14:49 "Gorkut ata" we "Gilgamyş" dessanynyñ arasyndaky meñzeşlikler | |
«GORKUT ATA» WE «GILGAMYŞ» DESSANYNYŇ ARASYNDAKY MEŇZEŞLIKLER
Halk döredijiligi we rowaýatlar
«Gorkut ata» dessanynyň 1500 ýyllygynyň dabaraly bellenmegi, bu eseriň hemme taraplaýyn has giňden öwrenilmegi, munuň özi halkymyzyň asyrlar boýy edip gelen arzuwydyr diýip düşünýärin. Milli türkmen döwletini gözüň göreji ýaly gorap saklamak, ony ösen ýurtlaryň derejesine ýetirmek üçin halkyň ruhy dünýäsiniň-de baý bolmagy gerek. Şony baýlaşdyrmakda edebi mirasymyz egsilmez hazyna hasaplanýar. «Gorkut ata» ýaly dünýä meşhurlygyny gazanan eserleriň giňden öwrenilip, häzirki we gelejek nesilleriň aňyna siňdirmek has-da uly ähmiýete eýedir. «Gorkut ata» dessany biziň ata-babalarymyzyň tarapyndan döredilip, ençeme nesilleriň pähim-paýhasy bilen sünnälenip, ösdürilip, kämilleşdirilip gelnen eserleriň biridir. Onuň, takmynan, 1500 ýyl öň doly kitap görnüşine girmezinden ozal hem gadymy ata-babalarymyzyň aňynda ýaşap gelendigi ikuçsyzdyr. Sebäbi bu eseriň içindäki kä sözler, edim-gylymlar, däp-dessurlar we dini ynançlar ýaly örän irki döwürlere degişli maglumatlaryň dünýäniň, ýazuwa ilkinji geçen (takmynan 5000 ýyl öňki) şumer eposy «Gilgamyşyň» many-mazmuny bilen deň gelmegi bu pikiri kepillendirýär. Biz «Gilgamyş» eposy bilen «Gorkut ata» hem-de käbir beýleki türkmen dessandyr ertekileriniň arasyndaky bar bolan meňzeşlikleriň, umumylyklaryň üstünde durup geçmegi göz öňünde tutýarys. Munuň üçin ilki «Gilgamyş» dessanynyň gysgaça mazmuny bilen tanyş bolalyň: Sumerleriň (şumerleriň) bu uly dessanynyň gahrymany Gilgamyş «Uruk» ülkesiniň şasy bolmaly. Enesi aýal taňry «Nin-sun»-dyr. Onuň göwresiniň aslynyň üçden ikisi taňry we üçden biri bolsa ynsandyr. Ol öz raýatlygyndaky adamlary gaty köp işledip, olara agyr salgytlar salýar. Bu ýagdaýda ýaşan halk Gilgamyşyň bu gabahat işleriniň öňüni alyp biljek we özlerini onuň elinden halas edip biljek bir mahluk ýaratmagy haýyş edip, taňrylara ýalbarýarlar. Taňrylar bu haýyşy kabul edip, Enkidu atly bir gahrymany ýaradyp iberýärler. Enkidu tokaýlarda haýwanlaryň arasynda ýaşaýar we olar bilen oturyp-turýar. Bir gün bir awçy ony görüp gaty gorkýar we bu wakany atasyna gürrüň berýär. Onuň maslahaty boýunça Enkiduwy özüne bendi edip biljek bir aýaly tokaýa iberýärler. Enkidu aýaly görüp, oňa ýakynlaşýar. Aýal bolsa ony haýwanlardan aýryp, şähere getirýär... Enkidu ilkibada Uruk şäheriniň gahrymany Gilgamyş bilen söweşe girýär. Iň soňy Gilgamyş ony ýeňýär. Şondan soň bu ikisi dost bolýarlar. Günlerde bir gün bu ikisi bilelikde, tokaýda ýaşaýan «Hum-baba» atly bir döwe garşy göreşmäge ýola düşýärler. Tokaýda Hum-babanyň garawulyna sataşyp ony öldürýärler. Şondan soň Enkidu hassalap 12 gün özünden gidip ýatýar. Özüne gelip bäri bakanda, Gilgamyşy bu dawadan el götermäge çagyrýar. Emma ony razy edip bilmeýär. Döw bilen olaryň arasynda aýylganç söweş gidýär. Iň soňunda olar Hum-babany ýeňip, onuň kellesini kesýärler... Bu gahrymançylygy gören aýal-taňry In-Anna (Iştar) Gilgamyşa aşyk bolýar. Emma Gilgamyş äsgermezlik bilen onuň söýgüsini ret edýär. Şondan soň In-Annaň gahary gelýär we atasy Asman taňrysy Anu-a şikaýat edip, Gilgamyşy öldürmek üçin, asmandan mukaddes buga (öküz) ibermegi haýyş edýär. Anu iň soňy bugany iberýär. Gilgamyş bilen Enkidu bugany öldürýärler we ýüregini bolsa Güneş taňrysyna hödürleýärler... Şondan soň Enkidu ýene-de hassalaýar we uzaga çekmän hem ölýär. Gilgamyş Enkiduwyň ölümine gaty gynanýar. Özüniň hem bir gün öljekdigini göz öňüne getirip, agyr gaýga gidýär. Ol Enkiduwyň ruhuny wagtlaýynça ýer ýüzüne çykarmaklaryny haýyş edip, taňrylara ýüz tutýar. Taňrylar onuň bu islegini kabul edip, Enkiduwyň ruhunyň wagtlaýynça ýer ýüzüne çykmagyna rugsat edýärler. Gilgamyş ondan ýeriň aşagyndaky dünýäniň (dowzahyň) we ýerdäki ynsanlaryň ýagdaýy hakda soraýar. Alan jogaplaryndan iýni titreýär... Gilgamyş ölümden gutulmak maksady bilen, ölümsizleriň arasyna girmäge çäre tapmak üçin ýurduny terk edýär. Şol bir wagtyň özünde tupandan (Nuhuň tupanyndan) gutulyp, ölmezleriň hataryna giren Uta-napiştimi hakydasyna getirýar we onuň ýaşaýan ýerini tapmak üçin ýola çykýar... Şeýlelik bilen, Gilgamyş «ebedi diriligiň» syryny tapmak üçin uzak ýola baş goşýar we köp wakalary başyndan geçirýär. Iň soňy ony belli bir deňziň düýbünde biten «ot» görnüşinde ele salýar. Emma ol oty alyp gelýärkä, bir kölüň başynda düşläp, suwa düşünmek üçin köle giren mahaly, bir «ýylan» ol otuň ysyny alyp gelýär-de ony ýuwudýar. Netijede, ol ýylan «ebedi ýaşaýşa» gowuşýar, Gilgamyş bolsa agyr gaýgy-hasrat bilen, umytsyz hem perişan ýagdaýda Uruk ýurduna dolanyp gelýär.... Taňrylar oňa ebedi ýaşamaklygyň diňe taňrylara mahsusdygyny, ynsanlaryň bolsa panydygyny, şonuň üçin hem olar (ynsanlar) şu dünýäde «iýip-içip, münüp, guçup» sagdyn hem oňat ýaşamalydygyny «ýolugan döwrany» sürüp, hoş geçirmelidigini ýatladýarlar. Ine, Gilgamyş dessanynyň mazmuny gözden geçirilende, her bir okyjynyň hakydasynda bu dessan bilen «Gorkut ata» we beýleki käbir türkmen dessanlarydyr ertekileriniň arasynda belli meňzeşlikler we hatda doly gabat gelmeler duýulýan bolsa gerek. Meniň pikirimçe, şeýle meňzeşliklerden şu aşakdakylary görkezmek bolar: 1. Gilgamyş örän kakabaş, pälwan hem-de il-güne ot ýakdyrmaýan adam görnüşinde çykyş edýär. Olary köp işledip, agyr salgytlar salýar, hatda «Uruk» şäheriniň daşyny beýik gala bilen gabaýar. Däli Domrul hem edil şeýle adamdyr. Ol hem «bir gury çaýyň üstüne köpri saldyryp, geçenden 30, geçmedikden bolsa 40 akjany zor edip alýar» (Döwhe goja ogly Däli Domrul boýy). 2. «Gorkut ata» we «Gilgamyş» dessanlarynyň ikisinde hem taňry (we ýa taňrylar) bilen ynsan arasynda belli derejede söweş we gapma-garşylyk gidýär. Mysal üçin: Gilgamyş taňrylaryň tarapyndan iberilen «Enkidu» (şonuň ýaly hem mukaddes öküz) bilen söweşýär. «Gorkut ata» eposynda bolsa Däli Domrul bilen taňrynyň tarapyndan iberilen Ezraýylyň arasynda söweş gidýär. 3. Gilgamyş we Dirse han ogly Bugaç, ikisi hem öküz bilen söweşýär. Gilgamyş Anuwyň tarapyndan iberilen mukaddes öküz bilen söweşýär. Dirse han ogly Bugaç bolsa Baýyndur hanyň bugasyny öldürip at gazanýar. 4. Gilgamyşyň ilki duşmany, soň hem dost bolan Enkidu tokaýlarda haýwanlar bilen ýaşaýar we bir aýalyň üsti bilen ol ýerden şähere getirilýär. Oruz gojanyň ogly Beset hem arslanlar bilen ýaşaýar we Gorkut atanyň nesihaty bilen oguzlaryň arasyna gelýär. (Beset Depegözi öldürdigi boýy) 5. Gilgamyş dessanyna degişli tabellalaryň birinjisinde Gilgamyş şeýle suratlandyrylýar: «Onuň görmedik zady ýokdur. Dünýäniň bütin paýhasydyr bilimlerini bilip, agtyk-çowluklaryna galdyran adamdyr. Tupandan (Nuhuň tupanyndan) öň onuň gopjagyny habar berdi. Uzak ýoldan gelip, ýorgun düşdi, emma dyza çökmedi. Başdan geçirenleriniň barysyny bir ýadygärlik daşyna ýazdyrdy». Gilgamyşyň şahsyýetiniň şeýle taraplary Gorkut atanyň şahsyýetine gabat gelýär. 6. Gilgamyş we Däli Domrul ikisi hem ölümden gaty gorkýarlar we olaryň hersi özüçe ondan gaçmaga synanyşýarlar. 7. «Gilgamyş» we Gorkut ata» eposlarynyň ikisi hem özbaşdak 12 bölümden ybaratdyr. Alymlaryň pikirine görä, ol ýylyň 12 aýyna uýgunlykda şeýle düzülipdir. 8. Gilgamyş bilen Enkiduwyň bilelikde «Hum-baba» atly döwüň kellesini kesmekleri, bir tarapdan, Besediň Depegözi öldürişine gabat gelse, ýene bir tarapdan bolsa, «Akpamyk» ertekisinde Akpamygyň ýedi doganynyň Gara döwüň kellesini kesmeklerine gabat gelýär. 9. Gilgamyşyň ebedi dirilik syryny tapmak üçin uly ýolagçylyga çykmagy, Akpamygyň döwleriň tarapyndan öldürilen ýedi doganyny gaýtadan direltmek üçin uly ýolagçylyga çykmagyna gabat gelýär. Aslynda bu dessanlaryň ikisinde-de ölüm bilen ýaşaýşyň arasyndaky gapma-garşylyk suratlandyrylýar. 10. Gilgamyş we Oguzhan ikisiniň hem eneleri taňry we göwreleriniň üçden ikisi taňrydyr we üçden biri bolsa ynsandyr. Gilgamyşyň enesi «Nin-Sun» we Oguzhanyň enesi hem Aýhandyr. Olaryň ikisi-de aýal taňrydyr. 11. Gilgamyş bilen «Göroglynyň» hem gylyk-häsiýetleriniň köp tarapy, olaryň ikisiniň hem ýer asty dünýäsi bilen baglanyşygy gaty çalymdaşdyr. Kä alymlaryň rowaýatlar esasynda açyklamasyna görä, olaryň ikisi-de 120 ýaşapdyrlar. Elbetde şeýle meňzeşliklere, belki, beýleki halklaryň edebiýatynda-da gabat gelinmegi mümkindir. Emma Gilgamyş eposy bilen biziň «Gorkut ata» we beýleki dessanlardyr ertekilerimiziň köküniň birligini, hatda sumerler (şumerler) bilen biziň irki ata-babalarymyzyň garyndaşlygyny we olaryň şu topraklardan göçüp gidendigini kesgitleýän bir giden inkär edip bolmajak ylmy faktlar-da bar. Mysal üçin, dil meňzeşligi (Grammatika hem söz düzüminde), ýer-ýurt atlary, taryhçy alymlaryň orta atan pikirlerem.... Biz bu makalanyň çygryna sygmajak şeýle faktlaryň barynyň üstünde «Türkmenler-Sumerler, Türkmenistan-Mesopotamiýa» atly çapa taýýarlan kitabymyzda giňden durup geçdik we şol sanda türkmen we sumer dilleriniň arasyndaky bar bolan meňzeş hem manydaş sözleriň 300-den gowragyny okyjylaryň dykgatyna hödürledik. Begmyrat GEREÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |