15:40 Taryhda zyna düşünjesi | |
TARYHDA ZYNA DÜŞÜNJESI
Taryhy makalalar
Zyna - Hezreti How enemiziñ döwründen şu günümize, şu günümizdenem kyýamata çenli Beýik Allatagalanyñ gadagan edendigine garamazdan adamlaryñ edýän iñ hapa etmişleriniñ biridir. "Nur" süresiniñ 15-nji aýaty: "Allanyñ gatynda zyna iñ uly günädir". "Isra" süresiniñ 32-nji aýaty: "Şübhesiz, ol ýigrenji işdir we juda ýaramaz ýoldur". "Enam" süresiniñ 151-nji aýaty: "Binika gatnaşyklaryñ açygyna-da, ýapygyna-da golaýlaşmañ". Zynanyñ jezasynyñ musulmanlykdan öñ Hammurapiniñ we şumer kanunlarynda bardygy, şondanam "Töwrada" geçendigi aýdylýar. Taryhda şumerlerde, assiriýalylarda, babyllylarda zyna etmişi we oña bellenen jezalar bolupdyr. Hammurapiniñ kanunlarynda-da zynanyñ üstünde durlup geçilýär. Babylyñ b.e.öñki 1792-1750-nji ýyllarda hökümdarlyk süren patyşasy Hammurapiniñ girizen kanunlary şol döwür bu döwlete ýaranlyk eden Assiriýa patyşalygynyñ 15 ýurdunda-da hereket eden bolmaly. Bu kanunlaryñ çeşmesi bolsa, has öñki şäher jemgyýetlerine ýüzlerçe ýylyñ dowamynda ýol görkezip gelen şumer hukugydyr. (Ana Britannica j;14 s. 385.) • Hammurapiniñ kanunlary: 129-njy madda: Eger biriniñ aýaly başga bir erkek bilen ýatyrka tutulsa, olaryñ elini-aýagyny dañyp, suwa oklamaly. Eger aýalyñ äri olara degmese, patyşa hem degmeýär. 130-njy madda: Eger bir adam başga bir adamyñ kakasynyñ öýünde oturan aýalyny zorluk ulanyp bolanda tutulsa, ol adam öldürilip, aýal diri galdyrylýar. • Töwratda zynanyñ jezasy: "Lewililer" 20/10-14: "Biri başga biriniñ aýaly bilen, ýagny goñşusynyñ aýaly bilen zyna etse-de, onuñ özü-de, zyna eden aýaly-da öldürilmelidir. Kakasynyñ aýaly bilen ýatan, kakasynyñ namysyny hapaladygydyr. Olaryñ ikisi-de ölüm jezasyna mynasypdyr. Bir adam öz gelini bilen ýatsa, ikisi-de hökman öldürilmelidir. Bir erkek başga bir erkek bilen jynsy gatnaşyk etse, ýigrenji iş eden adamlardyr we ikisi-de öldürilmäge degişlidir. Ölüm olaryñ iñ mynasyp jezasydyr. Bir adam hem ýaş gyza, hem onuñ ejesine öýlense, peslik etdigi bolar. Arañyzda şolar ýaly pis adamlar bolmasyn diýip, üçüsi-de ýakylmaga degişlidir. Agasynyñ aýaly bilen jynsy gatnaşyk eden adam agasynyñ namysyny depgiledigidir. Ikisi-de etmişiniñ jezasyny çekmeli bolarlar we çagalary bolmanka ölerler. Doganynyñ aýalyna öýlenen aýal bigaýratlyk etdigidir. Doganynyñ namysyna gara tegmil sürtendigi üçin çagasy bolmanka öldürilmelidir". "Tesniye" 22/20- 29: Bir adam aýal alyp, ýatyp-turandan soñ ony halamasa, ony aýyplap, adyny garalasa, "bu aýala öýlendim, ýöne onuñ bilen ýatanda gyz däldigini bildim" diýse, aýalyñ ene-atasynyñ gyzynyñ gyzlygynyñ bitewidigini subut edip, şäheriñ ýolbaşçylaryna arz etmelidir. Aýalyñ kakasy şäheriñ ýolbaşçylaryna "Gyzymy şu adama durmuşa çykardym, emma ol gyzymy halaman, gaýtam gyzlygynyñ ýokdugyny aýdýar. Ine, gyzymyñ gyzlygynyñ bardygyna subutnama" diýip, gyzyñ ýatan düşegini ýolbaşçylaryñ öñüne serip goýmaly. Şäheriñ ýolbaşçylary-da ol adamy jezalandyrmaly. Jeza hökmünde ondan ýüz kümüş alyp, gyzyñ kakasyna bermeli. Çünki ol adam ysraýyly namysy bitin gyzyñ adyny zaýalady. Gyz ol adamyñ aýaly bolmagynda galýar we ol ömürboýy aýalyny kowmaga haky ýok. Eger onuñ aýdýanlary dogry bolsa, gyzyñ gyzlygynyñ bardygyny tassyklaýan delil tapylmasa, gyzy atasynyñ öýüniñ agzyna äkidip, şäher halky daşlap öldürmeli. Çünki ol atasynyñ öýünde äre çykmanka binika gatnaşyk edendigi üçin Ysraýylyñ adyna ysnat getirdi. Arañyzdaky erbetligi içiñizden söküp zyñyñ. Eger bir adam başga biriniñ aýaly bilen ýatyrka tutulsa, ikisi-de öldürilmeli. Ysraýyldan erbetligi ýok edip aýryñ. Eger bir adam şäherde başga biri bilen adaglanan äre çykmadyk gyz bilen ýatsa, ikisini-de gapysynyñ agzyna äkidip, daşlap öldüriñ". • INJILDE ZYNANYÑ JEZASY: Hezreti Isa pygamber (a.s): "Zyna ger nebisde bar, siz ony içiñizden söküp zyñyñ" diýipdir. Hristianlykda daşlap öldürme jezasy bar eken. "Ýuhan’na"; 8/11: "Isa bolsa Zeýtun dagyna gitdi. Ertesi irden ýene ybadathana geldi. Bütin halk onuñ ýanyna gelýärdi. Olam oturyp, olara wagyz etmäge başlady. Dini wekiller we ferisiler zyna edip tutulan aýaly getirdiler. Aýaly orta çykaryp: - Eý Isa, bu aýal zyna edip durka tutuldy - diýdiler. - Musanyñ kanunynda bize bular ýaly aýallary daşlamalydygy aýdylýar. Sen näme diýýäñ? Bular Hezreti Isany (a.s) synamak maksady bilen şeýdýärdiler, olar pygamberi aýyplamak üçin bahana gözleýärdiler. Hezreti Isa (a.s) egilip, barmagy bilen ýere ýazgy ýazýardy. Şol bir soraglaryny gaýta-gaýta berip durandyklary üçin göneldi-de: - Arañyzda şu günäni etmedigiñiz bar bolsa, aýaly daşlasyn! - diýdi. Soñ ýene egilip, ýere bir zatlary ýazmaga durdy. Muny eşden wagtlary garrylardan başlap, uly-kiçi, ýaş-juwan barsy ybadathanadan çykyp gitdi. Aýal bolsa şol duran ýerinde butnaman durdu. Isa ýene gönelip: - Hany seni daşlajak adamlar? Hiç biri seni jogapkärçilige çekmedimi? - diýdi. Aýal: - Hiç biri meni daşlamady, hojaýyn - diýdi. Isa pygamber (a.s) hem oña: - Meniñem saña diýjek zadym ýok - diýdi. Ol aýal aslynda zyna etmändi, ärini gözläp gelipdi. Mynapyk jöhitler bigünä aýala töhmet atyp, Hezreti Isany (a.s) synajak bolup, şeýle pyrryldagy gurnapdylar. Yslamdan öñki araplarda Töwratda agzalýan daşlamak jezasy ýerine ýetirilýärdi. Kuranda daşlamak jezasy ýokdur. Yslamda zynanyñ jezasy hakda öñem iki ýazgy ýazypdym. Soñky ýazgymda Kuranda daşlamak jezasynyñ ýokdugyny ýazypdym. Gyzyklanlanýanlar okap bilerler. Memduh SARY. menduh_3468@outlook.com 02.08.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |