13:02 Tatarlar mongolmy ýa türkmi?! | |
TATARLAR MONGOLMY ÝA TÜRKMI?
Taryhy makalalar
Turuwbaşdan "tatar" termini bulaşyk pikirleriñ döremegine getirýär, sebäbi dürli döwürlerde dürli manylarda ulanylypdyr. Ruslar bu sözi birnäçe asyrlap Russiýanyñ Ýewropa sebitinde ýaşaýan bütin türki kowumly musulmanlar üçin ulanypdyrlar. (1) Günbatarly ýazyjylar we taryhçylar bu sözi Türküstanda we Gara deñiziñ demirgazygynda ýaşaýan türki taýpalar üçin ulanypdyrlar.(2) Osmanlylar bolsa XVI asyrdan başlap "tatar" sözüni Demirgazyk türkleri üçin ulanypdyrlar: "Krym Hany Selim Giraý Hana Name-i Hümaýundyr: ...bu sene-i 'amîmul meýmenede dahi musammet olan gazwe-i meýmun we Jihad-i Hümaýunymyzda murâkafat we muwafakatlary me'mûl-i Hümâýûnymyz olub... we sair ümara we mirzâýân-y şejâat-disâr we jumhûr-i tâtâr-i 'aduw-şikar... 1696 ý" (3). (Hat asyl nusgasy bolan osmanly türk(men)çesinde alyndy). Gürrüñimiziñ has düşnükli bolmagy üçin başdan başlamak, bu sözüñ ilkinji gezek ulanylan wagtyndan başlap eýe bolan täze manylaryny gözden geçirmek gerek. Bu mesele has içgin öwrenilende "tatar" sözi ilki "mongol" sözüniñ deregine ulanylypdyr. Ibn Esir mongollardan söz açanda hemişe "tatar sözüni ulanypdyr: "Tatarlaryñ yslam ýurtlaryna gelişi"(4), "Tatarlaryñ Türküstana we Mawerannahra çykyşy"(5), "Kapyr tatarlaryñ Horezmşanyñ üstüne ýörişi"(6). Elbetde, bu ýerde ol buddist mongollary göz öñüne tutup aýdýar. "Tatarlaryñ gypjaklara we ruslara näme edendiginiñ ýatlanmagy"(7), ýa-da Çingiz hanyñ Jelaleddin Horezmşanyñ yzyndan kowgusyny beýan edende "...Jelaleddin Sind derýasyny geçmänkä Çingiz han tatarlar bilen bile onuñ yzyndan ýetdi" diýip ýazýar.(8) Ibn Kesir hem Çingiz han barada: "Tatarlaryñ iñ uly soltany, häzirki hökümdarlarynyñ atasy" diýip ýazýar.(9) Ibn Haldun hem "Bu soltan Çingiz han tatarlaryñ soltanydyr" diýýär (10). Mälim bolşy ýaly, Çingiz han mongol hökümdarydyr. "Tatar" sözi häzirki zaman arap taryhçylary tarapyndan hem "mongol" sözüniñ deregine ulanylýar. Mongol basybalyşlaryny görkezen kartanyñ rubrikasy hem "Tatar belasy, heläkçiligi" diýip bellik edilipdir.(11) Mongollar 1258-nji ýylda Bagdady basyp alyp, abbasy halyflygyny ýykmazdan öñ 1237-nji ýylda Moskwany basyp aldylar. Mongol (tatar) goşunynyñ aglaba bölegi gypjak türklerinden düzülendi. Türki taýpalardan düzülen mongol goşuny Russiýany XIII asyryñ başlarynda basyp alypdy.(12) Bu ýagdaý ruslaryñ Russiýanyñ Ýewropa bölegindäki ähli türki kowumdan bolan musulmanlara näme üçin tatar diýip atlandyrandygyny aýdyñlaşdyrýar: mongol (tatar) goşunynyñ aglabasy türki halklardandy. Ruslaryñ pikiriçe bütin Ýewropa Russiýasynda ýaşaýan musulman türkler mongol (tatar) basybalyjylaryñ nesilleridi. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak gerek: Mongol (tatar) goşunynyñ agramly bölegi türki taýpalardandy, ähli serkerde wezipeleri, hatda onbaşylyk hem mongollaryñ öz elindedi. Gypjaklar we beýleki türki taýpalardan toplananlar bolsa ýönekeý urşujylardy. XIII asyrda Hytaýyñ ep-esli bölegi, Türküstan*, Eýran, Yrak, Siriýa, Anadoly, häzirki Russiýa, Kawkaz, Krym, Ukraina, Polşa tatarlar (mongollar) tarapyndan basylyp alynypdy. Tatarlaryñ bu ümmülmez geografiki giñişlikde guran häkimiýetine tabyn edilen halklaram tatar (mongol) neberesinden gelip çykan dinastiýalaryñ agalygy astynda ýaşandyklary üçin "tatar" diýip atlandyryldylar. Şeýlelikde, XIV asyrdan başlap "tatar" sözi etniki, sosial we kowum bilen baglanyşykly söz däl-de, raýatlygy, ildeşligi añladýan söze öwrüldi. Mahlasy "tatar" sözüne etniki däl-de, syýasy many ýüklendi. Türki halklaryñ ýaşaýan ýurtlaryndan daşynda galanlar wagtyñ geçmegi bilen tatar (mongol) häkimiýetinden çykdylar. Kaspi we Gara deñiziñ demirgazygyndaky sebitlerde ýaşaýan türki kowumlarda bolsa "tatar" syýasy ady dowam etdi. Çingiz hanyñ agtyklary Gara deñiziñ we Kaspiniñ demirgazygynda araplaryñ we ýewropalylaryñ "Altyn Orda" ("Золотая Орда") diýip atlandyran "Gök Orda" ("Kök Orda") döwletini esaslandyrdylar. Gök Ordanyñ ( "Kök Orda" - ýagny "Asman döwleti" diýen manyny añladýar) Baty handan soñky ilkinji musulman hökümdary Bereke (Berke) handyr (1257-67 ýý). Bereke hanyñ Anadoly Seljukly türkmen hökümdarlarynyñ gyzy bolan aýalyndan Izzeddin atly bir ogly bolupdyr. Bereke han ogly Izzeddine Solhat we Sudak şäherlerini beripdir. Izeddin we onuñ ejesi müñlerçe musulman türk(men)i Anadolydan Kryma getirip ýerleşdiripdirler.(13) Gök Ordada dinastiýa Çingiz handan gelýändigine garamazdan, türkileşmek juda güýçlüdi welin, XIV asyryñ başlarynda Altyn Orda bu täsire garşy durup bilmändir we dolulygyna türki döwlete öwrülipdir.(14) Gök Ordanyñ hany Togtamyş 1396-njy ýylda Teýmirleñe ýeñilenden soñ bu hanlyk dargaýar we onuñ çäklerinde Kazan, Krym, Aždar (Astrahan), Kasym (Sibir) hanlyklary döreýär. Bu hanlyklaryñ diñe hanlary we ýokary wezipeli çinownikleri tatardy, ýagny mongoldy. Emma dolandyrylanlaram hökümdarlary tatar bolandygy sebäpli olara-da tatar diýilipdir. Bu edil Türküstandaky türklere başlaryndaky hanynyñ adynyñ Özbek bolandygy üçin "özbekler", Gök Ordanyñ hany Togtamyşa garşy söweşen tümen beginiñ adynyñ Nogaý bolandygy üçin onuñ tabynlygyndakylara we häzirki günlere çenli gelip ýeten nesillerine "nogaýlar", Osmanly döwletiniñ tabynlygyndakylara "osmanlylar" diýişleri ýalydyr. Wagtyñ geçmegi bilen hanlar we çinownikler hem türküleşipdirler. Krymyñ meşhur gahrymany Gazy Boraý Giraý han türki dilinde geplän ussat şahyr bolupdyr we klassyky türk sazyny ussatlyk bilen çalypdyr.** Krym halky XX asyryñ başlarynda "tatar" diýen atdan ýüz öwürdi... Patyşa Russiýasynyñ ahyrky ýyllarynda milletçilik prinsipleri öñe çykan badyna, Russiýada türki dilde gepleýän halklar öz öñlerinde "Biz türkmi ýa-da tatarmy?" diýen soragy goýdular we munuñ üstünde jedelleşdiler.(15) Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyñ düzüminde paýtagty Kazan bolan Tatarystan awtonom respublikasy bar. Bu ýurtda halkyñ ýarysyndan köpüsi musulman, ýarysyna golaýy-da ruslardyr. Musulmanlar türkçäniñ demirgazyk şiwesinde gürleýärler, olaryñ ata-babalary Ibn Fadlanyñ belleýşi ýaly, 992-nji ýylda (Anadolynyñ musulmanlaşmagyndan (has takygy türkmenleşmeginden,-t.b) 150 ýyl öñ) yslamy kabul eden Idil (Wolga) bulgarlarydyr. Idil bulgarlaryna arap çeşmelerinde Sagalibe diýilýär. Bulgarlaryñ başga bir şahasy bolan Dunaý bulgarlary 863-nji ýylda kam dininden (şamanizmden) hristianlyga geçdiler we slawýanlaşdylar. Häzirki bolgariýalylar şolaryñ nesilleridir. Tatarystandaky bulgar şiwesinde ulanylýan türki sözler diýseñ saldamlydyr (we türkmençä ýakyndyr, -t.b.). Meselem Duşenbe - "Başgün", aşgazan - "aşkazan" we ş.m... Tatarystanda ýaşaýan musulmanlar sünnidirler. "Tatar" sözi olaryñ kimligini anyklamak üçin ulanylýan ýöne bir at bolup hyzmat edýär. Kazan türkileriniñ ulanýan demirgazyk şiwesinde tatar(mongol)lardan galan gorkyny añladýan, bir tarapdanam olary ýañsylaýan aýtgylar bardyr: "Tatar barda khatar bar" ("Tatar bar ýerinde hatar bar"), "Tatar töre bulsa çabatasyn törge iler" ("Tatar baştutan bolsa, çarygyny törden asar", ýagny ýüzi ýyrtykdyr, gödekdir diýen manyda). Kazan türklerine tatar, beýlekilere bolsa başgyrt diýilýär. Bularyñ etniki we medeni taýdan biri-birlerinden hiç hili tapawutlanýan ýerleri ýokdur. Başga bir tarapdan, hakyky tatarlar Anadolyda XV asyra çenli duş gelipdir. Mongollaryñ Anadoly türkmenlerini 1243-nji ýylda Kösedag söweşinde ýeñmekleri bilen Anadoly mongol (tatar) basybalyşlaryna uçrady. Seljukly türkmen döwletiniñ ýykylmagy bilen onuñ ýerine birnäçe türkmen beglikleri döredi. Olaryñ içinde Osmanly begligi iñ kiçisi bolsa-da juda yhlaslydy. Beýleki beglikler biri-birleri bilen gyrlyşyp ýörkäler, Osmanlylar Wizantiýa we Ýewropa garşy jihad hereketlerine girişdiler. Olar gysga wagtyñ içinde döwlet derejesine göterildiler we dördünji hökümdar Ýyldyrym Baýezit Siwas, Tokat sebitlerini "kabâil-i tatardan olan Kady Burhaneddin*** desti tagallübünden"(16) bölüp aldy. Soñ-soñlaram Anadolyda tatar (mongol) taýpalary bardy... Has soñra Ýyldyrymyñ ogly Mehmet Çelebi Iskilip sebitlerinde 3-4 müñ töweregi çadyr gurulandygyny görüp, olaryñ tatar serkerdelerinden Minnet begiñ kowçumydygyny anyklady we olaryñ hemmesiniñ Filibe sebitlerine göçürilmegi barada görkezme berdi. Tatarlaryñ ýerleşdirilen ikinji gonalgasyna "Tatarbazar" diýildi.(17) Şu ýerde bir ýagdaý orta çykýar: Anadolyda mongol (tatar) agalygy dowam eden bolsa, Osmanly döwleti ýa-da başga bir syýasy gurama orta çykmadyk bolanda, onda Anadolyda ýaşaýan (türkmenlerem) Gara deñiziñ demirgazygyndakylar ýaly, başlarynda mongol hanedanlary durandygy sebäpli, "tatarlar" diýip atlandyrylmagy gaty mümkindi. Bu söz olaryñ etniki däl-de syýasy ady bolup galjakdy. Ýöne barybir Gök ordada we ondan soñky dörän hanlyklarda bolşy ýaly agalyk ediji mongol (tatar) hanedanlygy we asly mongollar Anadolyda-da türkileşmekden halas bolup bilmejekdigi görnüp duran zatdy. Şeýle hem "tatar" diýip at dakylan bu halka Çingiz handan soñ "mongol" diýlip başlanypdyr. Mongol sözi Mongoliýada we Orta Aziýada ulanylýanam bolsa, mongol imperiýasynyñ günbatar böleginde hiç wagt ulanylmandyr... Soñ-soñlar Russiýada we Günbatar Ýewropada Osmanlylardan başga tutuş türki halklary "tatar" diýip atlandyrandyklaryny(18) görmek bolýar. ■ Netije: Tatar sözi XIII asyrda mongol sözüniñ ýerine ulanylypdyr. Tatarlar (mongollar) Hytaý, Türküstan, Eýran, Anadoly, Yrak, Siriýa, Sibir, Russiýa, Gündogar Ýewropa, Krym, Polşa ýaly ýurtlary XIII asyrda basyp aldylar. Şol wagt Kaspi we Gara deñiziñ demirgazygynda göktürk(men), hun, peçeneg, gypjak, bulgar ýaly türki taýpalaryñ nesilleri ýaşaýardy. Tatarlar (mongollar) XIII asyrda bu sebitleri dolulygyna basyp aldylar. Tatar (mongol) goşunynda Türküstandan gelen täze türki kowçumlary-da bardy. Hem öñden bäri ol ýerlerde ornaşan, hem mongollar bilen bile türki kowçumlar mongol agalygyna tabyn bolup ýaşadylar. Mongol (tatar) häkimiýetiniñ astynda Gara deñiziñ demirgazygynda we Russiýada ýaşaýan hem-de tatar dili diýlip atlandyrylan demirgazyk türki dialektde gürleýän musulmanlar olaryñ nesilleridir. Şu ýerden hem "tatar" sözüniñ XX asyrda etniki gelip çykyşyñy görkezýän adalga däl-de, taryhy kimligiñi görkezýän sözdür diýen netije çykýar. Osmanly agalygy döwründe hemmeler Osmanla tabyndy. Ermeni, ýewreý, rum, arap, çerkez, gruzin, alban - bularyñ barsyna "osmanly" diýilýärdi. Gepiñ keltesi, XX asyrda "tatar" diýip atlandyrylan Russiýanyñ musulmanlary mongol däl-de, ata-babalary mongol agalygy astynda ýaşan we wagtyñ geçmegi bilen mongollary-da türkileşdiren türk(men)lerdir. ■ Çeşme: 1). Shirin Akiner, Islamic Peoples of the Soviet Union (London: 1986), p.55; 2). Günbatarlylar gelip çykyşy boýunça türküstanly türk bolan Teýmirleñi tatar hasaplaýarlar. Seret: Stanley Lane-Poole, Turkey (London: 1986) p.74: "Hakyky tatar Teýmir"; Stanford Shaw, History of the Ottoman Empire and Modern Turkey (Kambridge: 1976) I., p.32: "Eýrany basyp alan kuwwatly tatar Teýmirleñ". Muña garamazdan Teýmirleñ türkdür, enedili çagataý türki dilidir, mongol dilinde gürlemändir. Adamyñ şejeresini onuñ ene dili kesgitleýär. Onuñ ady osmanly türk(men)çesinde "Demir" diýip okalýar. Ýagny bu beýik hakanyñ ady Demirdir. Has atlar üýtgemeýändigi üçin osmanlylar oña Timur diýipdirler. Hatda onuñ ýigrenilýän ýeri bolan Siwasda-da "Lek Demür" (Agsak Demir) diýip ýatlanýar. Bilnişi ýaly onuñ bir aýagynyñ keýtikligi sebäpli Agsak Teýmir we Teýmirleñ ady bilen giñden tanalypdyr. "Leñ" (lenk) parsça "agsak" diýmekligi añladýar. Bu söz siwaslylaryñ dilinde az-owlak özgerip "lek" görnüşine gelipdir. 3). Türkiýäniñ Premýer-ministrliginiñ garamagyndaky Osmanly arhiwiniñ (BOA) "Name-i Hümâýun" depderi 6, sah.:205-206. (Bellik: asyl nusgasynda alyndy, t.b). Osmanly soltany Mustapa II Krymyñ hany Hajy Selim Giraýy haýwan awlaýan ýaly duşman awlaýan tatar halky bilen birlikde şol ýylda geçiriljek jihad ýörişine çagyrýar; 4). Ibn Esir "Kämil Taryh" (Beýrut: 1982). tom XII, sah.:358; 5). Ibn Esir, şol kitap, tom XII, sah.:361; 6). Ibn Esir, şol kitap, tom XII, sah.:369; 7). Ibn Esir, şol kitap, tom XII, sah.:387; 8). Ibn Esir, şol kitap, tom XII, sah.:397; ■ Goşmaça maglumat üçin seret: A). Ibn Esiriñ türkmen dilinde çykan "Kämil taryhynyñ" üç tomlugynda agzalan bölümlerde "tatar" sözi "mongol" bilen çalşylypdyr: 4-nji çykgyt - "Mongollaryñ yslam ýurtlaryna aralaşmagynyñ beýany (197-nji sah), 5-nji çykgyt - "Mongollaryñ Türküstana we Mawerannahra eden ýörişleriniñ beýany (197-nji sahypa), Ibn Esir "Kämil taryh" III tomlugyñ 3-nji tomy, Arap dilinden terjime eden: Kakajan Janbekow, "Miras" neşirýaty, Aşgabat-2005. B). Şeýle hem Atamälik Jüweýniniñ "Älem eýeleýjiniñ taryhy" atly iki tomlugynda hem "mongollar" diýip berilýär. Seret: Atamälik Jüweýni "Älem eýeleýjiniñ taryhy", Pars dilinden terjime eden: Aýgözel Geldiýewa, "Miras" neşirýaty, Aşgabat-2005 ý. (Dogrusy hem şol bolsa gerek). W). Bu "ýalñyşlyk" Muhammet Nesewiniñ Jelaleddin Horezmşanyñ ömri barada ýazan kitabynda bolsa Ibn Esiriñ Beýrutdaky neşiriniñ "ýalñyşlygyny" gaýtalanýar we terjimeçi tarapyndan asyl nusgasynda berilýär. Mysal üçin "Tatarlar, olaryñ tutumlarynyñ başy hem olaryñ mesgeni barada hekaýat" (12-nji sahypa). Muhammet Nesewi "Soltan Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany", Terjime eden: Kakamyrat Ballyýew, "Ruh" neşirýaty, Aşgabat-2001. G). Rus ýazyjysy Wasiliý Ýanyñ "Çingiz han", "Baty han", "Jelaleddin", "Soñky deñze çenli" atly ölmez-ýitmez eserlerinde-de mongol basybalyjylary köp ýerde diýen ýaly tatarlar diýip atlandyrylypdyr.-terj.belligi). 9). Ibn Kesir "El-Bidaýe wen Nihaýe" (Beýrut: 1985), tom VII, sah.:127; 10). Ibn Haldun "Kitabul Iber", (Beýrut:1981), tom V, sah.:593; 11). R.Ysmaýyl "al Faruqi and Lois Lamya' al Faruqi, The Cultural Atlas of Islam (New York: 1986) p.253; 12). Shirin Akiner, age., sah.:55; 13). Ataullah Bogdan Kopanski, The Sabres of East, an Untold History of Muslims in Eastern Europe (Islamabad: 1994) p.38. Bereke hanyñ ady "Berke" diýip ýalñyş ýazylan at bilen tanalýar. Aslynda Bogdan Kopanskiniñ bellemegine görä, bu hökümdar yslam dinini kabul edendigi üçin oña "bereket, yrsgal-döwlet" manysyny berýän "Bereke" ady dakylypdyr. (Müsürdäki Mamlýuk türkmen döwletiniñ hökümdary Soltan Beýbars hem Bereke hanyñ gyzyny özüne aýal edip alypdyr we oglunyñ adyna Bereke hanyñ adyny dakypdyr. - terj.belligi). ■ 13-nji çykgyda goşmaça maglumat üçin: Tanymal taryhçymyz Soltanşa Atanyýazowyñ ylmy işlerinde Krymyñ ýerli halkynyñ, ýagny Krym tatarlarynyñ esasy düzüminiñ türkmenlerden (şol sanda salyr we saltyk türkmenlerinden) emele gelendigini subut edýän ynamly faktlar bar. Bu bolsa ýokarda agzalan Izzeddiniñ we onuñ ejesiniñ yzyna düşüp Anadoly türkmenleriniñ Kryma göçendigi baradaky fakt bilen gönüden-göni biri-birini dogrulaýar. Anadolyda Seljukly döwletiniñ dargap, syýasy we sosial şertleriñ ýaramazlaşmagy Eýrandaky Ilhanly mongol döwletiniñ zulmunyñ artmagy (Ilhanlylar bilen Altyn Ordanyñ biri-birlerine duşmançylykly syýasat ýöredendiklerinden çen tutsañ, Altyn Orda býurokratiýasynyñ türkmenlere ýaranlyk güýç hökmünde garandygyny kesgitlemek kyn däl), Bereke hanyñ ogly, ýagny ýegenleri Izzeddiniñ hemaýatkärligine sygynyp, ýaşamak üçin has rahat ýerlere göçülmegi türkmenler üçin has amatly bolan bolmaly. Soltan Beýbars bilen hem dostlukly gatnaşyklary göz öñüne tutulanda, Bereke hanyñ türkmenleriñ doly täsirinde bolandygyny bilmek bolýar. Hatda Bereke han yslam dinini kabul edeninde, Mamlýuk döwletiniñ goşuny bilen bile Ilhanlylara garşy uruşyp ýören Altyn Ordanyñ Müsürdäki goşun birliklerinde gulluk edýän mongollaryñ ählisi diýen ýaly öz hökümdarlarynyñ hormatyna yslam dinini kabul edipdirler - terj.belligi). 14). Shirin Akiner, age., s.:55; 15). W.Bartold "Tatar", Encyclopaedia of Islam (Leiden: 1934), IV, p.701. 16). Mustapa Nury Paşa "Netâýijul Wukûât", Stambul-1327, I, sah.:10; 17). M.N.Paşa, age., sah.:30; Bartold, agm., sah.:701. Bartold tatarlaryñ Rumelä göçürilişiniñ taryhyny 1419-njy ýyl diýip berýär; 18). W.Bartold, agm., sah.:701. ■ Bellik: *Türküstan - "Orta Aziýa" sözüni ruslar we ýewropalylar ulanypdyr. Bu sözi I.W.Stalin hem köp ulanypdyr. Günbatar Türküstanda Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan we Gyrgyzystan ýerleşýär. Gündogar Türküstan bolsa Hytaýyñ golastyndadyr. Hytaýlylar ol ýere "Sinkiýang" (Täze eýelenilen ýurt) adyny dakypdyrlar. **Gazy Bora Giraý hanyñ şu setirleri onuñ döredijilikdäki kämilliginiñ ölmez-ýitmez delilidir: "Râýete meýlederiz kâmet-i dil-jû ýerine Tüğa dil bağlamyşyz zülf-i semen-bu ýerine Seweriz esb-i hünermend-i sabâ-reftary Bir perî-şekl sanem, bir gözü ahû ýerine". Goşgynyñ terjimesi: "Baýdaga meýlederis gülbeden gyz ýerine, Tuga göwün bereris hoşboý zülpleñ ýerine. Gaza ýolunda uçan kuheýlany söýeris Çokunyljak put kimin hüýrsypat gyz ýerine". Goşgy durşuna edebiýatymyzyñ iñ ajaýyp we kämil nusgalarynyñ biri hasaplanylmaga mynasypdyr. Baýdak - söýgüli gyzyñ endamyna, söýgüli gyzyñ saçy- atyñ guýrugyndan ýasalan tuga meñzedilip ýazylan ajaýyp metaforaly iki setir üçinem bir uly ylmy iş ýazmak mümkindir. Hatda bendiñ üçünji setirini öz mynasyp tony bilen okanyñda dikgirdäp barýan atyñ nalynyñ seslerini duýmak kyn däl. (Çykgyda goşmaça bellik: Gazy Boranyñ goşgusyndan görnüşi ýaly musulman tatarlaryñ yslama nähili jany-teni bilen hyzmat edendigini bilmek bolýar. Gynansak-da "Ajaýyp asyr" ("Mühteşem yüzyıl") ýaly şan-şöhratly geçmişimizi masgaralap düşürilen teleserialda tatarlary wagşy warwarlardanam beter edip suratlandyrypdyrlar. (Hürrem soltanyñ (Aleksandranyñ) obasyna çozulyp, onuñ gyrnak edilip satmaga äkidilen sahnasyny ýa-da salyñ). Eger musulman tatarlar şeýle wagşy millet bolan bolsa, onda beýik rus şahyry olaryñ guran medeniýetine haýran galyp "Bakjasaraý fontany" diýen ölmez-ýitmez eserini ýazmazdy. - terj.belligi). ***(Kady Burhaneddin - görnükli döwlet işgäri, alym, şahyr Burhaneddin Siwaslynyñ türkmen bolandygyny taryhy çeşmeler habar berýär. Ýöne M.N.Paşanyñ hem ynamdar çeşmedigi göz öñüne tutulanda, meselä has içgin çemeleşilmelidigi ýüze çykýar. Belki-de Burhaneddin Siwaslynyñ özi türkmen bolsa-da, tabynlygyndakylar (söweşjeñ goşuny) tatardyr ýa-da türkileşen mongollardyr? Taryhda başga taýpalara hökümdarlyk eden türkmen şahsyýetleriniñ mysallary kän. (Seljuklylar hem özleriniñ iñ şöhratly döwürlerinde döwlet işlerine parslary çekipdirler). Şonuñ üçinem bu çaklamanyñ deñesinden göz ýumup geçip bolmaz. Mongollaryñ jeñbazlyk ukybynyñ ylym-bilime bolan höwesinden has ýokarydygyny göz öñüne tutanymyzda, onda Burhaneddin Siwasly ýaly ylmyñ-bilimiñ howandary bolan şahsyýetiñ (şol sanda Teýmirleñiñ hem) mongollardan gelip çykmak ähtimallygyny puja çykarýar. Şeýle-de bolsa, bu döwürde agalyk ediji toparlaryñ köpüsi mongollardandy (has takygy hökümdarlar öz şejerelerini Çingiz hana baglanyşdyrmagy özlerine dereje bilýärdiler (Mysal üçin, Teýmirleñ). Sebäbi hökümdarlar ýurtlary Çingiz hanyñ ogullaryna paýlaýşy ýaly paýlanşykdan öz ülüşlerini añsatlyk bilen almak bilen (hatda üleşikde paý ýeten beýlekileriñ-de ýerini alyp) özlerini oña iñ mynasyp mirasdüşer hökmünde ykrar etdirmek isleýärdiler. - terj.belligi). Mehmet MAKSUDOGLY, professor. Marmara uniwersitetiniñ Ylahyýet fakultetiniñ ýörite žurnaly, 11-12-nji sanlary, 1993-1994 ý. Stambul - 1997 ý. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |