18:49 Wahhaby hereketi mezhepmi ýa-da halkymyza garşy howply "dildüwşükmi“ ?!. | |
WAHHABY HEREKETI MEZHEPMI ÝA-DA HALKYMYZA GARŞY HOWPLY "DILDÜWŞIKMI"?!.
Jemgyýetçilik tankydy
Taryh boýy adamlaryñ hem halklaryñ arasynda agzalalyk hem duşmançylyk döretmek, dünýäniñ talañçy we basybalyjy güýçleriniñ iñ täsirli ýaraglarynyñ biri bolup gelýär. Bilşimiz ýaly „Haçly ýörişler“ ady bilen tanalýan iñ gazaply hem weýrançylykly uruşlaryñ biri, hristianlar bilen musulmanlaryñ arasynda ýüze çykyp adamzat üçin uly pajygalara sebäp bolupdy. Aslyna seredeñde welin, bu dinleriñ ikisi hem adamlary bir Tañra gulluk etmäge, parahatçylyga hem doganlyga çagyrýar. Musulman ýurtlarda-da mezhepler arasynda agzalalyk döretmek, basybalyjy kolonialistleriñ iñ kesgir ýaragy bolupdy. Onuñ iñ meşhur nusgasy bolsa, Sefewiler döwründe yüz beren şaýy-sünni mezhebara ganly uruşlardyr. Hakykatda, täsipkeş hem dönük sefewi şaýylygy, Ýewropa kolonialistleriniñ yslam ülkelerini basyp almaklarynyñ garşysynda iñ güýçli böwet bolan Osmanly türkmen döwletini arkadan hanjar bilen uran gullukçysy bolupdy. Soñky ýüzýyllykda, has hem öñki sowet yurdy dargap sowuk uruş gutarandan soñ, bu mesele täze bir sepgide girdi. Biz häzir her günde diýen ýaly ganly hem gorkunç wakalaryñ şaýady bolýarys, yzygiderli şübheli hem öñ bize duş gelmedik ýok zatlar ýüze çykýar... Biziñ medeniýetli hem parahat milletimizi nyşana alan şeýle hereketleriñ biri-de wahhabylar akymydyr. Bu akym ençe ýyllar öñ Türkmensährada-da orta atylýardy, emma halkymyz oña hiç-hili üns bermän tiz hem unudylýardy. Mysal üçin, birwagtlar Annagylyç Ahun Nagyşbendi öz bäsdeşi bolan Muhammet Ahun Nurizady wahhabylykda aýyplap: "Ol mukaddes öwlüyäleri zyýarat etmegi günä hasap edýär“ diýip myş-myş ýayratdy. Emma halkymyz oña üns-de bermedi. Sebäbi ol "Kyrk öwlüýä ýalbarandan bir Hudaýa“ diýen atalar sözünden başga bir üýtgeşik zat däldi. Türkmen milleti uzak taryhynyñ dowamynda dürli dini ynançlary kabul etse-de, her hili öte geçmelerden, täsipkeşlikden we beýleki dinleri-dir halklary ýigrenmekden uzak durupdyr. Men bu barada aýratyn bir makalada, güýjüm çatdygyndan durup geçerin. Emma öñki sowet häkimiýetiniñ dargap Garaşsyz Türkmenistan Döwletiniñ ýüze çykmagyndan soñ, kesekiler tarapyndan belli maksatlar bilen maddy hem syýasy taýdan goldanýan bu „mezhep" gaýtadan janlanyp başlady. Olar Türkmensährada hatda öz yörite metjitlerini-de saldylar. Türkmenistana-da her edip hesip edip aralaşmaga başladylar. Mysal üçin, ýoksulrak oglanlary ýanap olary özlerine çekmek üçin "eger-de biziñ mezhebimize girseñ, sizi öýli-işikli ederis“ diýýändikleri aýdylýar. Şol bir wagtyñ özünde-de halkara habar beriş serişdelerinde hamana "Türkmenistanda ýüzlerçe terrorist baryp Siriýede söweşýärmiş!“ diýen myş-myşy ýaýradýarlar. Emma her bir türkmen ýa-da türkmeniñ medeniýeti hem däp-dessurlary bilen tanyş bolan her bir adam, halkymyzyñ terrorizm diýilýän zatdan düýbünden habarsyzdygyny we bu habarlaryñ howply niýetler bilen ýaýradylýan bihaýaçylykly ýalandygyna doly göz ýetirýändir. Elbetde, kä ýarym özlerini pula satan birnäçe türkmensumak oýnatgy we dikme gullaryny orta çykarmaklary-da bolup biläýjek zatdygyny inkär edip bolmaz. Ŷokarda agzalan hakykatlary göz öñünde tutmak bilen biz, elýeterimizde bolan maglumatlara daýanmak arkaly, bu ters akymy paş edip, onuñ döredip biljek howply netijelerinden mähriban halkymyzy habardar etmäge çalyşarys. Wahhabylygyñ geçmişi hem oýnan roly hakynda dürli çeşmelerden örän gysgaldylyp alynan aşakdaky maglumatlary görýäris: "Biz wahhabylygyñ başyny ýola goýan diñe kolonialistlerdir diýip düşünmeli däldiris. Beýle zat bolup bilmez, taryhy hakykatlar-da bu pikiri nygtamaýar (Elbetde olary sistemalaşdyran we yslam dünýäsiniñ başyna bela edenler ýene-de iñlisler boldy). Bu düşünjäniñ yzlary belli geçmişe daýanýar. Hakykatlara ýüzleý düşünmek yslam dünýäsinde hemişe öñden bäri dowam edip gelýän zatdyr. Wahhabylyk XVIII asyrda Muhammet ibn Abdylwahhabyñ Arabystanda düýbüni tutan mezhep hereketidir. Muhammet ibn Abdylwahhabyñ ynanjyna görä yslam dini hijri 3-nji asyrdan (X asyrdan) ýoluny üýtgedip başlady we dürli zatlar artdyrylyp üýtgetmeler girizildi. Ol ölüleriñ mazarlaryny zyýarat etmek hem-de dini we mezhep şahsyýetleri gaty ulaldyp mahabatlandyrmak ýaly meseleleri, soñ girizilen şeýle üýtgetmeler hasap edýär… Dinler we mezhepler uniwersiteti tarapyndan ýörite çagyrylan sosiologiýa ylymlarynyñ profesory doktor Jewad Miri bu düşünjäniñ köklerine hem ýüze çykyşyna degip geçip şeýle diýýär: "Köp kitaplarda Muhammet ibn Abdylwahhabyñ işleri hakda umumy görnüşde aýdylypdyr. Emma gysgaldyp aýtsak, bu proýektiñ ösüşi XIX asyryñ kolonializmi bilen ýakyn baglanşygy bardyr diýip bileris. XIX asyryñ kolonializminiñ gözi üç sany uly imperiýadady: 1). Hindistanyñ demirgazygyndaky Gürkanylar; 2). Beýik Osmanly imperiýasy; 3). Eýrandaky Gajar (türkmen) şalygy. Olaryñ üçüsinde-de XIX asyrda belli hadysalar boldy. Biz Eýranda babylar we behaýy akymy bilen garşylaşýarys. Osmanly döwletine girýän ýurtlarda bolsa, wahhabyçylygyñ ýüze çykandygyny görýäris. Çöküp barýan Gürkany imperiýasynda bolsa, kadyýanyçylyk ýa-da ahmadiýýa diýen pikir akymy ýüze çykýar. Bu akymlaryñ üçüsi-de, hereketini uly oýunlar bilen, XIX asyr kolonializmi bilen baglanyşyklylykda ösüp hem ýaýrap başlapdylar. Başga bir söz bilen aýdanymyzda, wahhabyçylygy biz ýönekeý bir proýekt hökmünde görmeli däl-de, eýsem wahhabyçylygyñ imperialistler tarapyndan taýýarlanan köp taraplaýyn bir proýektdigine düşünmelidiris. Imperializmiñ wahhabyçylyk bilen baglylygy Osmanly imperýasynyñ ýaýramagy we ýewropalylar bilen aralarynda ýüze çykan bäsleşige öwrülýär. Olar Osmanly imperiýasyny daşardan çökermegi başarmansoñlar, içinden güýçden düşürmeli diýen karara gelýärler…" Doktor Jawad Miri wahhabylyk düşünjesiniñ köküni has irräkden alyp gaýdýandygyny aýdyp şeýle ýazýar: "Muhammet ibn Abdylwahhabyñ düşünjesi Ibni Teýmiýeden başlanýar. Ol "Gurhany" öte geçme ýorumlamakda meşhurdyr. Ol öz düşünjesi bilen ylalaşmaýan her kimi "dinden çykan kapyr" hasap edýär. Ol hatda yslam dünýäsiniñ uly alymy bolan Hoja Nasyreddin Tusyny hem kapyrlaryñ sanawyna goşýar. Muhammet ibn Abdylwahhabyñ ruhy halypasy Ibni Teýmiýäniñ düşünjesinde; rowaýatlar diniñ esasy daýanjy hasaplanýar. Bu düşünjede akyla hem pikir ýöretmäge hiç hili ýer berilmändir. Wahhabylygyñ onçakly ýaýramadyk ýurtlarynda bu düşünjäniñ dürli taraplaryna kän üns berilmeýär…“ Wahhabylygyñ ýasama hem ýoýujy ýoly, iki asyr bäri edil güýe ýaly, dini bozup içini boşatmak bilen meşguldyr. Onuñ akyl hem adamzadyñ mylaýym tebigaty bilen ilteşigi ýokdur. Wahhabylyk yslamyñ täze döredilen mezheplerinden (has dogrusy sekta) bolup, yslamyñ dogan ýurdy bolan Arabystanda ösýär hem-de syýasy we ykdysady goldawlar arkaly beýleki musulman ýurtlaryna ýaýramakdadyr… Bu mezhebiñ gaty geñ hem akyla sygmaýan tarapy, Muhammet ibn Abdylwahhabyñ beren fetwasy, ýagny dini permanydyr. Ol bu permanda dünýäniñ ähli musulmanlaryny kapyrçylyk hem butparazlykda aýyplap, özüne ynanýanlary olary (ýagny "kapyrlary" we "butparazlary") gyryp ýok etmäge bolan gazaply uruşa çagyrýar (Ýada salyñ: imperialistik güýçleriñ hemaýatkärlik edýän "Iegowanyñ şaýatlary" atly hristian dünýäsinde döredilip, ýer ýüzüne ýaýradylmaga çalyşylýan sekta hem şuña meñzeş Armageddon urşuny wagyz edýändir. Bellik-H.T). Bu perman soñky iki ýüz ýyllykda pajygaly hem jan ýakyjy sahnalary ýüze çykardy. Şeýle perman ylahy dinlerde örän seýrek bolan zatdyr… Wahhabyçylygyñ musulman ýurtlarda propaganda edilmesi örän ähmiýetli meseledir. Munuñ sebäbi bolsa, bu mezhebiñ Ibni Teýmiýe we Muhammet ibn Abdylwahhap ýaly selefiçiler tarapyndan dogry ýoldan çykmagynyñ üstesine, musulmanlaryñ arasynda agzalalyk döretmekde amerikan we iñlis imperializmi tarapyndan örän täsirli ýarag hökmünde ulanylmagydyr… Özboluşly sopyçylyk yslamy yörgünli bolan Merkezi Aziýa we Demirgazyk Kawkaz ýurtlarynda wahhabizm ady bilen täze döredilen bir hereketiñ başy başlandy. Wahhabyçylygy bu ýurtlarda ýaýratmaga çalyşýanlar arap we käbir beýleki musulman ýurtlaryndan gelen wagyzçylardyr. Olaryñ yzyna düşenleriñ ilkinjileri "perestroýka" (üýtgedip gurmak syýasaty) başlanandan soñ daşary ýurtlardaky dini okuwlarda okamak mümkinçiligini tapan ýa-da belli bir şahsy ýa sosial meseleler üçin ýurtlaryndaky syýasy režime garşy bolan ýaşlardyr. Wahhabyçylygyñ ýüze çykmagyny öwrenen köp sanly Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygy (GDA) ýurtlarynyñ ýazyjylary bu akymy maddy taýdan üpjün edýän Saud Arabystanyñ rolunyñ bardygyna degip geçýärler. Bu ýurtlaryñ Garaşsyzlygyndan başlap, metjitleri salmak we yslamy öwretmek, daşary ýurtlardaky dini okuwlara okuwçy ibermek, dini kitaplary neşir etmek, arap dilini okamak we musulmanlary haja ibermek ýaly işleriñ ähli çykdaýjysy Saud Arabystany tarapyndan üpjün edilipdir. Şonuñ üçin hem käbir ýazyjylar wahhabylyk hereketiniñ diñe Arabystanyñ goldamagynda bilen ýüze çykandygyny öñe sürýär… "Jorj Buşyñ hökümet başyna geçmegi hem-de 2001-nji ýyldaky "11-nji sentýabr" teraktynyñ amala aşyrylmagy 2001-nji ýylda Amerikada we halkara gatnaşyklarynda täze bir özgerişleriñ başlangyjy boldy. Bu hadysa Amerikanyñ daşary syýasatyna birhili düzgün getirdi; çünki amerikanlar Waşingtonyñ dünýä agalyk etmeginine garşy bolan ähli güýçleri terrorizme ýardam berýänleriñ hataryndan diýip yglan etmäge başladylar. "11-nji sentýabr" terakty ABŞ üçin terrorizm diýen täze bir duşman döretmek arkaly öz güýjüni synap görmäge bahana barsyny döredip berdi. Täzeki ýüze çykan şertleri göz öñünde tutmak bilen Ak Tamyñ ýolbaşçylary bu günki we geljekki döwüre laýyk strategik bir düzgün-tertip döretmegiñ ugruna çykdylar. Onuñ netijesi bolsa „Amerikanyñ XXI asyr üçin milli parahatçylygy“ ýaly strategiýalaryñ düzülmegi boldy. 11-nji sentýabrda Dünýä söwda merkeziniñ goşa binasyna bolan terroristik hüjümiñ yzyndan Amerika dessine günäkär hökmünde El-Kaide, Taliban, Bin Laden ýaly radikal yslamçy toparlary we şahslary görkezdi we yzysüre bolsa söweşjeñ kerwenler terrorizme garşy uruş yglan edip Owganystana we Yraga tarap ýola düşdüler... Iñlis imperializmi şeýle düşünjäni döretmegi has irräkden başlapdy. 1920-nji ýylda Faýsalyñ ogullarynyñ birini Arabystandan getirip Yraga, Faýsalyñ ýene bir ogly Abdyllany Iordaniýa, üçünjisini bolsa Siriýa häkim edip bellediler. Şonuñ ýaly-da 1782-nji ýylda "Al-Halyfa" wahhaby toparyny Bahreýne häkim etdiler, olaryñ hemaýaty bilen 1820-nji ýylda bolsa, "Al-Halyfa" topary Saud Arabystanyñ wahhaby döwletiniñ kömegi bilen sünni wahhabylary Bahreýne göçürip ol ýerdäki şaýylary bolsa köpçülikleýin gyrýarlar. (Dowani, 1366, s. 58) ■ Wahhabizm we Al-Saud amerikanlar bilen iñlisleriñ gujagynda Amerikanyñ içalylyk (şpionlyk) guramasynyñ öñki ofiserleriniñ biri özüniñ gyzgyn seslenme döreden kitabynda, radikal yslamçy terrorizmiñ Orta Aziýada ýüze çykyşy hakda durup geçipdir. "Al-alem" adyndaky habarlar merkezi ilkinji gezek bu kitabyñ iñ ähmiýetli bölümlerini terjime we neşir etdi. "Al-alem" habarlar merkeziniñ açyklamagyna görä, "Şeýtan bilen ýatmak“ kitabynyñ awtory Robert Baýer Amerikanyñ habarlar merkeziniñ öñki aktiwist ofitserlerindendir. Ol MRU-da dürli wezipelerde işläpdir. Olardan biri-de bu guramanyñ Liwandaky bölüminiñ we 1983-nji ýylda „Ber-al-abdy“ partladan toparyñ başlygydyr… MRU-nyñ bu öñki işgäri öz kitabynda Arabystan bilen Amerikanyñ radikal yslamçy terrorizmi döretmekdäki hyzmatdaşlygy meselesine-de degip geçýär. Kitap 2003-nji ýylda neşir bolsa-da, onuñ arapça ýa-da parsçasy neşir edilmedi. Bu kitap jurnalistleriñ arasynda „Ak Tam we Gara altyn“ ady bilen hem tanalýar… 1970-nji ýyldan başlap, Arabystanyñ häkim urugy hem-de bu ýurduñ haýyr-sahawat fondlary özleriniñ nebitden gazanan dollarlaryny, Arabystan hem daşary ýurtlarda iñ gazaply, yslam ynanjyny aşa täsipkeş düşündirýän nesil ýetişdirmek maksady bilen, dini mekdep-medreseler gurmak ugrunda sarp edýärler. Şeyle ýagdaýda iñ radikal yslamçylar hökmünde ýene-de wahhabylar orta çykdy. Dini medreseler uruşmaga meýilli ganojak adamlary ýetişdirmek üçin iñ mynasyp mekana öwrüldi. Bu medreselerde ýetişdirilen ýetişdirilen radikal hem zalym, gazaply adamlar 1980-nji ýylda Owganystana giren sowet basybalyjylaryna garşy „mukaddes söweş“ (jihad) yglan edildi. söweşijiler Amerikanyñ ýaraglary bilen ýaraglanyp, bu ýurduñ ykdysady we lojistiki hemaýaty bilen doly üpjün edildi. Şeýlelik bilen „owgan-arap“ koalizasiýasy Moskwa garşy ganly söweşi alyp barmagy öz boýunlaryna aldylar we taryhyñ ýoluny üýtgetdiler. Hormatly okyjylar! Bolup geçýän hadysalaryñ perde arkasyny belli derejede düşündirýän bu hakykatlar, hemmämiziñ örän hüşgär bolmalydygymyzy talap edýar. Mähriban milletimiziñ bular ýaly howply duzaklaryñ pidasy bolmazlygy üçin elimizden gelenini etmelidiris. Bar mümkinçiligimiz bilen ýaşlarymyza göz-gulak bolmaly, bilmän duzaga düşenleri düşündirip halas etmeli, bile-bile özlerini pula satanlary bolsa aramyzdan çetleşdirmelidir diýip düşünýäris. Oba ýaşulylarymyzyñ ogrulyk-jümrülige ýa-da narkotik serişdelere garşy şeýle ýollary ulanmakda oñaýly tejribeleri bardyr. Özüñize mälim bolşy ýaly halkymyzyñ hanafy (Ymam Agzam) mezhebiniñ esasynda binýady tutulan örän arassa hem adamkärçilikli dini ynanjy bardyr. Taryh boýy biziñ aramyzda hatda ruhanylarymyzyñ arasynda nagyşbendilik, ýasawylyk ýaly sufistik akymlary-da bolupdyr, olar henizem bar we hiç hili meselesiz ýaşaýarlar. Türkmen topragy, dogry niýet bilen gelen ähli dinlerdir mezheplere ynanýanlar üçin iñ arkaýyn hem parahat ýurt bolupdyr, şu gün hem şeýle we elmydama şeýle bolup galmalydyram. Her milletiñ taryhynda her hili ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Emma duşmanyñ duzagyna düşüp, "o mezhep, bu mezhep" diýip bir-birimizi çapsak taryhy ýüzigaralyk bolar. Bu gysga makalamy, iñ agyr günlerimizde ruhy arkadagymyz hem ýol görkeziji parlak ýyldyzymyz bolan milli şahyrymyz hem Beýik akyldarymyz Magtymgulynyñ bir bendi bilen gutarýaryn: "Bir-biriñi çapmak ermes ärlikden, Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden, Agzalalyk aýrar ili dirlikden, Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý". Begmyrat GEREÝ, Germaniýaly türkmen alymy. ýanwar, 2014-nji ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |