab-y min-hart-ül katad olup anjak piş-nigâh-ı ihwan we hullanda hem-aýar-y nühas-y hassas olan heý’et-i danişweriýi zaharif-i tafazzul ile temwiýe we tezýin edip bezm-gâh-ı sühan-gûýanda iksar-ı sersere ile ser-halka-i ihwab-y hawa-aýin olmuş idim” diýip gürlemeýän bolsak, bularyñ barsy üçin çäksiz minnetdarlyk bildirmäge borçly beýik ynsanymyz ATATÜRK saýasyndadyr. * * * Hemişe "Taryhdan türkleri çykarsalar, yzda zat galmaz" diýýändiris. Halk bolup taryhymyza seredýäris, öwünýäris. Bize öwredilen Fatihleriñ, Selimleriñ, Süleýmanlaryñ ady agzalanda döşümiz pakgarýar... Ine, belki-de şonuñ üçindir, bizde taryh gitdigiçe ertekileşýär, mifleşdirilýär. Şonça hakykatyñ arasyna dykyşdyrylan ýalanlar ulalyp-ulalyp, soñabaka hakykatlary aýdar ýaly bolmaýar. Ine, şeýle bolansoñ, şu serial sebäpli Kanuny Soltan Süleýman hakda her kelleden bir ses çykmaga başlady. Seriala tomaşa etmedim. Aslynda men hiç bir seriala seredemol. Seriala seretmek meniñ pikirimçe çilime endik etmek ýaly bir zat. Bir gezek çilim çekeniñ bilen hiç zat bolmaýar, emma oña endik etseñ azatlygyñyzy eliñizden alýar. Her hepde serialyñ berilýän gününiñ belli sagadynda telewizoryñ başynda eliñiz pultly joñkaryp oturansyñyz. Şol sebäpli men diñe çeper kinofilmlere tomaşa edýärin, "zäherleýän bolsa, bir gezekde zäherläp dynsyn" diýip. Emma öñe sürülýän pikirleri okanymda maña türk halkynyñ taryh hakdaky düşünjesi barada birnäçe mysaly ýadyma saldy. Çünki bizde taryh diýseñ täsin. Meselem, Atatürki musulman edip görkezseñiz, jemgyýet sizi alkyşlaýar, ol hakykatdanam musulmanmydy diýip seretseñizem, sizi şobada näletläp başlaýarlar. "Fatih Stambuly eýelände ýetginjek ýaşdady" diýseñiz, sizi alkyşlaýarlar, emma edil şol Fatihiñ ýetginjek ýaşda doganlarynyñ öldürilmegini buýrandygyny aýtsañyz, sizi näletleýärler, ýeke demde jemgyýetiñ we taryhyñ duşmany yglan edilendigiñizi duýman galarsyñyz. "Osmanly üç yklyma eýelik etdi" diýseñiz-ä, size "aý, berekella!" diýerler, edil şol Osmanlynyñ ähli eýelän ýerlerini aýalbaz we şeraphon, gorkak we ruhy taýdan näsag patyşalar tarapyndan peşgeş edilendigini aýtsañyzam näletlenersiñiz, hatda dost-ýarlaryñyzam sizden ýüz öwrer. Osmanlynyñ ýerini respublika berendigini aýtmak ýakymly, Osmanlynyñ watan dönükligini eden masonlar topary we işandyr mollasumaklar tarapyndan ýykylandygyny aýtmak halanylmaýar. Osmanlynyñ türkdügini aýtmak gowy, emma edil şol Osmanlynyñ türkleri adampisint maýmyn hökmünde şekillendirendigini aýtmak erbet. Şobada iñ biderek, iñ halanylmaýan adama öwrülersiñiz. Ýogsam bolmasa, serediñ-ä, Fatihiñ mugallymy Kynalyzada Aly ependi türk jemgyýeti üçin nämeleri diýipdir: "Jizreýi-Tulidden añyrda Kuhystanda oturan türk(men)ler bar. Olar adam mertebesinde görülmäge laýyk däldirler. Pikirleri we akyllary ajam haýwanlaryna meñzeş. Dilleri we sözleri ajam haýwanlarynyñ ownugyna meñzeýär. Olardan añyrda adam mahlugyna meñzeş mahluk ýok. Bular nasnas we şewnem adamlar. Bularyñ adam jynsyndandygy subut ediläýende-de hem iñ pes derejelisidir". Fuzulynyñ türk akyldarydygyny aýtmak taryhçylyk, emma şol adamyñ türkleri maýmyn bilen adamyñ aralygyndaky mahluklar hasaplandygyny aýtmak günä. Bizde taryh diýip real taryhy wakalar bilen ertekileriñ garym-gatym edilmegine diýilýär. Ertekileç Osmanly döredýäris ýa-da özümizden sähel artykmajrak adamy pygamber derejesine götermekden utanmaýarys. Ertekiçilerimizem güýçli. Düýş kimin. Bozýañmy, näletläp başlaýarys, ýakýaryz, ýykýarys, ýumurýarys, protest bildirýäris. Emma hiç mahal "şu aýdylýanlar dogrumyka beri?" diýip seretmeýäris. Kanuny Soltan Süleýmana ajaýyp diýip bilersiñiz, emma edil şol "ajaýyp" adamyñ doganlaryny "Ýedikule" zyndanlaryna gabap goýandygyny, öz ogluny Hürrem soltan üçin öldürdendigini, haremhana gurup her gije bir aýal bilen ýatandygyny, ölemen şeraphondygyny aýdyp bilmersiñiz. Gadagan! Bizde Maraş gyrgynçylyklary asla bolmandyr, şol patyşalar alawy türkmenleri gyrmandyr, hatda Pir Soltan Abdal asylmandyr - ol öz janyna kast edipdir. Soltan Abdylhamyt II jahan patyşasy, emma onuñ Kriti we Kipri ýewropalylara peşgeş berendigi hasap däl. Biziñ pikirimçe patyşalaryñ, başga tanymal adamlaryñ asla jynsy durmuşlary bolmandyr, hatda olar hajathana hem gitmändir. Olaryñ beýle zatlara hajaty ýokmuş. Pikir edip görseñizläñ, Kanuny Soltan Süleýmanyñ aýakýoly üçin her gün hajathana girip-çykandygyny, heý gelişjek zatmy?.. Soñam nejasatyny näme bilen süpürendigini... Beýle zatlaram bir aýdylarmy... Olar ömründe bir gezegem hajathana gitmändirler. Adyny-da bilýän däldirler welin, şol döwürler ýewropalylaryñ köçeleriñ ugrunda siýip-syçandygyny aýtmak taryhçylyk hasaplanýar. Mydam ýatdan çykarma, mydam gizleme, mydam bir gyra zyñma hereketlerini edýän taryh bolansoñ, şeýle taryh düşünjesine eýe adamlaram taryhçy bolýar duruberýär. Atatürküñ Palestina hakdaky ýalanyny aýdýan taryhçy Atatürk boýunça iñ gowy taryhçy saýylýar. Çünki ol Atatürki ýönekeý syýasatçy ýerine goýup, onuñ aýdan sözlerini ýoýup berýär. Ýogsam bolmasa Atatürküñ nutukda ýazan "biziñ ol ýerler üçin zerre ýaly-da berere zadymyz ýok" diýen sözi ýaşyrylýar. Aýan etseñiz, taryhçy bolup bilmersiñiz. Ermenileri gyrdyk diýýän ýalançylar Ýewropada nädip baýraklara mynasyp bolýan bolsa, alawylary gyrmadyk diýýän ýalançylaram Türkiýede şolar ýaly baýraklary alyp bilýärler. Taryh içerde etmedik, daşarda etdik ýalanyny aýdyp bilmekdir sebäbi... Taryhçylyk bizde bar bolany gizlemek, daşary ýurtda bolmadyk zat bilenem aýyplamakdyr. Taryhçylyk bizde häzirem Maraş gyrgynçylygynyñ taryhyny öwrenmek üçin Googl-a seretmek (bilýän, edil häzirem seredersiñiz), emma iki günden soñ ýatdan çykarmakdyr. Maraşa gahryman diýmek, Süýtçi Ymamy bilmek, ýöne edil şol maraşlylaryñ öldüren alawylaryny ýatdan çykarmakdyr. Şonuñ üçin orta çykyp taryhdan akyl satjak bolmañ. Çünki taryh içerde ýa daşarda özüñize ýaraýan tarapyna görä pikir ýöretmek däldir. Indiden beýläk taryhymyz bilen ýüzleşmeli, Günbataryñ ýalanlaryny we içimizdäki ýalançylary tanamaly bolarys. Biz taryhymyzy dogry tankyt edip bilmesek, başgalaryñ atýan töhmetlerine we toslaýan ýalanlaryna hem sesimizi çykaryp bilmeris. Ahmet Ali BALÝEMEZ. 11.01.2011 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||