14:22 Taryhy ýomaklar -3 | |
TARYHY ÝOMAKLAR
Degişmeler
Amerikalylaryñ kosmos gämisi Marsa gonupdyr. Astronawtlar daş-töweregi synlap: "Nesip bolsa, bärde harby baza gurarys!" diýşipdir. Şol pursat gulaklary zömperip duran bir jandar çykyp, olaryñ sözüni bölüpdir: - Ýigitler, siziñ bu diýýäniñiz başa barmaz! - O näme üçin? - diýşip, amerikan astronawtlary ör-gökden gelipdir. - Sebäbi dek düýnüñ özünde kellesi ýylçyr pyýada gelip: "Bu taýyk tutuşlygyna mekgejöwen ekmeli!" diýip buýrup gitdi. * * * Kempir bazarda bir halta alma satyp oturyşuna gurbatynyñ çatdygyndan gygyrýar: - Çernobylyñ almasy... Kim alýa Çernobylyñ almasyny? - Aý, ene, señ kelläñ üýtgäp ýörmi? - diýip, ötegçileriñ biri kempire maslahat beripdir. - Çernobylyñ almasy diýip gygyryp dursuñla. Beý diýseñ muny kim alsyn? - Onam diýme, oglum! Alýalar. Eýýäm iki halta satdym. Biri başlyklary üçin alýa, ýene biri gaýynenesi üçin alýa... * * * Diktator içeri işler ministrini ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: - Ýap-ýañy daşary ýurt delegasiýasyny kabul etdim. Indem özümiñ eý görýän çilim gapyrjagymy tapamok. Derrew muny anyklañ! Ministr çykyp gidýär. Birnäçe wagt geçenden soñ diktator içeri işler ministrine jañ edýär: - Çilim gapyrjagym tapyldy. Ol stolumyñ üstündäki kagyzlañ aşagyna düşen eken. - Indi giç! - diýip, ministr jogap beripdir. - Eýýäm on ýedi adam çilim gapyrjagyñyzy ogurladym diýip boýun aldy we atyldy. * * * Deputat ýygnakda söz alýar: - Men biziñ döwletimize goşun saklamagyñ näçä düşýänini soramok. Men biziñ ýurdumyzda näme üçin işsizleñ kändigini soramok. Men ýene-de bir ýolagçy uçarynyñ asmanda näme üçin heläk bolanynam soramok. Men biziñ hökümetimiziñ sur telpekleri nireden alýanyny soraýan? Ýygnagyñ başlygy şeýle diýýär: - Häzir arakesme yglan edýäs. Sowala şondan soñ jogap bereris. Arakesmeden soñ dürli temalardan çekişmeler gidýär. Birdenem ýygnakda geplemän oturan deputat söz alýar: - Kärdeşler! Men goşun saklamagyñ biziñ halkymyza näçä düşýänini soramok. Men biziñ ýurdumyzda işsizleriñ näme üçin köpelýäninem soramok, men ýene bir ýolagçy uçarynyñ näme üçin partlanynam soramok. Men hatda biziñ hökümetimiziñ sur telpekleri nireden alýandygyny hem soramok. Men diñe sur telpekleri barada sowal beren dostum Wowanyñ nirä gürüm-jürüm bolanyny soraýan! * * * Ors işçisi başlygyndan soraýar: - Ýokardan tankyt diýilýän bilen aşakdan tankyt diýilýäniñ näme parhy bar? - Men saña şuny ömür ýadyñda galar ýaly edip bereýinmi? - diýip, başlyk ýokaryk, eýwana çykypdyr-da, işçä bolsa aşakda durmagy tabşyrypdyr. Ol şo taýdanam tüýkürip goýberipdir welin, ol gös-göni işçiniñ depesine düşüpdir: - Ine, şuña-ha ýokardan tankyt diýilýä. Indi tüýkürmek señ gezegiñ. Işçi ýokaryk çenenip, tüýkürip goýberipdir welin, öz kellesine düşüpdir. - Ine, muña-da aşakdan tankyt diýilýä! - diýip, başlyk kaýyllyk bilen hikirdäpdir. * * * Mekdepde: - Sosializmiñ manysy näme? - Munuñ özi kapitalizme tarap uzak ýoly añladýar. * * * Millioneriñ ýegençesi daýysynyñ garaklarynyñ gapylanlygy üçin oña göz-gulak bolmaly bolupdyr. Munuñ üçin zenan özüni SSSR-den Amerika goýbermeklerini haýyş edipdir. - Näme üçin siziñ daýyñyz millionlaryny alagetdin bärik gelmeli dälmiş? Siz oña bärde-de esewan bolup bilerdiñiz-ä? - Siz maña nädogry düşündiñiz öýdýän. Meñ daýym aklyndan azaşanok, onuñ diñe gözleri gapylypdyr. * * * Merkezi telewideniýäniñ diktory şeýle habar berýär: - Hormatly ýoldaş tomaşaçylar! Şu gün, 21:30-da, birinji azyk programmasy boýunça kakadylan kolbasaly buterbrod görkeziljek. * * * Karate boýunça ýaryş geçýär. Orta birinji sportsmen çykýar. Ol bat bilen elini salgap goýberýär. Şonda iki kerpiç çym-pytrak bolup gidýär. Bu usula "ýylan mekdebi" diýilýär. Ikinji sportsmen orta çykýar. Olam elini galgadyp goýberýär. Me saña! Üç kerpiç birden çym-pytrak bolýar. Muña "ýabany öküz mekdebi" diýilýär. Gezek üçünji sportsmene ýetýär. Ol kerpiçleri kellesi bilen hütüledip goýberýär. Ynanar dagy eder ýaly däl. On kerpiç birden kül-owram bolýar. Muña "ýokary partiýa mekdebi" diýilýär. * * * Sowal: - Kommunizmde pul bolarmy? Jogap: - Kimde-hä bor, kimde-de bolmaz. * * * - Kommunist bolduñmy? - diýip, başlyk ýanyndakysyndan sorapdyr. - Ýok- diýip, işe alynjak jogap beripdir. - Dogryñy aýt, hany, göni ýüzüme gara! - Weý, başlyk jan, ýadyñyzdan çykaýdymy? Mundan on ýyl ozal şu taýda meñ arzamy öz eliñiz bilen ýyrtyp, "Ozal basmaçy bolan ekeniñiz!" diýmänmidiñiz näme? * * * - Ogullamdan aýlanaýyn, üçüsem akylyñ öýi. Her hepde bileje gelip, meniñ halymdan habar alyp gidýärler. - Çagalañ näme kär edýär? - Biri söwdagär, ýene biri reketçi, beýlekisem milise. * * * Iosif Stalin Bagirowy ýanyna çagyryp, oña barmagyny çommaldyp, käýinipdir: - Sizde parahorlyk ýaman ösüpdir diýýäler. Şondan ötri, size iki hepde möhlet - parañ soñuna sogan ekilsin. Ýogsa-da, eýgilige garaşmañ! - Ýoldaş Stalin, bir hepdä ýetirmän Azerbaýjanda parahorlugy teýim-takyr ederin. Ýöne siz maña şoñ üçin näme berjek? * * * Ýangyjy gutaran uçar adamhorlaryñ mekan tutan jeññelligine gonupdyr. Uçardan iñlis, fransuz, ors düşüpdir. Üçüsiniñ hem amanyny-zamanyny ýetirmän, adamhorlaryñ serkerdesiniñ ýanyna eltipdirler. - Bu ikisini bişiriñ-de, agşamlyk şamyna taýýarlañ! - diýip, serdar iñlis bilen pereñlini görkezipdir. - Muny bolsa... - Ol orsa ümläpdir. - Syrtyna depip, bärden kowup goýberiñ! - O bşme üçin? - diýip, adamhorlar haýran galypdyr. - Bu meñ tabakdaşym bolupdy. Ikimiz Moskwada ýokary partiýa mekdebinde bileje okapdyk. * * * Deputatlaryñ ýygnagy gidip dur. Gün tertibinde ýurdy ykdysady krizisden alyp çykmak meselesi keserdilipdir. Biri çykyp, şeýle diýýär: - Geliñ, ABŞ-a, Kanada, Günbatar Ýewropa uruş yglan edeliñ. Olar bizi ýeñerler hem-de ykdysady krisizden alyp çykarlar. - Birdenkä biz ýeñäýsek näme? - diýip, oturanlardan biri sowal beripdir. * * * - Oglum "Özbegistany Orsyýediñ basyp alşy" diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. - Ýogsa-da, señ özüñ haýsy temadan gorapdyñ? - "Özbegistanyñ Orsyýede meýletin goşulmagy" diýen temadan gorapdym. Rus metbugat materiallaryndan toplap terjime eden: NAZAR NURÝAGDY. "Watan" gazeti, 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |