18:40 Degişmeler | |
DEGIŞMELER
Degişmeler
- Döremän geçen, şu atişgiri kim oýlap tapdyka?! - O näme etdi saña? - Henizem mañlaýymdan yzy gidenok. * * * - Leksiýa okadyñmy? - Möhür-ä goýdurdym. - Temasy näme? - Olar-a soramady, menem aýtmadym. - Beýle bolsa "Formalizm biziñ jemgyýetimiz üçin ýatdyr" diýip ýazaý. * * * - Dükanyñ satyjysy "gaýtargyñy al" diýip halys goýmady. - Sen nätdiñ? - "Öñküje edýäniñi ediber" diýdim. - O näme diýdi? - "Onda ýene on köpük okla" diýdi. * * * - Siziñ başlygyñyzyñ iñ gorkýan zady näme? - Ýapyşyp oturan stoly. * * * - Lukmanlaryñ käbiri para alýar diýýärler welin, sen şoña ynanýarmyñ? - Ýok. - Biziñ-ş gulagymyza degýär. - "Eli ýeñillik" diýip almaýan barmy näme... * * * - Sen nähili adam-aý? - Kyrk ýaşap, eklenji kakasynyñ boýnunda diýäýmeseler, başga kemim bardyr öýdemok. * * * - Seniñ pikiriñçe niýeti erbet adamlara kimleri goşsañ bolar? - Telpegi aganlary. - O näme üçin? - Olar görenine "Şuña dagy aýal nämesine gerek-kä" diýip pikir edýärler. * * * - Awtobusyñ üstünde bir gelin tä oba gelýänçä gürleşmäge maý bermedi. Edil agzyna jañ kakylan ýaly... - Tanadyñmy? - Ýok, tanamadym. - Akgañlaryñkydyr şo... Ilaman MUHAMMETJUMAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |