01:23 Taryhyñ çuñluklaryna uzaýan kökler | |
TARYHYÑ ÇUÑLUKLARYNA UZAÝAN KÖKLER
Taryhy makalalar
Taryh we arheologiýa ylymlarynyñ şu güne çenli ýüze çykaran maglumatlaryna görä, biziñ ata Watanymyz eziz Türkmenistan adamzat taryhynda ýüze çykan ilkinji medeniýetleriñ sallançagy bolupdyr. Alymlaryñ çaklamalarynu ortaça alanymyzda-da, Änew we Altyndepe medeniýetleriniñ ýaşyny iñ azyndan 8.000 ýyl hasap etmek mümkindir. Bu medeniýetleri gönüden-göni öwrenen ors alymlarynyñ pikirine görä, şol medeniýeti döreden kowumlar biziñ iñ irki ata-babalarymyzyñ bir şahasy bolmaly. Alymlar şeýle çaklamany ol ýerden tapylan ynsan heýkelleriniñ, kelleçanaklarynyñ biçüwiniñ häzirki türkmenleriñki bilen deñ gelýändigi, şonuñ ýaly-da, şol döwürlere degişli syrçaly gaplaryñ ýüzündäki nagyşlaryñ häzirki türkmen nagyşlaryna meñzeşdigi ýaly delil-tutaryklara esaslanmak bilen öñe sürýärler. Amerikaly alym Will Dorontyñ çaklamasyna görä, biziñ eýýamymyzdan takmynan 4.000 ýyl öñ Orta Aziýa ýurtlarynda agyr gurakçylyk bolupdyr. Şonda Änew medeniýetini döreden ilat ýaşamaga amatly ýurtlaryñ gözlegine çykypdyr. Olar üç ugra ýaýrap ýola düşýärler. Gündogara sary giden bölegi Hytaýa we Demirgazyk Amerika çenli, Günorta sary gidenler ~ Hindistan ýarym adasyna çenli çenli, Günbatara sary gidenler bolsa Mesopotamiýa we Müsüre çenli baryp ýetýärler. Olar özleri bilen äkiden medeniýetlerini täze, ýerli şertlere laýyk ýagdaýda dowam edipdirler. Bu göçüşlere goşulman ata Watanymyzda galanlar bolsa biziñ gadymy ata-babalarymyz bolmaly. Eýsem bizi şol irki ata-babalarymyza baglamaly, emma ençeme ýerinden gyrlan zynjyryñ ýiten halkalaryny nädip gaýtadan biri-birine sepläp bolarka? Bu babatda alymlar tarapyndan Türkmenistanda geçirilýän arheologik barlaglaryñ ýene-de köp zatlary ýüze çykarjakdygyna ynanýarys. Bu meselede bize dilimiziñ taryhyny, söz baýlygyny, sözleriñ köküni we olaryñ dörän taryhy şertlerini öwrenmek degerli esas berer. Gynansak-da, Änew we Altyndepe ýaly medeniýetleri döreden şol gadymy ata-babalarymyzdan olaryñ dilleriniñ aýratynlyklaryny aýdyñlaşdyryp biljek ýazgylar henize çenli Türkmenistanyñ çäginden tapylanok. Emma ýokarda aýdylan kowçumlaýyn göçüşleriñ Günbatara gidip, Mesopotamiýada (häzirki Yrakda) ýerleşen böleginden, ýagny sümerlilerden (şumerlerden) welin, gaty köp möçberde ýüzüne ýazylan tagtalar, ýagny, ilki çig kerpije ýazylyp soñ bişirileb ýazgylar galypdyr. 1914-nji ýyldan başlap, bu ýazgylar alymlar tarapyndan okalyp, olaryñ dili babatda ençeme ylmy-barlag işleri geçirildi. Şol ýazgylaryñ diliniñ sözlükleri düzüldi, grammatikasy öwrenildi. Sümerolog alymlaryñ ykrar etmegine görä bu dil türki diller bilen bir toparda ýerleşýän agglýutinatiw dildir. Birnäçe alymlar bolsa sümer diline prototürk dili (türki dilleriñ añyrsy, gönezligi) diýip at berýärler. Biz özümiziñ "TÜRKMENLER ~ SÜMERLER.." atly kitabymyzda bu ugurda ýazylan esasy çeşmelere salgylanmak arkaly türkmen we sümer dilleriniñ arasyndaky doly gabat gelýän ýa-da kökleriniñ birligi duýulýan sözlerden takmynan 300 sanysyny gysgaça sözlük görnüşinde beripdik. Olardan birnäçe mysal: ◆ SÜMER ◆ TÜRKMEN Ad-da - ata Agarin - garyn Er (ar) - är Ara (geçelge) - ara Ara-zu, arzuw - arzuw Bar - bar (barlyk) Bal - bölmek Be - beg (erkek adam) Dag - daş Dimer - demir E'ab - öý Gal - galdyrmak Uş - iş Uku - uky Buluk - bölek Dingir - Tañry Bal - balta, palta Zibin - çybyn Ur - urug Şu günki türkmen dili bilen şol wagtky sümer diliniñ arasynda ýatan 5.000 ýyllyk döwri göz öñünde tutsañ, beýle gabat gelmelere diñe bu iki diliñ hem iki halkyñ kökleri bir bolupdyr diýmekden başgaça düşünmek mümkin dälmikä diýýäris. Munuñ üstesine-de, türkmen we sümer dilleriniñ arasynda bir giden umumy grammatik elementler bar. Mysal üçin, düşümleriñ ýagdaýyna we olaryñ kabul edýän goşulmalaryna üns bereliñ: ◆ SÜMER ◆ TÜRKMEN Ana - ana, anga, oña Anda - anda, onda Anta - andan, ondan Aýry-aýry türkmen şiwelerini hem-de beýleki garyndaş türki halklaryñ dilini hasaba alsañ şeýle gabat gelmeleriñ sanyny has-da köpeltmek mümkin. Meseläniñ ýene bir gyzykly tarapy bolsa, takmynan mundan 1300 ýyl öñ ýazylan Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda sümer dilinde meñzeşlikleriñ köplügidir. Mysal üçin: ◆ SÜMER ◆ Orhon-Ýeniseý ◆ TÜRKMEN Ab, e - Ab - Öý Dingir - Tengri - Tañry Ad-da - Ad - Ata Ug - Uk - Ok (oguzça taýpa) Sümer dilindäki "ñ" sesini öz dillerinde bolmanlygy üçin araplaryñ şol döwürlerde ýaşap geçen ata-babalary" bolan akkadlar "ng" görnüşinde ýazypdyrlar. Edil şu gün hem biz şu sesi arap hatynda şekillendirenimizde "ng" görnüşinde ýazmaga mejbur bolýarys. Ýokarda getirilen inkär edip bolmajak delilleri göz öñünde tutsañ, halkymyzyñ 5.000 ýyllyk taryhynyñ bardygy, özi-de onuñ şu günki ulanylýan türkmen dili bilen aýrylmaz bütewilikdeligi orta çykýar. Sümer diliniñ ýazuwa geçen döwürlerinden Orhon-Ýeniseý ýazgylarynyñ döwrüne çenli takmynan 3.700 ýyl ýatyr. Gynansak-da, şol aralykdaky döwür hakda maglumatlar gaty az. Takmynan, 4.000 ýyl mundan öñ başlanan sak (iskit) taýpa birleşiginiñ hereketleri hem-de olaryñ guran uly döwletleri hakynda bize gaty az maglumatlar gelip ýetipdir. Emma muña garamazdan, şol taýpalar birleşigine giren saklar, sakaw, daz, par ýaly ençeme tire-taýpalaryñ halkymyzyñ şu günki etiki düzüminde bardygyny nazara alsañ, onda olaryñ diliniñ hem türkmen dilini baýlaşdyrmakda uly rol oýnandygyny çaklamak bolar. Sümer dilimiñ ýazuwa geçen döwründen Orhon-Ýeniseý ýazgylarynyñ döwri aralykdaky dile umumylaşdyryp, gadymy Turan dili diýilýär. Bu döwre degişli türki dillerinden azda-köpde sözler hem-de has atlar galypdyr. Gyzykly tarapy, bu döwre degişli söz elementleriniñ sümer sözlerine has ýakyn bolup, biziñ dilimiz bilen sümer diliniñ arasyndaky köpri ýaly bolup görünmegidir. Mysal üçin, ◆ SÜMER ◆ Turan d. ◆ TÜRKMEN Kur (dag) - Kurgan(depe) - Gorgan Anu, anna - Annap (Tañry) - Anna Anu (anna) sözi sümer dilinde "asman, gök Tañrysy", "Iñ uly Tañry" manylarda gelýär we umuman Tañry manysynda gelýär we umuman Tañry manysynda "DINGIR" sözüniñ ýany bilen ulanylypdyr. Şonuñ ýaly-da "Anna" sözi sümerlerde-de häzirki türkmen dilinde bolşu ýaly, aýry-aýry goşulmalary kabul etmek bilen aýal we erkek atlarynda ulanylypdyr. Mysal üçin, Kuli-anna ~ Tañrynyñ dosty, In-anna ~ gözellik Tañrysy we ş.m. Türkmen dilinde-de anna sözüniñ öñler Tañry manysynda ulanulan bolmagy ähtimaldyr. Anna güni ynançlara görä, Tañrynyñ güni manysynda gelýär. Şeýle hem "Annaberdi" sözi "Tañryberdi" diýen manyda ulanylan bolmagy gaty ähtimaldyr. Günbatar alymy J.Rawlinsonyñ grek ýazuwlaryna salgylanmak bilen ýazyşyna görä, "Annap" sözi-de gadymy Turan dilinde Tañry manysynda ulanylypdyr. Alymlaryñ soñky ýyllardaky açyşlary netijesinde gadymy Turan diline degişli maglumatlar barha köpelýär we aýdyñlaşýar. Zerdüşt dininiñ mukaddes kitaby bolan "Awestada" Turan diliniñ örän güýçli täsiri bolupdyr, hatda bu kitabyñ iñ gadymy bölümi bolan we Parfiýa döwründe ýazylan "Gatlaryñ" Turan diline degişlidigine ynanýanlar barha köpelýär. Bu barada tanymal alym hem türkolog A.Wamberi XIX asyryñ aýaklarynda şeýle diýýär: "Şu güne çenli çakdanaşa köp sanly türki sözler täze pars diline diñe XI asyrda ~ Seljuklar zamanasynda girendigi we gadymy parslarda şeýle sözleriñ ýokdugy hakynda ýalñyş düşünje öñe sürlüp gelinýär. Emma biz "Zend awesta" hem-de pählewi dili bilen tanşanymyzda bu düşünjäniñ dogry däldigine göz ýetirýäris. Pars diline giren türki sözleriñ seljuklardan gaty ir döwürlerde demirgazyk Eýranda (etniki araçäkde) ýaşan türkilerden hem-de türki bolmagy gaty ähtimal partlaryñ üsti bilen alnandygyny inkär etmek mümkin däldir..." Alym soñra örän gadymy döwürlerde pars diline giren aş, al (gyzyl), alow, orda, otag, çekiç, çepgen (çäkmen), gadagan, düşek, dost, kör, hana ýaly birgiden sözleri mysal getirýär. Wamberiniñ 150 ýyl mundan öñ aýdyp geçen pikirleriniñ dogrulygyny alymlaryñ soñky eden açyşlary hem goldaýar. Eýranly ildeşimiz Aýmämmet Aýmämmedi makalalarynyñ birinde "Awesta" kitabynyñ "Gatlar" bölüminden birnäçe sözi şu günki türkmen dili bilen deñeşdirmek arkaly "Awestada" ulanylan iñ irki diliñ hindi-ýewropa dillerine degişli bolman, eýsem şu günki türkmen diline örän ýakyn bir dilde ýazylandygyny öñe sürýär. "Awestadaky" türkmen sözlerine gabat gelýän sözler: Istaw ~ iste-mek (islemek), ýeim ~ ýygym (köplük), biýu ~ boýy, işahin ~ uçagan, aý ~ aýdyñlyk, ýesiri ~ esrik (mes). Ýokarda agzalyp geçilen delil-tutaryklary göz öñünde tutup, kökleri taryhyñ çuñluklaryna uzaýan halkymyzyñ gözbaşy müñýyllyklaryñ jümmüşinden gaýdýan örän baý diliniñ we egsilmez söz gorunyñ bardygyna doly ynanmaga haklydyrys. Begmyrat GEREÝ, Berlin. # nesil | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |