15:54 Taryhyñ iñ meşhur heleýbazlary | |
TARYHYÑ IÑ MEŞHUR HELEÝBAZLARY
Geň-taňsy wakalar
"Birniçelerniñ işi zowky-zynadyr subhu-şam..." Şeýdaýy. Heleýbaz erkekler adamzat taryhynyñ dürli döwürlerinde aýal-gyzlary öz ugrunda perwana etmegi ökdelik bilen başarypdyr. Olaryñ bolşuna käbir erkekler käte görübilmezçiligem edilipdir. Geliñ, taryhyñ iñ jalataý heleýbaz erkekleriniñ kimdigine ser salyp göreliñ... • Gilgameş Gadymy şumer şäheri Urugyñ hökümdary Gilgameş taryhyñ bize mälim bolan ilkinji heleýbazlarynyñ biridir. "Gilgameş" eposynda-da gürrüñ berilşi ýaly, Gilgameş nijeme aýal-gyzyñ başyny-gözüni aýlapdyr we yşk oduna ýakypdyr... • Çingiz han Basyp alan ýurtlarynyñ patyşalarynyñ, han-begleriniñ aýal-gyzlaryny nikaly ýa nikasyz tapawudy ýok, birlaý elinden geçirmegi halan ganojak Çingiz hanyñ heleýbazlygy hiç kimiñ çeni-çaky bolmandyr. Mongol haremhanasynda diñe Çingiz han üçin saklanýan aýallaryñ sany 360-dan geçipdir. Alymlaryñ hem güwä geçmegine görä, dünýä ilatynyñ 10 %-ne Çingiz hanyñ we onuñ ogullarynyñ gany gatyşypdyr. Hernäçe awy berlip öldürilendigi aýdylýanam bolsa, başga bir rowaýat Çingiz hanyñ sifilis keseli tutup ölendigini habar berýär. Dogrusy hem şu bolsa gerek. • Jakomo Kazanowa Taryhyñ iñ ýatdan çykmajak heleýbazy Jakomo Jirolamo Kazanowanyñ adyny eşitmedik ýok bolsa gerek. 1725-nji ýylda doglup 1798-nji ýylda aradan çykan we çakdanaşa heleýbazlygy bilen at gazanan italiýaly Kazanowa şol bir wagtyñ özünde meşhur syýahatçy we ýazyjydyr. Ol öz geçen durmuş ýoluny "Meniñ durmuşymyñ taryhy" («История моей жизни» - фр.: "Histoire de ma vie") atly kitapda beýan edipdir. • Don Žuan Meşhur heleýbazlardan bolan Don Žuan aslynda legendar we toslanyp tapylan çeper obrazdyr. Onuñ hekaýaty birnäçe gezek birnäçe ýazyjy tarapyndan işlenipdir. Halk arasynda Don Žuanyñ ady "heleýbaz" sözi bir manyda ulanylýar. Hekaýatlaryñ gahrymany Don Žuan aýal-gyzlaryñ başyny-gözüni aýlap olara öýlenjekdigi barada ýalan wadalar beripdir. Özem ol bu kezzaplygyndan utanyp-uýalmaýan, gaýtmyşym etmeýän tüýkesme heleýbazdyr. • Şekspir Taryhyñ iñ meşhur heleýbazlarynyñ arasynda beýik iñlis şahyry Wilýam Şekspiriñ adyny agzasak, geñ galyp oturmagyñ hajaty ýok. Onuñ şöhwet dolup-daşýan söýgi hakyndaky 26 sany sonetler çemenini özüniñ Dark Leýdi diýip atlandyran bir jelebe (başga bir rowaýatda ärli aýal) bagyşlandygyny bilende, Şekspir heleýbaz bolan däldir diýip kim pikir eder? Munuñam üstesine Dark Leýdiniñ ugrunda perwana bolup ýören wagty özüniñem maşgalaly bolandygyny we "gezýän" birnäçe aýalyndan birnäçe çagasynyñ bolandygyny aýtsak... • Lord Baýron Meşhur iñlis şahyry Lord Jorj Baýron sanawymyza girmäge doly mynasyp heleýbaz. Ýaman ýeri, Baýron diñe aýal-gyzlara aşa meýil bildirmek bilenem çäklenmändir, şol bir wagtyñ özünde ol beçebaz hem bolupdyr. • Korol Anri VIII Aýaly Anna Boleýn bilen arasyndaky söýgüsi kinofilmlere çelgi bolan Angliýanyñ koroly Anri VIII-niñ nikaly alty sany aýalynyñ we köpsanly oýnaşynyñ bolandygy taryhy hakykat. • Elwis Presli Memfisli kamaz sürüjisi bolup işläp ýörkä, birdenkä pop aýdym-sazynyñ parlak ýyldyzyna öwrülen Elwis Presliniñ ýaşap geçen ömründe ýakyn gatnaşyk saklan aýal-gyzlarynyñ sany barmak büküp sanardan köpdür. • Rudolf Walentino 1895-nji ýylda doglup 1926-njy ýylda aradan çykan meşhur italýan kinoaktýory ýaşlyk ýyllarynda birgiden aýal-gyzlary yzynda kökenek edipdir. Oýnaýan kinofilmlerinden ummasyz pul gazanan we romantiki rollaryñ birinji belgili gahrymanyna öwrülmegi başaran aktýor öz döwründe gaty kän aýal-gyzyñ bagryny ýakypdyr. • Jorj Kluni Sanawymyzda hökmany suratda ýer almaly ýene bir heleýbaz bolsa amerikan režissýory we aktýor Jorj Klunidir. Aýaly bilen aýrylyşansoñ jalataýlyga doly ýüz uran Kluniniñ "gezen" aýal-gyzlarynyñ arasynda Kelli Preston, Reni Zellwegr, Denise Krosbi, Kimberli Rassel... ýaly tanymal zenanlaram bar. • Süha Özgermi "Türkiýäniñ milli heleýbazy" diýip yglan edilen Süha Özgermini sanawa goşmasak aýyp bor. Biznesmen Süha Özgermi öz guraýan gözellik bäsleşiklerine gatnaşýan ýaşajyk gyzlaryñ köpüsini elden geçirýän eken. Şonuñ üçin ol "milli heleýbaz" adyny alypdyr. Özgermi 2013-nji ýylda togsan ýaşynda aradan çykypdyr. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |