15:47 Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki | |
IKI AGAJYÑ SÖÝGÜSI HAKYNDA ERTEKI
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken diýip başlaysammykam? Ertekim gara gazana derek ak antennaly, Jemşidiň jamyna derek, dünýäni görkezip duran telewizorly, internetli, kompýurerli döwrüň ertekisi ahyryn. Şeýle döwürde bir bar eken, bir ýok eken diýip ertekä başlamagyň özem bir erteki. Ata-babalarymyzdan her näçe ozdurdykmykak diýsegem ýene olar öňde. Görüň ahyryn, mundan gowy aýtmak mümkin däl - bir bar eken, bir ýok eken... Hawa, bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda Şährişemistan diýen bir şäher bar eken. Bu şäheriň owadanlygy belent-belent binalarynda bolman, şol binalaryň mähir bilen gurlanlygynda eken. Jaýlaryň diwarlary kerpiçdenem däl, betondanam däl, mähirdenmiş. Düşegi aýnadan ýasalan köçeler ýöremäge şeýle rahatmyş. Maşynlar onuň ýüzünde edil suwda akan ýaly akyp barýarmyşlar. Aýna köçeler döwülmez eken, jaýrylmaz eken, öwrülmez eken, kesişmez eken. Adamlaryň ýanyndan gara kölegeleri däl, öz şekilleri aýrylmaz eken. Şol şekillerden adamlar biri-biriniň ýüzüne göni seretman, hal-ýagdaýlaryny añar ekenler. Içiňdäki duýgularyňa gaplanyp, özüň bilmän gussa batyp ýüzüňi aşak salsaň, ýolunda görünýän öz keşbiňe nebsiň agyryp nädip ýylgyranyňy bilmän galýan ekeniň. Ony görüp töweregiňde-de birgiden ýylgyryşlar peýda bolar eken. Şekiller şekilleriň üstünden geçende biri-birini mährem gujaklaýan ýaly bolar eken. Aýna köçeleriň gyrasynda ýaşyl baglar öser eken. Güller, gök maýsalar çar töwerekde nagyş ýaly çyzylyp, ülpüldäp oturansoň, göçüp-gonup ýören guşlaram bu şäheri terk etmeýärmişler. Maşynlar tüsselemeýän ýalymyş. Beýle owadan şäherde tüsseläp ýörmekden maşynlaryň özleri utanýan, bir näsazlyk tapyp tüsselemesi artan maşynyň özi utanjyna sakga duruberýän bolmasyn? Ýok, Şährişemistanda şeýle bir ussalar barmyş, olar maşynlar ýörände çykarýan tüssesini adamlaryň dem alanda çykarýan demindenem az bolar ýaly edenmişler. Şäheriň ortarasyndan akýan, akýany akmaýanam bildirmeýän derýaň suwunyň reňki asman bilen reňkdeş - göm-gök bolansoň, onuň ýüzünde daň atyp, Gün dogarmyş, agşam düşüp Aý. Suwunyň durulygyndan ýaňa derýaň içine iňňe gaçsa görner durar eken. Yüzüp ýören gyzyl balyklaryň topary bu derýanyň düýbünde çigildemler açyldymyka diýdirse, ak hem altyn balyklar deryadan çopantelpekler akyp gelýärmikä diýdirýän eken. Gyzlaryň başyndaky öýmesiniñ şemala ülpüldeýşine meňzäp saz edip gelýän tolkunlardan kenarda dörän ak köpürjikler bolsa, çogan süýdüň köpügi ýaly yumşak hem göze ýakymlymyş. Şährişemistan şeýle bir şäher, şeýle bir şäher, ertekilerdäki şäherler ýaly şähermiş. Görenler görküne haýranmyş. Ala daglardan aşan ýeriňde ýene bir şäher barmyş, o şäheriň adyna Şähritümüstan diýer ekenler. Bu şäher Şährişemistanyň tersine, ne köçesi barmyş, ne ýoly. Onda bir jadygöý kempiriň ýeke özi ýaşaýarmyş. Ol kempir möýleriň kerebinden sallançak ýasanyp, arassa howadan dem almagyň ýerine-de ajy tüssäni demine sorar eken. Aýlap-ýyllap suwa düşmänsoň, gart-gart gaşanyp, şo bolşuna-da özünden hoşalmyşyn. "Keýp çekýän" diýer eken. Günlerde bir gün Şährişemistanyň at-owazasy bu kempire-de gelip ýetipdir. Dünýäde şeýle şäheriňem bardygy, ondaky ynsanlaryň mähir içinde ýaşaýandyklary jadygöýüň ähli keýpini gaçyrypdyr. Ol "Men bütin ömrümi tümlügiňem tümüstanynda keýpine tüsseläp geçirdimmi?" diýip, gahar-gazaba münüpdir. Iň zäherli ýylanlardan bir agyny, birem garasyny tutup çüfläpdir-de, olary ýüpe öwrüpdir. Soň ony kyrk iýşip, kyrk syçanyň hininden geçiripdir. Kyrk günläp dem salyp, kyrk ýerinden düwüpdir. Kyrk batgadan alan läbigini kyrk gün gaýnadyp kyrk damja zäher ýasapdyr. Ýasan zäherinem kyrk düwünli ýüpüniň her düwnüne bir damjadan damdyryp çykypdyr. Şondan soň ol ýüpüň her düwnüni bir bölege bölüp, Şährişemistanyň üstüne uçup barypdyr-da, her bölegini şäheriň bir künjüne oklapdyr. Bu zatlardan habarsyz Şährişemistanda adaty - eşretli günler dowam edýärmiş. Diňe kyrk günden soň jadygöý kem- pirin oklap giden düwünleriniň düşen ýerinde kyrk dürli erbetlikler döremäge başlapdyr. Ýoknasyz degişmek, öýke-kine, gybat, boş jedeller, ajy söz, göwnüýetmezçilik, agzalalyk... Sanasaň günäsi bar. Sährişemistanlylar sähel zadyň üstünde oňuşman başlapdyrlar. Soň şäheriň ilaty ogurlyk, ýalançylyk, hile-al ýaly belalara uçrapdyr. Güýç-güýç ýeteniňki diýilýän döwür gelenmiş. Adamlar biri-birini dawa-jenjellerde arka tutunmak üçin gowy görmäge başlapdyrlar. Şeýdip toparlar döräpdir. Kanunlar güýçlülere hyzmat edipdir, ýetimiň ýesiriň haky iýlipdir. Halaly-haramy seljermek kynlaşypdyr. Jadygöý kempir eden işiniň miwesini görüp, kyrk gezek kikirdäp gülüp heşelle kakypdyr "Aýtdym ahyryn men keýpine bütün ömrümi tokaýlarda ýatyp-turup, ajy tüsseden sora-sora jadygöýlük edip geçirmedim diýip". Şährişemistanyň bolsa dury derýasam bulanmaga başlapdyr. Derýaň boýunda gamgyn oturan bir ýigit muny görüp hasam gama batypdyr. Şol wagt onuň gaşyna tylla balyk ýüzüp gelipdir-de, şäheri halas etmegiň syryny aýdypdyr. - Eý ýigit, müň gaýgy bir iş bitirmez. Men saňa başyňyza düşen beladan halas bolmagyň ýeke-täk ýoluny aýdaýyn. Emma ony nädip başaryp boljakdygyny bilmeýärin. - Aýtsana, tylla balyk, belki, bir alajy bolar. - Aýtsam, şäherde iki aşyk ýaşap geçmeli. Olar ömürboýy biri-birinden gözüni aýryp bilmän otursalaram, sesleri biri-birine ýetip durka, biri-birlerine elleri ýetmeli däl. Olar diňe ölenlerinden soň barlyşmaly. - Haý, tylla balyk, bulançak suwa seňem aklyň çaşypdyr öýdýän, heý, iki aşygyň biri-birine sesi yeter-de, eli ýetmezmi? Heý, iki aşygam biri-birini görüp durubam barlyşyp bilmezlermi? Tylla balyk ýigidiň soraglaryna jogap berjegem bolman bulançak suwda gözden gaýyp bolupdyr. Şährişemistanly ýigit tylla balyga ynanjagynam bilmändir, ynanmajagynam. Bu wakany kime gürrüň berse ynanylmadan geçen gaýta üstünden gülnüpdir. Ine, şeýle günleriň birinde-de gök gümmez Asman söýgüsini duyduryp Zemin gözýetiminiň döşüne älemgoşar dakanmyş. Bir görmegeý ýigit bilen bir owadan gyz hem hersi eline bir düýp nahal alyp, deň-duşlary bilen agaç ekmäge çykanmyş. Ýigidiň gyza ýakyn durasy, elindäki nahalyny gyzyñ nahalyna ýakyn ekesi gelipdir. Diňe göz gyýtagyny aýlanda yigitler içinde bir yigide duşanyny aňan gözel gyzyňam ýüregi yşk bilen edaň arasynda perwana deý perwaz urmaga başlan. Şol wagtam käriz başynyň gögerçinleri ýaly gyzyň joralary bir tarapdan, ýigidiň deň-duşlary başga bir tarapdan güsürdeşip gelenmişler. Söýginem aňmanmyşlar, yşkam. Gyzlar gyzyň, oglanlar oglanyň nahalyny ekip berip, gyz bilen oglanam erkine-de goýman, sürülerine goşup uçup gidenmişler. Gyzlar bir ýana, oglanlar bir ýana. Ýigit gyzyň edadanam aşyp, özüne bakyp ýylgyranyny görmäge-de ýetişmändir. Ol soň, öýüne barandan soň, geljeginden jyda düşenini aňyp yzyna ylganmyş. Demi-demine ýetmän gelse, hälki ýerde biri-birine intizar bakyp oturan nahallaryndan başga hiç kim yokmuş. Oglan aýlanan-dolanan yerlerine bakypdyr. Birdenem öz oturdan nahalynyň töwereginde gözel gyzyň edil ýaňja galdyran ayak yzlaryna gözi düşenmiş. Entek pyntygam ýarmadyk ýaşajyk naha- lyň ýaşajyk golunyň birine bolsa ýüpek elýaglyjak daňylyp gidilipdir. "Bu şoldur! Gör-ä munuň yumşajykdygyny! Munuň ysy ýaly ys güllerde-de yokdur, illerde-de. Bu maňa yşaratdyr! Ýa, ýöne, eken nahalyna bellik etdimikä, ýa ýakan ýüregine bellik etdimi? Oh-h! Indi bildim Kaýysyň nädip Mejnun bolanyny! Mejnuna däli diýýän bolsaňyz siz Leýliňizi gören dälsiniz. Of-f..." Ýigit dert çeke, dert çeke öýüne gaýdanmyş. Şol wagtam gyz gelenmiş. "Gelipdir. Ýaglygymam alypdyr. Ýa gowşak daňaýdymmykam? Ýel alaýdymyka? Ýa bir bigäne aldymyka? Ýok, bu şok dur! Indi düşündim Şasenemiñ derdine. Şa gyzyka bir garyba aşyk bolşuna. Men şa gyzam däl, Senemem. Men diňe, men diňe... şu nahaly oturdan gyz, bu nahaly oturdyp giden oglana-da aşyk. Boý al, daragtym, boý al. Belki-de biziň saýaňyzda duşuşjak wagtymyz bardyr". Bu umytlaryna gaplanyp gyzam gaýdanmyş. Oglan ertesi ýene gelenmiş. Ol bu gezek tä gyz gelýänçä gaýtmanmyş. Şeýdibem aşyklaryň umytlary hasyl bolan eken nahallarynyň ýanynda aşyklar yşk derdini paýlaşmak üçin duşuşyp başlanmyş. Aşyklaryň yşkyndanmy ýa togsan dolup ýere ýyly gidendemi, ýaşajyk nahallaryň şahalarynda-da düzüm-düzüm nokatlara meňzeş pyntyjyklar daglarda dömüp çykýan wulkanlaryň ýarylyşy ýaly ýarylmaga başlanmyş. Ýaşajyk şahalara şelpe bolup düzülen terje ýapraklar sähel şemala tolkunyp-tolgunyp bir-birlerine söz gatanmyşlar. Nahallaryň kalbynda-da yşk hesreti oýananmyş. Yşka düşen aşyk nahallaryň boý alşyna gije ýyldyzlaryň gözi gidenmiş, gündiz Güneşiň. Gündiz guşlar bu aşyklaryň söýgi sözlerini gatnatsa, gije mymyjak şemal arada gezenmiş. Daň saz berende süýt reňkine boýalýan, agşam şapagynyň reňkine bolsa gyrmyzy öwüsýän ýaşyl ýapraklar şemalyň getirýän habarlaryna begenip tans eder eken. Ýapraklaryň täsin hereketlerinden joşa gelen şahalar ygşyldap owsun atmaga başlar eken. Bu tansa goşulmak üçin Güneşden ýere çenli ençeme müň ýyllyk ýoly geçip şöhleler gelermişler. Asmanda ak bulutlar ak lybasly periler kimin gol tutuşyp döwre gurarmyşlar. Suratkeşler biri-birlerine dyrnagyň üsti ýalam süýşüp bilmän bir duran ýerlerinde tans edýän agaçlaryň täsin tansynyň suratyny çekipdirler, tansçylar tansyň üýtgeşik owadan hereketlerini olardan öwrenipdirler. Nahallar ösdügiçe, olaryň ösüp oturan ýerine aşyklar köp geldigiçe kiçelip ýere siňip gidip barýan jadygöý kempir şemala: "Ýene azajyk gatyrak ös, goý döwülse-döwülsünler. Soňra olary ýaksynlar "yşk odunda". Ýene azajyk gatyrak ös" diýip ýalbaranmyş. Şemal ýuwaş-ýuwaşdan güýjäp ugranmyş. Ýaş daragtlar eglip şahalary biri-birine ýetäýjek-ýetäýjek bolupdyr, emma olar döwülmänmiş. Jadygöý kempir nätjegini bilmänmiş. Nahallar bolsa ösüp, bedenleri berkäp, berdaşly agaç bolup yetişenmişler. Olaryň saýasyna gelýän aşyklaryň sany hem gün-günden artýarmyş. Jadygöý kempir ahyrynda-da agaçlary gopartmaly diýen netijä gelipdir. Kyrk künjeginiň her künjeginde kyrk erbetligi döreden şäherinden bet niýetini amala aşyrjak adamlary tapmak oňa kyn düşmändir. Ine-de negözel agaçlara palta, byçgy salyp ugrapdyrlar. Her palta degende agaçlaryň ýaşyl ýapraklary tisginip-tisginip gidipdir. Byçgylar iňläpdir, şahalar zaryn-zaryn ses edipdir. Daragtlaryň halyna ýüregi gyýlanlaryň biri dutar ussasy eken. Ol ýadygärlik galsyn diýip agaçlaryň birinden dutaryň kädisini, beýlekisinden sapyny ýasapdyr. Dutaryň sapynyň kädisine şeýle jebis barşyna ussa haýran galanmyş. Şeýdip aşyklaryň biri-birine barlyşandygyndan onuň habaram bolmandyr. Dutardan şeýle bir şirin owaz çykypdyr - ony eşiden bilbiller saýramasyny goýanmyş. Ony diňleýän Şährişemistan ilatynyň ýüzi nurlanyp, kalby ýumşanmyş. Erbetlikleriň gözbaşy bolup ýatan kyrk düwün çözülenmiş. Olardaky zäher ýagyşyň-garyň suwuna eräp, ýere siňip gidenmiş. Şährişemistana ýene bagtly günler gaýdyp gelenmiş. Şäheriň ortasyndan geçýän derýaň suwy durlanyp, owadan balyklary oňa gaýdyp gelenmiş. Dutaryň her sazynda gitdigiçe kiçelýän jadygöý kempir ýere siňip gidenmiş. Ylýas AGAÝEW. | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |