13:49 Terslin-oñlyn teýeneler | |
TERSLIN-OÑLYN TEÝENELER
Degişmeler
• Syr Mylakatly sözler, adamkärçiligiñ gizlin syrlary diñe lukmanlara aýan. Ol sözleri hatda maşgala lukmanlarynyñ agzyndan hem añsat-añsat eşidäýmersiñiz. Syr-syr bolýar-da... • Doga Eli düwünçekli mollany obasyna äkidip barýarkam, öñde awtoinspektoryñ duranyna gözüm düşdi: - Molla aga, doga oka, saklasa işim pyrrykdyr- diýdim. Molla doga okady, biz inspektoryñ deñinden geçip gitdik, ol bizi saklajagam bolmady. Az-kem ýöränimizden soñ, ýene-de bir inspektora gözüm düşdi. Men molla soragly seretdim, ol düşündi, doga okamaga başlady. - Bu gezek has güýçlüsini okandyryn, arkaýyn sürüber - diýdi. Inspektor ala taýagyny galdyrdy, biz durduk. Mollanyñ elindäki düwünçege ýapyşdym, düwünçekdäki puly deñ paýlaşmadyk bolsam, inspektora berer ýaly gara şaýymam ýokdy... • Nöker nähili adam? - Nöker nähili adamdyr - diýip, märekede oturanlaryñ biri Hally Tümenden soran. Ol: - Nökeriñ bir adamlyk ýerem bardyr, üç adamlyk ýerem bardyr, gyzan bazarda bir şaýa degmejek ýerem bardyr - diýen. Onda märeke: - Hany, diýmesine-hä, diýdiñ, indi düşündirmäni bir başar - diýen. - Bir adamlyk ýeri diýýänim-ä, Nöker goýy kölegede ýatan bolsa, uzagrakdan gözi düşen "Bir kişä ýatyr" diýer. Üç adamlyk diýenim, onuñ öñünde ýagly dograma goýsañ, üç kişilik iýer. Gyzan bazarda bir şaýa degmez diýenimi bilmek isleseñiz, ony gürlediñ-de göräýiñ... Ilaman MUHAMMETJUMAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |