21:34 Türk milli lybaslary | |
TÜRK MILLI LYBASLARY
Edebi makalalar
Gadymy milli eşikleri, keşdeli geýimlerdir donlary, gülli ýaglyklardyr guşaklary göpmek üçin indi her sebitiň özüne mahsus folklor çykyşlaryna tomaşa etmekden başga alaç yok. Elbetde, beýle egin-eşikleri muzeýlere baryp görmek-de bolar. Käbirlerimiziñ öýümizde garry enemizden ýadygärlik galan tagta sandygyň içinde altyn sapaklar bilen keşdelenen eşikler, üç etekli köýneklerdir donlar hem saklanýar. Halklaryň ýa-da tire-taýpalaryň gadymy egin-eşikleri olaryň sosial-ykdysady gurluşlary, ýaşaýan ýerleriniň aýratynlygyna görä nähili zatlary ulanandyklary, çarwa ýa-da oturymly taýpa bolandyklary, nähili wakalary başdan geçirendikleri, etnologik gelip çykyşlary barada köp maglumat berýär. Mysal üçin, Anadolydaky türkmen obalaryna baranyňda kimiň adaglydygyny, kimiň başyboşdugyny başyndaky ýaglygyndan, geyen eşiginiň renkinden bilip bolýar. • Erkekleriñ eşigi örän seýrek Anadolyda "Her obanyň özüne mahsus aýratyn gadymy milli eşigi bar" diýen düşünke höküm sürýär. Şonuň üçin medeni mirasy öwrenijileriň, etnologlaryň, halk döredijiligi bilen gyzyklanýanlaryň hiç biri "Türkiýäniň milli eşigi şulardyr" diýip aýdyp bilmez. Gadymy egin-eşikleri öwrenýän hünärmenler erkek adamlaryň gadymy milli eşiklerine kän duş gelinmeýändiginiñ sebäbini erkekleriñ harby gulluk ýa-da iş diyip öz ýaşaýan ýerlerinden uzakda bolýandyklary we şäher medeniyetine has ýakyn bolandyklary bilen düşündirýärler. Obadan çykman ýaşan aýal maşgalalar bolsa öz milli egin-eşiklerini gorap saklapdyrlar. Nesilden-nesle geçip gelen milli lybaslar hiç hili üýtgeşmä sezewar bolmandyr diýip bolmaz. Ulanylýan serişdeleriň üýtgemegi, soňky döwürlerde kän sünnälenmän tikilmegi, durmuş şertleri we modanyň täsiri milli eşiklere özüniñ yaramaz täsirini ýetiripdir. • Her iş üçin aýry lybas Oba ýerlerinde wagtlarynyň esasy bölegini iş hysyrdylary bilen geçirýän zenanlaryň gündelik durmuşda, öýde, meýdanda ýa-da ekinde geýýän eşikleri biri-birinden tapawutly. Toý günlerinde geýýän eşikleri bolsa düýbünden başga. Durmuşa çykmaga taýýarlanýan gyzyň üst-başyny bezemek örän ussatlygy talap edýär we köp wagt alýar. Anadolyda durmuşa çykjak gyzyň üst-başynyň bezelişi onuň sosial derejesini görkezýär. Ülkü ÖZEL AKAGÜNDÜZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |