TOPALAÑ, WIRUS, TOBA WE ÝAGŞYLYGA ÇAKYLYK
Ýewropada bir häkimlige degişli awtobuslaryñ biriniñ arkasyna uly-uly harplar bilen şeýle ýazypdyrlar:
“Pyçak Ysmaýyly kesmedi.
Ot Ybraýymy ýakmady.
Balyk Ýunusy iýmedi.
Deñiz Musany gark etmedi.
Çünki, olar Allaha boýun sundular. Geliñ, diñe Allaha boýun sunalyñ.”
Allatagala koronawirus belasyny neçüýn başymyza musallat etdi? Çünki Oña garşy gitdik we asy bolduk:
1. Zynany jenaýat kanunyndan çykardyk, ýetginjek ýaşda durmuş gurmagy gadagan edýän kanunlary çykardyk. Gomoseksual nikalara göz ýumduk.
2. Yslamyñ üç aý möhlet bilen bellän alimentini halaman, ömürlik aliment töleýän kanunlary kabul etdik.
3. Maşgalabaşy erkegi aýalyñ aýdanlaryna esaslanyp aýal-gyzlaryñ iki dodagynyñ arasyna tussag etdik. Ýeñles gylykly durnuksyz aýal-gyzlaryñ sözüni diñläp, maşgalabaşylary öýden kowduk.
4. Jelepçilik, gomoseksualizm, teletinbazlyk edýän namyssyzlaryñ köçeleriñ ugruny tutup ýatmagyna haý diýmedik.
5. Iýip-içme, gezme, geýinme modalaryna gyzykdyk: açlary, yoksullary, pakyr-pukaralary gözümiz görmedi.
6. Geýnme, dakynma, bezenme, mahabat modalarına uýduk: tevazu we edebi ýitirdik.
7. Dünýewi ylymlardan, biyologiýadan, fizikadan, himiýadan, durmuşy öwreniş ylmyndan, geografiýa kitaplaryndan Allanyñ adyny syldyk. Allanyñ eserlerini tebigatyñ, tötänligiñ eseri hasapladyk, öz-özünden dörän zatlar diýdik.
8. Erbetliklere sesimizi-üýnümizi çykarmadyk, görmezlige saldyk, kanıksadık. Ýagşylygy ündemedik, ündänlere gulak asmadyk.
9. Allanyñ emirlerini we gadagan eden zatlaryna pitiwa etmedik. Baýamagyñ yşkynda suwy, topragy, howany hapaladyk. Başga janly-jandarlaryñ köpçülikleýin gyrylmagyna göz yumduk.
10. Musulmanlar dogandyr, zulum etmäñ, biri-biriñizi urmañ, haksyzluk etmäñ diýlen emirlere gulagymyzy ýapdyk. Siriýada, Ýemende, Yrakda, Owganystanda, Nigeriýada dogan-doganyñ ganyna galýan dawa-jenjelleri körükledik, öñüni almak isleýänlere dünýäniñ "bäş beýigi" böwet boldy.
11. Hasam beteri we iñ ýamany zulma sessiz galdyk, ümsümje tomaşa etdik. Siriýaly çagajygyñ "ÖLEMSOÑ BARYÑYZY ALLAHA AÝTJAKDYRYN!" diýen wagty inimiz tikeneklemedi.
12. Aýlan bäbejik Ortaýer deñziniñ suwlaryna gark bolup, jesedi kenara urlanda bokurdagymyz dolmady.
13. Watanynda uruş turansoñ, öýlerini-illerini terk edip, sallara münen we Ýewropanyñ ýollaryna düşen mazlum bosgunlaryñ sallaryny batyrdyk, Ortaýer deñziniñ suwlarynda gark boldular, tomaşa etdik. Gark bolanlaryñ tragiki ahwaly kalbymyzy titretmedi.
14. Ysraýyl her gün palestinalylary öldürdi, bigünä adamlaryñ öýlerini başlaryna ýumurdy, sesimizi çykarmadyk.
15. Amerikanyñ we Ýewropanyñ gan sorujy wampirleri Yragy, Owganystany, Siriýany, Liwiýany okkupirläp, musulman ýurtlara labyryny atanda butlaşdyrylan demokratiýa, adam hukuklary, hukugyñ üstünlügi hiç kimiñ ýadyna-oýuna düşmedi.
Şahyr nähili dogry sözläpdir:
“Hak sillesiniñ sedasy ýokdur,
Bir urdumy gaýdyp dowasy ýokdur.
Allah imhal eder (möhlet berer), emma ahmal etmez.
“Gökleriñ we ýerleriñ goşunlarynyñ eýesi Alladyr. Alla iññän güýçlidir we hikmet sahybydyr.”("Fetih" süresi, 7).
Allatagala göze görünmeýän ordalaryndan kinniwanja wirusy gönderdi: Kafe-barlary, pawilýonları, zyna öýlerini, jelephanalary, meýhanalary, içgi içilýän, keýp edilýän restoranlary, kazinolary ýapdy goýberdi. Uruşlar togtady. Yslam ýurtlarynda uruşlary, dawa-jenjelleri döredip, musulmanlary biri-birine gyrdyrýan zalymlaryñ ýaraglary ellerinde galdy, banklara ýatyran pullary derege ýaramaýar.
Eger biz özümizi düzeltsek, wirus leşgerleri öz etmeli işlerini birkemsiz berjaý etjege meñzeýär.
Geliñ, takdyryñ atan wirus daşlarynyñ sesini duýalyñ, erbetliklerimizden el çekeliñ.
Ýarag satmak, nebit-gaz we tebigy baýlyklara eýe bolmak üçin uruşmalyñ. Parahatçylygy we adalaty berjaý edeliñ.
Allatagala mundan beter belalary ibermänkä özümize geleliñ, toba edeliñ, Oña boýun sunalyñ.
Ysmaýyl aleýhyssalam kimin Onuñ emirlerine boýun egeliñ.
Ybraýym aleýhyssalam kimin Oña ynanalyñ.
Musa aleýhyssalam kimin Ondan ýardama garaşalyñ.
Ýunus aleýhyssalam kimin tobagär bolalyñ.
Muhammet aleýhyssalam kimin Oña sygynalyñ, dünýämizi Sewr gowagyna öwreliñ.
Zulumlaryñ, haksyzlyklaryñ, ýaramazlyklaryñ soñuna nokat goýalyñ.
Fatihiñ mirasy Aýasofýanyñ gapysyna urulan gulpy döweliñ. Ýewropadan nusgalanan kanunlary taşlap, Mejellä döneliñ. Allanyñ emirlerini başymyzyñ täjine öwreliñ, haramlary terk edeliñ.
Toba päklenmekdir: kirden, hapadan, erbetkiklerden, ruhumyzy kirleden günälerden arasallanmakdyr. Täze we päkize başlangyja badalga bermäge niýet edeliñ, adalat we merhemet medeniýetini guralyñ.
Aly ERKAN KAWAKLY,
aekavakli@gmail.com
"Yeni Akit" gazeti, 09.04.2020 ý.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Pedagogika we edep-terbiýe