12:20 Tilkiniñ awy / hekaýa | |
TILKINIŇ AWY
Çagalar edebiýaty
Indi iki gün bäri çypar tilkiniň awy oňanokdy. Ol gaty ajygypdy. Düýn ir säher bilen ol aw gözleginde gum depeleriniň arasynda selpäp ýörkä, awçylara duş geldi. Şonda ol gaçyp zordan başyny gutardy. Ol heniz bu güne deňeç beýle gorkup görmändi. Ol ganym duşmanlaryny görende, tüýleri çugdamlanyp, tutuş bedenini der basdy, aýaklary ysytma tutýan ýaly diýenini etmedi.Gyýak gözleri gokudan ýaňa tasdanam hanasyndan çykypdy. Her niçik bolsa-da bu sapar oňa başyny aman gutarmak başartdy. Ol pürleri selçeňleşen gojaman sazagyň düýbündäki süreninde bir salkyý wagt ýatansoň halys tapdan düşüp başlady. Soň hüşgärlik bilen süreninden çykdy. Degre-daşynyň asudalygyna magat göz ýetirensoň täzeje yzlary çalyp başlady. Aw gözlemek üçin çypar uzak ýol sökmeli bolmady. Iýmit agtaryp dünýäni unudan käkilik onuň üçin amatlyja bir aw boldy. Häzir ol çemlije bir ýer agtaryp käkiligi üleşlemegiň hyýalyndady. --Iýmezden ozal pidasynyň soňky sözüni diňlemek tilkileriň gadymdan dowam edip gelýän adatydyr-diýip, çypar çal käkilige ýüzlendi. – Belki-de aýtjak sözleriň, getirjek delilleriň başyňy gutarmaga ýardamy ýeter. -- Ölmek her kimse üçin çäresiz ýazgytdyr, tikli aga -diýip, gorkudan ýaňa reňk-peti öçen çal käkilik sözläp başlanmyş—Ynha etre-birigin ýumurtgadan jüýjelerim çykmalydy. Ýöne açlyk menden üstün geldi. Biraz garbanaýyn, ýürekse edineýin diýip ýörkäm siziň oljaňyz boldym. --Beý, seniň halyňa öwerlikli däl ekeni-diýen, käkiligiň düşen halyna tüýs ýürekden gynanypdyr--Ýeri bolýar-la, men ýene-de bir gün açlygyma döz gelerin. Belki, nesibämde başga bir amatlyja aw bardyr-diýip, özüne göwünlik beripdir. Azat bolan çal käkilik tilkä alkyşlar okap, bir ýerlere sumat bolupdyr. Haýran galaýmaly, bu gün tilkiniň her ädimi şowly tamamlanýar. Ol takyrlykdan geçen ýeriňdäki gümürsin ösen gamyşlykdan bir owadan guşy agzynda gysdyryp çykdy. Tilki takatlydy, içi eljuk etsede sabyr etdi. Owadan ýelek-perlere beslenen bu guşa gadymdan gelýän adat barasynda aýdypdyr. --Biz ter otlary çokjalap, petekelerimi doldyramsoň şirinden-şirin saýraýan, gününi şady-horramlykda geçirýän, özüne serenjam berýän iň gözel guşlaryň kowumlaryndandyrys -diýip, gopbamsylyk bilen gürrüň berip başlanda çypar tilkiniň ýüzüne nur çaýylan ýaly bolupdyr. --Wah, sen-ä meniň gökdäki agtarýan awun ekeni-diýip begenipdir-de, ony lak-luk agzyna atypdyr. Soň bir gün çypar tilki kowumdaşlaryna awunyň etiniň özge guşlaryňkydan tapawutlanýan lezzetli tagamy barasynda gürrüň beripdir. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |