00:39 Taryhy ýomaklar -2 | |
TARYHY ÝOMAKLAR
Degişmeler
"Sowuk uruş" mahaly amerikaly bilen sowet adamy duşuşýar. Olar biri-biriniñ aýbyny gözläp başlaýar. - Siziñ aýlygyñyz näçe? - diýip, amerikaly içýakgyç sowal beripdir. Sowet adamy gözlerini gyrpyldadyp oýa batypdyr-da, ahyry begenjini daşyna çykarypdyr: - Sizde-de negrleri kemsidýäler ahyry! * * * Bir işçi partiýa hataryna girermen bolupdyr. Entek girmänkä partiýa guramasynyñ sekretary ony arkaýyn edipdir. Işçi görgüli muny ýañkylar bilen gowy edip ýuwupdyr. Ahyry işçiniñ synagdan geçjek güni gelipdir. Ony býuro çagyrypdyrlar. Her kim birhili sorag beripdir. Oturanlaryñ arasynda ýylçyr kelleli işçiniñ ýüzüne seredip: - Birleşen Milletler Guramasynyñ baş sekretary kim? - diýip sorapdyr. Işçiniñ bu sowala ýüzi-gözi boz-ýaz bolupdyr. Aljyrapdyr. Näme diýjegini bilmän gorsanyp ugrapdyr. Şo mahal öñünden bile içişen partorgy iki elini agzynyñ daşyndan aýlap, ýuwaşlyk bilen pyşyrdapdyr: - U Tan! U Tan! (BMG-nyñ şol wagtky baş sekretarynyñ ady). Muña işçiniñ depesinden gaýnag suw guýlana dönüpdir. Ol sandyraklap ýerinden turup, ýañky partorgyñ üstüne küpürsäpdir: - O nähili men utanmalymyşym? Gaýtam señ özüñ utançsyz bihaýa... "Arkaýyn bol, geçýäñ!" diýip maña öñünden ýuwduryp, bir topar çykdajy etdirdiñ. Indem maña utan diýen bolýañ. Päheý-de weli... Beýdip aldajak bolsañyz maña partiýañyzam gerek däl, beýlekiñizem. * * * 1909-njy ýyl. Žandarm goly dañylgy rewolýusioneri alyp barýar. 1917-nji ýyl. Rewolýusioner goly bagly žandarmy öñüne salyp barýar. 1937-nji ýyl. NKWD-niñ işgäri eli dañylgy rewolýusioneri hem žandarmy öñüne salyp barýar. 1987-nji ýyl. Ozalky rewolýusioner bazarda gutap satyp otyr. Onuñ ýanyna ozalky žandarm gelip, şeýle diýýär: - Näme, patyşahy atamyz saña gutap satmaga päsgel berdimi? * * * Zawodda Çili Kompartiýasynyñ başlygy Luis Korwalana azatlyk bermek barada ýygnak gidýär. Her kim çykyş edip, Pinoçeti ýazgarýar. Korwalany türmeden çykarmaly diýip damak ýyrtýar. Ýygnakçylar hiç zada goşulman ýarym oýaly-ukuly işçini görüp, gaharlary gelipdir. - Eý, Iwan, sen, nä hiç zada pitiwa kylañok? - diýip, olar onuñ al-petinden alypdyrlar. Iwan entrekläp, münbere çykypdyr: - Men Çili diýen zenany tanamok! Ýöne ertiriñ özünde Luisi karnawaldan goýbermeseler, işe çykmajagyma söz berýän. Dogry-da walla... * * * - Troskiý bilen Lenin semräýen ýaly görünýä. - Göwnüñedir. Olañ duluklary ýerinde däl. - Näme üçin ýerinde däl. - Bütindünýä rewolýusiýasynyñ ýangynyny tutaşdyrmak üçin aldygyna üfleýärler. * * * - Hiç zada goşulmazlyk diýmek näme? - Ahmet ýorgany özüne çekýär. Abdul hem özüne çekýär. Ortada - maña ýyljak. * * * Tramwaýda: - Halys başyma çykdyñ. Birjigem sözüme pitiwa kylañok. Senden näçe sapar özelenipler haýyş etdim: öz syýasy garaýyşlaryñy daşyña çykarma diýdim! Sen welin göz-görtele eýýäm näçe sapar uludan dem aldyñ?! * * * Iki sany gedaý otyr. Biriniñ döşüne "Iwan", beýlekisiniñkä "Abram" diýlip ýazylypdyr. Ötegçiler pul taşlap geçip durlar. Olar Iwana bir manat oklasalar, Abrama hiç zat bermändirler. - Senem döşüñe "Iwan" diýip ýaz, onsoñ, saña-da pul bererler! - diýip ötegçileriñ biri oña maslahat beripdir. Ötegçi gidensoñ, Abram Iwana şeýle diýipdir: - Moýşa, ýañkyny gördüñmi? Bu alasamsyk ikimize akyl berjek bolýa! Toplan: Nazar NURÝAGDY. "Watan" gazeti, 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |