21:04 Terbiýe tilsimleri | |
TERBIÝE TILSIMLERI
Pedagogika we edep-terbiýe
Oglumyz: "Kaka, ýör bir salym daşarda aýlaň-çaýlaň edeli ýa-da şu kitaby okadym welin, şu ýerlerine düşünmedim” diýmez. Biz bolsa "Çagamyzyň dili bar, gerek zadyny özi aýdar” diýip pikir edýäris "Näme üçin ýaşaýañ?" diýip sorasaň, köp kişi "Çagalarym üçin" diýip jogap beräýjek ýaly. Dagy name, atalarymyz bizi adam etmek üçin ýaşady, bizem çagalarymyzy ile goşmak, çagalarymyzam öz çagalaryny hiç kimden kem, hiç zada zar bolman, kemsinmän ýetişmekleri üçin ýaşarlar. Hatda durmuşda uly maksatlar goýup, "il-günüm” diýýänlerem, megerem, ilki bilen öz çagalaryny göz önünde tutýan bolsalar gerek. Sebäbi öz çagalaryňa nepi degmejek maksadyň il-gününe neneň peýdaly boljak - bilmedim. Onda "Şu ýaşaýşymyz, çagalarymyz üçin ýaşadygymyzmyka?" Bu sowala-da "Dagy name?" diýesiň gelýär welin, biz öz başymyza ýaşaýarys, çagalarymyzam öz başyna ösýän ýaly. Hawa, biz olary geýdirýäris, iýdirýäris - muňa söz ýok. Ýöne oýlanyp göreliň, çagalaňňy hor-homsy saklasaň, ilki bilen özüň dost-ýarlaryň, tanyş-bilişleriň gözünden düşersiň. Şonuň üçin bolmagam mümkin otursa-tursa çagasynyň ýeňsesine çalyp, "Sen adam bolmarsyň, dogman geçen" diýýänlerem şol "dogman geçenlerini" gurjak ýaly geýindirýär. Çagalarymyz üçin ýaşaýanymyz hakykat. Ýöne çagalaryň üçin ýaşalanda nähili ýaşamaldygyny bilmeýän bolaýmalyň? Bu sowal geňrägem eşidilse eşidilýändir welin, bolup bilmejek zad-a däl. Hemmämiz gara başymyza gaý. Biriňi iki etjek bolýaň, ikiňi dört. Çagaňam näme, çagalar bagyna gitse, mekdebe gatnap dursa, garnyny doýursaň, eşigini geýdirseň boldugy dälmikä?! Belki, boldugydyr? Bu sowala çynymyz bilen jogap bereliň. Eger boldugy hasap edýän bolsaňyz, onda bu ýazgynyň dowamyny okajak bolup azara galsaňyz, ýitiren wagtyňyza gynanaýmasaňyz... Her gün ýadaman-ýaltanman itini gezdirmäge çykarýan pyýadany görüp: "Bäh, biz çagamyza şunça üns bersedik" diýip, oýlananyňy duýman galýaň. It diýlen haýwany wagtly-wagtynda daşarda gezdirmeseň, içerini hapalaýar. Ogluň näme, telewizor görseň, düşünse-düşünmese gapdalyňda oturar, oturmasa-da özi ýaly deň-duşuny tapar-da şoň bilen oýnar. Ýöne "Kaka, ýör bir salym daşarda aýlaň-çaýlaň edeli ýa-da şu kitaby okadym welin, şu ýerlerine düşünmedim" diýmez. Biz bolsa "Çagamyzyň dili bar, gerek zadyny özi aýdar” diýip pikir edýäris. Ýogsa, biz çagamyzy dürli sport, saz diýen ýaly gurnaklara ýazylasy gelse ýazdyrýarys. Ondan pul gysganmaýarys. Emma wagtymyzy hem şeýle jomartlyk bilen bolmasa-da, bäri ýany bilen eçilmegi başarsadyk. Çagalygymdan bir günüm hiç ýadymdan çykanok. Şol gün birhililik bilen meni öýkeletdiler. Megerem, meniň günäm ýok bolmaly, kakam meni gujagyna aldy, öz ýorgany bilen üstümi ýapdy. Şondaky begenjim hiç ýadymdan çykanok. Sebäbi kakam iş-aladalary bilen ertir gidip agşam gelýärdi. Öýde wagtam, köplenç ýany myhmanlydy. Onsoňam türkmençilikde çaga ulalyberensoň ony kän eljiredilmeýäni üçin kakamyň maňa hossar çykmasy, düşeginde ýatyrmasy maňa şeýle ýiti täsir edipdi. Biziñ içerimizde ýene bir düzgün bardy. Doganym ikimiz bäş ýaşlarymyzda kitaby gowy okap bilýärdik. Şol ýaşdan başlap hem öýüň ululary hökman bize Magtymgulyny, Göroglyny ýa-da dessanlarymyzdan birini hökman bir sagat töweregi daşymyzdan okatdyrardylar. Özem ýatylmazynyň öň ýanynda. Her kim düşegindedir, senem ýassygyňa döşüňi berip, çaga sesiň bilen kitap okamalysyň. Dogrusy, biz muny köplenç höwes bilen ederdik. Ejem dagy uklap galmasalar, diňleýändiklerini bildirseler bize ýeterlikdi. Emma terbiýe bermek niýeti bilen elinden tutulyp Günüň dogşuny görkezmek üçin ideklenip barylýan çagany göremde oňa nebsim agyrýar. Gözelligi biri saňa barmagyny çommaldyp görkezmänkä özüň, onda-da ýeke özüň görseň täsirli bolýar ahyry. Terbiýe bermek çylşyrymly iş. Ol seresaplulygy talap edýär. Çaga esger däl. Ol özüniň senden ejizdigini bilip dursa-da diýeniňi diýşiň ýaly edesi gelenok. Onsoň çagaňa gygyrmaly bolýaň, ýeňsesine şarpygam çalaýýaň. Eger siz çagaňyzy esger ýaly görýän, ondan şeýle tabynlygy isleýän bolsaňyz, juda ýalňyşýaňyz. Ondan gowsy oňa azar bermände her gün bir sagady köp görseňiz, ýarym sagadyňyzy oňa bagyş ediň. Ýörjen-ýörjen ýaşynda janlyja oýnawaç kimin söýen çagamyzy diňe ýaşynyň ulalandygy üçin ünsden düşürmäliň. Ylýas AGAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |