22:17 Tüf, tüf, göz degmesin!.. |
"TÜF, TÜF, GÖZ DEGMESIN!"
"Tüf, tüf, göz degmesin!" Biz bu sözleri häli-şindi eşidýändiris. Ýöne onuñ düýp manysy barada oýlanyp gördükmikäk?
Gadym eýýamlarda adamlar tüýkülikde jadynyñ bardygyna berk ynanypdyrlar. Dini gürrüñleriñ birinde Isa pygamberiñ öz tüýküligini çalmak arkaly kör kişiniñ gözlerini açandygy beýan edilýär. Esgerler söweş gitmezlerinden ozal, niýetlenen ýere degeri ýaly, ýaraglaryna tüýküripdirler. Şeýtsek, Hudaý, has halaýar diýen ynanja uýup, sadaka üçin gurban ediljek malyñ endamyna tüýkülik çalyp, soñra öldüripdirler. Çagalarynyñ boýlary öser ýaly, Aziýanyñ käbir ýurtlarynda eneler perzentleriniñ endamlaryna başdan-aýak tüýküripdirler...
Biziñ zamanamyzda-da Angliýada käbir eneler ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ogul-gyzlary synaga gitmezlerinden öñ, oñat bahalary alsynlar diýip, olara tüýkürýärler.
Geň-taňsy wakalar
|
Категория: Geň-taňsy wakalar |
Просмотров: 824 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 5.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary