Главная »
2018 » Oktýabr » 16 » Taryh kitaplaryny gaýtadan ýazmaly bolar -3: Aşgabadyñ eteginden gadymy siwilizasiýanyñ mekany tapyldy
08:40 Taryh kitaplaryny gaýtadan ýazmaly bolar -3: Aşgabadyñ eteginden gadymy siwilizasiýanyñ mekany tapyldy |
TARYH KITAPLARYNY GAÝTADAN ÝAZMALY BOLAR...
▶ Aşgabadyñ eteginden gadymy siwilizasiýanyñ mekany tapyldy
Pensilwaniýa uniwersitetinden Fredrik Hibert Aşgabatdan uzak bolmadyk ýerde ýañy-ýakynlara çenli hem günbataryñ alymlary üçin gazuw-agtaryş işlerini geçirmek gadagan edilen ýerde 4.000 ýyl mundan ozal ýazylan näbelli hatly daşy ýüze çykardy. Daşyñ peç hökmünde ulanylandygy güman edilýär.
Bu ýazgy gadymy Hytaýyñ ýazgysyna meñzeşdir, ýöne ol Hytaýdaky ýazgylardan has öñ peýda bolupdyr.
Mundan başga-da, Amerikanyñ gazuw-agtaryjylary kerpiçden gurlan köp otagly köşk ýaly jaýlaryñ galyndylaryny ýüze çykardylar. Munuñ özi biziñ eýýamymyzdan 2.000 ýyl ozal Beýik Ýüpek ýolunyñ geçen ýerinde biziñ üçin näbelli siwilizasiýanyñ bolandygyna şaýatlyk edýär.
"BBC"-niñ habar bermegine görä, amerikan arheologlary Merkezi Aziýada gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler, geçirilen işleriñ netijeleri Pensilwaniýa we Garward uniwersitetlerinde ýörite maslahatlarda jemlenilýär.
Ol halkyñ özlerini nähili atlandyrandygy entek näbelli bolmagynda galýar. Hibert özüniñ ýüze çykaran ilat ýaşaýan ýerine "Baktriýa-Margian arheologiýa toplumy" diýip atlandyrdy. Şeýle ady gadymy grekler goýupdyr.
# lenta.ru
www.lenta.ru.internet saýtyndaky materialdan "Türkmendöwlethabarlary" gullugunyñ taýýarlan maglumaty.
Taryhy makalalar
|
Категория: Taryhy makalalar |
Просмотров: 580 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 0.0/0 |
Awtoryň başga makalalary
Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary