Biziñ eýýamymyzdan öñ 4000-nji ýyllara degişli şumer toýun ýazgylarynyñ birinde aýdylmagyna görä, çagalaryny okadýan ene-atalar mugallymlara para-peşgeş hödürlemek ýaly tekliplerde bolupdyrlar.
Göýä para-peşgeşiñ ilkinji taryhy resminamasy kimin toýun kerpiçlere oýulyp ýazylan bu baradaky maglumat Türkiýäniñ Stambul şäheriniñ Arheologiýa muzeýinde saklanýar.
"Şumer okuw günleri" atly ýazgyly toýun kerpiçde ikilikçi bir okuwçydan söz açylýar. Okuwçynyñ ene-atasynyñ çagasynyñ sapaklarda öñe saýlanmagyny isleýär. Munuñ üçin olar mugallymy öýe çagyrýarlar. Ony iýdirip-içirýärler, dürli sowgatlar berýärler. Ýazgy tutuş gijäniñ şeýle ýagdaýda geçendigini aýdýar. Netijäniñ nähili bolandygy toýun ýazgynynyñ dowamynda aýdylýar we yzygalak ikilikçi okuwçy birdenkä klasyñ iñ ökde okuwçysyna öwrülýär duruberýär. Ol klasyñ okuwçylarynyñ gözegçisi edilip goýulýar.