20:57 Tomiris | |
Türkmen gahrymanlary: TOMIRIS
Zenan şahsyýetler
"Dary şa çozanda türkmen üstüne, Tumar gyz ýeñipdi Garagum bilen. Hytaý diwarydyr, set Isgendere, Garagum diýip Tumar gyz ýatyr munda". Weli KÖMEKOW. Tomiris (Tumar ýa-da Demir), b.e.öñ VI asyrda ýaşap geçen türkmenleriñ gadymy ata-babalary hasap edilýän we Garagumda ýaşan göçme massaget taýpasynyñ zenan patyşasy. • Demiriusmy ýa Tumar? Tumar şanyñ ady aslynda Demir ýa-da Temir bolan bolmaly. Sebäbi onuñ ady grek çeşmelerinde Demirius diýip geçýär. Grek dilinde adam adynyñ yzyna "-ius" goşulmasy goşulyp ýazylýandygy üçinem biziñ günlerimize bu şöhratly zenanyñ ady Tomiris görnüşinde gelip ýetipdir. • Tomirisiñ görkezen watansöýüjilik nusgasy Tomiris taryhda tanalýan ilkinji zenan hökümdardyr. Ol öz döwründe Persiýada we Midiýada hökmürowanlyk süren Ahamenitler imperiýasyna garşy gorkysyz-ürküsiz göreş alyp barypdyr. Tomiris Hatyn döwleti parahatçylykly, emma goranyş sistemasyna has köp üns berip dolandyrmaga çalyşypdyr. Bu ýagdaýy ejizlik diýip hasaplan Pers imperatory Kir çaltlyk bilen massagetleriñ üstüne goşun sürüpdir. Persler massagetleriñ çäklerine aralaşanda ýakylyp taşlanan ekin meýdanlaryndan başga zat görmeýärdiler. Çünki massagetler yza çekilmek bilen birlikde söweşmek üçin amatly ýere we wagta garaşýardylar. Massagetleri kowalamakdan ýadan Kir Eýrana dolanmaga mejbur boldy. Birnäçe wagt geçenden soñra özüne tabyn bolmagy we özüne aýal bolmagy kabul eden ýagdaýynda Tomirisiñ üstüne ýöriş gurnamajakdygy barada habar ugratdy. Tomiris onuñ bir pyrryldaklary çöwürýändigini añýardy we bu teklibi ret etdi. Muña gazaplanan Kir ummasyz goşun ýygnap gaýtadan massagetleriñ toprakaryna aralaşdy. Kiriñ goşunynda tälim berilen ýüzlerçe itler bardy. Tomiris indi gaçmagyñ peýda etmejegini bilip özüne amatly bir ýer saýlady we Kiriñ goşunyna garaşyp başlady. Iki goşun arasynda birnaçe kilometrlik meýdan boş goýulýar. Ikindinara bolandygy üçin söweşe girişmeýärler, emma gije Kir hilegärlige ýüz urýar we her dürli nazy-nygmatlary döküp, birnäçe pers esgerleri bilen gözel gyzlary keýp çekmäge başlatdyrýar. Gijäñ ýarynda çadyra duýdansyz hüjüm eden Tomirisiñ ogly we tabynlygyndaky güýçler keýp çekip duran birnaçe pers esgerlerini öldürip, ol ýerdäki gyzlar bilen keýp edip başlaýarlar. Birnäçe wagtdan soñra çadyrlary garawullap duran pers goşunlary çadyrlara çozýarlar we Tomirisiñ ogly bilen birlikde içerdäki massagetleri uçdantutma öldürýärler. Tomiris eý görýän oglunyñ ölümine biçak gynanýar. Ol ar almak üçin şeýle ant içýär: "Eý, gana suwsan Kir! Sen meniñ oglumy mertlik bilen däl-de, aklyñy başdan urýan şerap bilen öldürdüñ. Emma dogup barýan Günden ant içýän, seni gana gark ederin!" Ertesi gün aldym-berdimli söweşde massagetler ýeñiş gazanýar. Mergenlikde deñsiz-taýsyz we söweş arabalaryny ussatlyk bilen ulanan massagetler özlerine garşy persler bilen bile garpyşan söweş itlerine garamazdan duşmany derbi-dagyn edýãrler. Ölenleriñ arasynda elbetde Pers patyşasy Kir hem bardy. Tomiris han sözünde tapylýar we Kiriñ kellesini gandan doldurylan tulumyñ içine oklaýar we oña: "Ömrüñ ötýänçä gan içip doýmadyñ, indi men seni gandan doýuraýyn!" diýipdir. • Tomirisiñ çeper edebiýatdaky obrazy: 1). Ahmet Haldun Terziogly "Tomiris Han" (roman); 2). Emrullah Özdemir "Tomiris" (roman); 3). Bulat Jandarbekow "Tomiris" (roman); 4). Hemra Şirow "Ýöriş depleriniñ ýañy" (hekaýa). • Giñişleýin öwrenmek üçin çeşmeler: 1). Геродот "Taryh" ("История" (I, 213, 214). Доватур А. И., Каллистов Д. П., Шишова И. А. Народы нашей страны в «Истории» Геродота. — М., 1982; 2). Nejati Gültepe "Türk zenanlarynyñ taryhyna giriş; Amazonkalylardan Bajyýany Ruma", ("Türk kadın tarihine giriş: Amazonlardan Bâcıyân-ı Rûmʼa"), "Ötüken" neşirýaty-2008; 3). Куклина И. В. "Этнография Скифии по античным источникам", Ленинград-1985; 4). Толстов С. П. "Gadymy Horezm" ("Древний Хорезм"), Москва, 1948; 5). Литвинский Б. А. Древние кочевники “Крыши мира”, Москва-1972; 6). Пьянков И. В. "Массагеты Геродота" / ВДИ, 1975, №2. ■ Goşmaça maglumat üçin seret: 1). Şahymerdan Saryogly "Tumar - massagetleriñ Şa zenany", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/tumar_massagetlerin_sa_zenany/2019-02-17-5287; 2). Шахымердан Сарыоглу "Тумарша - Царица массагетов" (rus dilinde), saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/tumarsha_carica_massagetov/2019-02-10-5183; 3). Osman ÖDE "Türkmenleriñ gadymy Horezm (Afrig) şalygy", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/turkmenlerin_gadymy_horezm_afrig_salygy/2019-01-01-4308; 4). Osman ÖDE "Keseden gelen basybalyjylara gaýtawul bermek. Massagetleriñ uruşlary", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/turkmen_harby_taryhy_keseden_gelen_basybalyjylara_gaytawul_bermek_massagetlerin_uruslary/2019-01-18-4705 5). Osman ÖDE "Oguzhan eýýamynyñ beýik serkerdeleri", saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/oguzhan_eyyamynyn_beyik_serkerdeleri/2019-01-19-4718 6). Hemra ŞIROW "Ýöriş depleriniñ ýañy" / hekaýa, saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/yoris_deplerinin_yany_hekaya/2018-11-25-3579 Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||