20:14 Toý paýy / ýumoreska | |
TOÝ PAÝY
Satiriki hekaýalar
Ýaňy işden gelip, geýimlerimi çalşyryp durkam, birden gapy kakyldy. - Giriberiň – diýip seslenerime mähetdel gapydan Serdaryň süýri ýüzi göründi. - Bo-how, asyl öýde ekeniň, priwet, Berdişka! - Salam. Serdar iki eli bilen meniň sag elimi şeýle bir gysdy welin, tasdanam gygyrpdym. Men oňa stol başyna geçmegi mürähet etdim. - Stol başyna-ha gaty geçeris. Öýlenipsiň diýiň eşitdik. Düşümlisi bol-a. Özem men komandirowkada wagtym öýlenipsiň. Toý paýy bardyr-da hernä?! Dostum ellerini owkalaşdyrdy-da, stoluň üstüne seretdi. - Geregiň toý paý bolsun, Serdar. Hany sen birazajyk otur, men derrew çaý oturdaýyn. Men Serdaryň eline suratly albomy tutdurdym. - Häzirlikçe şu suratlara seredişdir. Onýança hemme zat taýýar bolar. Serdar albomy eline alan badyna ondaky suratlary “sortlamaga” başlady. - We, walla bujagaz gyzyň owadandygyny. Arman, gözi kiçiräk, ýogsa-ma, erbedem däl ekeni. Ol meniň ýüzüme seretmän sorag berdi: - Ýogsa-da, Berdişka diýýänä, gözi kiçiräjik gyzlaryň häsiýeti gyňyr bolýar diýýärler welin, şol dogrumyka ýa-da... Men iki egnimi gysyp goýberdim-de, aşhana baryp çaý oturtdym. Nahar taýýarlamak üçin et dograp başlan badyma dostumyň sesi eşidildi: - Berdişka, aý Berdişka, bäri gelse-ne! Men onuň howsalaly sesine aşhanadan nähili çykanymy hem bilmändirin. - Hä, näme boldy? Serdar meniňem howsala düşenimi görüp, jak-jaklap gülüp goýberdi. - Ha-ha-ha, ýigitde ýüreg-ä bar ekenow. Näme men ot alandyr öýtdüňizmi? Onuň üstümden gülmesine biraz gaharym gelse-de, syr bildirmedim. Myhman hatyrasyny sakladym. - Neme-le Berdişka, sen şu gyzy tanaýarmyň? Serdar albomdaky suratlaryň birini maňa görkezdi. Men onuň bu soragyna gaharlanjagymy-da, güljegimi-de bilmedim. - Hawa, tanaýan. - Adyna kim diýýäler. - Adyna Maral diýýärler. - Näme diýse-ne Berdişka, sen meni şu gyz bilen tanyş etsen-e. Men seniň gadyryňy bilerin. Özüm serpaýyňy ýetirerin. Men ony gepletjek bolup, biraz öjükdirdim: - Onuň bilen tabşyp, näm etjek? - Wah, sen-ä meniň içimi ýakdyň, Berdişka. Gyz bilen tanyş bolnandan soň nädilýändir?! Elbetde, onuň bilen aramy sazlajak. Eger göwnüme ýarasa-da, öýlenjek. - Bu zatlara Maralyň razy boljagyna gözüň ýetýärmi? - Päheý, sen-ä dogrudan hem içýakgyç adam ekeniň. Sen bir meni tanyşdyrsaň bor. Galanyny özm oňaryn. Dostumyň dili hasam süýjäp başlady. Ol maňa bu iş üçin köp halatlar wada berdi. Men ýene-de ony öz ugruna kowdum. - Sen onsoň, şo gyzyň öz göwnüňe ýarajagyny bilýärmiň? - Hawa, bilýärin. Beýle owadan perileri ele salyp bolsa, baý ýaşaşsa bolar-a. Ol agzyny şapbyldadyp, iki elini biri-birine süýkedi. - Bä, walla, beýle-de owadan perizat bolar eken-ow. Edil daşyna ýag çalyp ýalabermeli... Şol wagtam gapydan gelnim Maral geldi. Ol içerde bal tansyna pyrlanyp ýören pyýadany görüp, aňk bolup durdy. Soňra men dostumy duruzdym-da oňa ýüzlendim: - Serdar, tanyş bol, meniň gelnim Maral. - Ä... Näme... - Tanyşdyr diýip haýyş etdiň, ynha tanyşdyrdym. Indem näme, yzyny özüň görüber. - Hä... Hawa... Neme-le... Maral hiç zada düşünmän, myhmana ýüzlendi: - Wi, näme aýak üstünde dursuňyz. Stol başyna geçiň, häzir saçak getireýin. Serdaryň ýakasyndan ary giren ýaly boldy. - Ýýa, walla, senem... Berdişka... men... oýun... Ol sakawlap durşuna näderini bilmedi. Uzyn ellerini nirede gzilejegini bilmän, ony kä kisesine sokdy, kä-de goltugyna. Ahyram edilen mürähede-zada seretmän, köwşüniň bagjygyny hem daňman çykyp gitdi. Ine, dostumyň toý paýy şeýle boldy. Jumageldi SAPAROW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 27.01.1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |