11:10 Taryhda peşewiñ ulanylan ýerleri | |
TARYHDA PEŞEWIÑ ULANYLAN ÝERLERI
Geň-taňsy wakalar
"Siýdikdir-dä" diýip geçer ýaly däl. Sebäbi adamzat taryhyna göz aýlanymyzda peşewiñ her tüýsli täsin maksatlar bilen ulanylandygyny görmek mümkin. Eskimoslar, müsürliler, indeýler, rimliler... bularyñ barsynyñ durmuşynda peşew aýratyn orun tutupdy. Gadymy Gresiýada we Rimde demirçi ussalar gyzdyrylan polady gataltmak üçin üstüne sowuk suw, geçiniñ ganyny ýa-da peşew dökerdiler. Sibirde deriler peşewe ýatyrylyp, berkleşdirilýärdi. Indeýler manda haýwanynyñ (gäwmişiñ bir görnüşi) derisini ýumşatmak üçin peşewe ýatyrypdyrlar. Eskimoslar peşewlerini üýşürip, deri ýuwýan ekenler. Şeýdende deri ýumşap, tüýlerini añsat aýryp bolupdyr. Şular ýaly zatlaryñ Ýewropada-da ýaýrandygy mälim. Gadymy rimliler ýüñi arassalanda peşew ulanypdyr. Irlandiýalylar hem ýüñ şaltaklaryny peşewe batyrypdyr. Ýüñ eşigiñ reñkini soldurmajak bolup peşewe batyrylyp çykarylandygy hakykat. Bu emel owganlaryñ we Orta Amerikanyñ indeýleriniñ arasynda-da ulanylypdyr. Indeýleriñ çinuk taýpasynyñ arasynda "çinuk zeýtuny" diýilýän azyk önümi bar. "Çinuk zeýtuny" bäş aýlap adam peşewine ýatyrylan skumriýanyñ (жёлудь) bir görnüşidir. Ol belli bir wagtyñ dowamynda maýa tutýar we adama belli bir derejede serhoşluk berýär. Rimli awtorlar warwarlaryñ sünnet edilen çagalaryñ peşewini önelgesizligiñ öñüni almak üçin aýal-gyzlara içirendiklerini ýazypdyr. "Mukaddes sygyrlary" bilen tanalýan induslar tagzym edýändiklerini añlatmak üçin sygyrlaryñ peşewini içýärler. Gimalaýlarda sygyr peşewi dini dabaralarda ulanylýar, günälerden iñ gowy peşew arkaly ýülünip bolýandygyna ynanylýar. Sibirde aýal-gyzlar ýygy-ýygydan öz siýdiklerini ýa-da goñşularynyñkyny içipdirler. Şeýle-de peşew alkogol bilen garylyp, içgi hökmünde serhoş bolmak üçin içilipdir, ony içip serhoş bolanlaryñam peşewi alkogolly bolansoñ, ýene içilipdir. Heniz piwo maýasy çykmanka Ýewropada çörek bişirijiler demini almagy üçin hamyra peşew goşupdyrlar. Amerikada temmäki ýapraklary mazaly tagama gelsin diýip hajathanalarda asylyp goýlupdyr, şol sanda zenan peşewine ýatyrylyp, ýumşadylypdyr. Müsürdede temmäkiler zenan peşewine ýatyrylyp ýumşadylypdyr, ýöne erkegiñ peşewi gatyrak görlüp, muña laýyk hasaplanmandyr. Ýaşaýan şu asyrymyzyñ başynda Berlinde ýaşaýan bir peýnir söwdagäriniñ peýnire tagam bermek maksady bilen ýaş gyzlaryñ peşewini ulanýandygy üçin jogapkärçilige çekilipdi. Şweýsariýalylaryñam peýniriñ çalt tutmagy üçin peşew ulanýandyklary aýdylýar. Balkan ýarymadasynyñ obalarynda ýaşaýanlar peýniriñ çig malyny oglan çagajygyñ siýdigine ýatyrypdyr. Şeýlelikde, gurtlandyrylan bu madda lor peýniri bilen bile ezilensoñ, diýseñ tagamly, burçlyja peýnir bolupdyr. ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatynda aýallar bulaşyk howa şertlerinden goramak üçin çagalarynyñ tenini kömür külkesi we peşew garylan madda bilen owkalapdyrlar. Şeýle-de, kömür külkesi bilen peşew garylan maddany tatiurowka etmek üçinem ulanypdyrlar. Bilşimiz ýaly, peşew bütin dünýäde ilkinji sabyn deregine ulanylan bolmaly. Baryp 1917-nji ýyla gelenimizde-de Fransiýada we Angliýada aýal-gyzlar peşewe ellerini ýuwmak arkaly, elleriniñ hamyny ýumşadýandyrys öýdüpdir. Eskimoslarda peşew saç ýuwulanda iñ köp ulanylýan zat bolupdyr. Afrikanyñ başga bir köne adatynda süýt gaby peşew bilen ýuwulypdyr. Sibirde halkyñ gap-gaçlary peşew bilen ýuwandygy mälim. Öñler Ispaniýada adamlaryñ peşewe ýuwnandygy aýdylýar, hatda bu adat şu asyryñ başlaryna çenli dowam edipdir. Aýratynam, peýdalydygyna ynanylyp, agyzdyr dişlerem peşewe çaýkalypdyr. Bu usul Müsürde-de ulanylypdyr. Orta asyrda nemes aprekarlarynyñ biri peşew garylan gum dürüşdesi bilen agzy we dişi arasslamagy maslahat beripdir. Demirgazyk Afrika Ýurtlarynda we Owganystanda halylaryñ reñki hasam ýalpyldasyn diýip, düýäniñ peşewine ýuwulýar. Türkmenistanyñ oba ýerleriniñ käbirinde adamyñ tenine ýara düşende, bir ýeri kesilende peşew (esasan, arak-şerap içmeýän, çilim çekmeýän arassa adamyñ ýa-da çaganyñ peşewi bolsa has gowy hasaplanýar) çalynýar, hakykatdanam aşa duzly peşew ýaranyñ çalt bitmegine hemaýat edýär. Şeýle-de, käbir tebipler böwregi kemçilikli kişilere öz peşewini (ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik çagañkyny) içmegi maslahat berýär. Ýöne tebipleriñ bu maslahatyny lukmanlar oñlamaýar. Şu ýazgyny taýýarlaýjynyñ hut öz gürrüñdeş bolan lukmanlarynyñ biri adamyñ teninden bölünip çykan iñ soñky galyndynyñ hiç bir derde peýdasynyñ bolup bilmejegini sözüni birnäçe ynamly deliller arkaly berkidip aýdypdy. Şundan ugur alynanda peşewiñ hem adamyñ organizminiñ iýlip-içilen iýmitden geregini alyp, iñ soñky gerek däl bölegi - galyndysydygy üçin dermanlyk üçin içmäge ýaramly zat däldigini bilse bolýar. Käbir adamlaryñ tersokan mollalara, mysal üçin, halkyñ arasynda "syrtlan çüki" diýip bilinýän syrtlanyñ kesilip alnan ujydyny aýal-gyzlaryñ başyny-gözüni aýlamak ýa-da baýamak üçin ýardam edýändigine ynanyp okadanda, ony okan mollanyñ eşegiñ peşewine täret alýandygy gürrüñ edilýär. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |