22:07 Türkleriñ zenan urşujylary | |
TÜRKLERIÑ ZENAN URŞUJYLARY
Zenan şahsyýetler
Türki halklaryñ zenany yslamyýetden öñem, soñam jemgyýetçilik durmuşynda möhüm rol oýnapdyr. Zenan urşujylar taryhyñ hemme döwründe orta çykypdyr we gahrymançylykly işleri bilen birnäçe ýeñişleriñ gazanylmagynda mynasyp paýlary bolupdyr. Türki halklar yslamy kabul edenden soñra araplaryñ we eýranlylaryñ tersine zenanlaryñ durmuşynda o diýen bir üýtgeşme bolup geçmändir. Biziñ günlerimizde ady ýygy-ýygydan agzalýan taryhy zenan şahsyýetleriñ ençemesi syýasatda we harby işlerde mümkingadar aktiw rol oýnapdyrlar. • Taryhymyzyñ zenan urşujylary we olaryñ jemgyýetdäki orny Türk(men)lerde zenan urşujylar ar münmekde we gylyç oýnatmakda ýigit alplardan birjigem pes oturmandyrlar. Gadymy eposlarymyzyñ birnäçesinde zenan urşujylardan söz açylýar we olaryñ batyrgaýlygy, gahrymançylykly işleri wasp edilýär. Hatda söweşjeñligi bilen tanalýan amanzonkaly zenanlaryñ hem aslynyñ türk(men)lerdigi köp sanly çeşmelerde nygtalýar. Yslamyýetden öñki türki jemgyýete seredenimizde, hatynlaryñ, ýagny hakanyñ (hökümdaryñ) ýanýoldaşynyñ döwlet apparatynda hökümdardan soñ ikinji derejede durýandygyny görmek mümkin. Hakan ýörişdekä ähli ygtyýarlygy hatyn üstüne alypdyr. Ol gerek bolsa başga döwletlerden gelen ilçileri kabul etmäge hakanyñ ýöredýän ähli ygtyýarlygyny ulanmaga hukygy bolupdyr. Haýsydyr bir şertnama baglaşyljak bolunsa, hatynyñ goly hökman gerek bolupdyr. Hatynyñ gol çekmedik şertnamalary güýçsüz hasaplanypdyr. Hökümdaryñ aýallarynyñ sany wagtyñ geçmegi bilen azalsa-da, olaryñ ähli ygtyýarlygyny doly güýjünde saklanypdyr. Şeýle-de, hökümdarlaryñ aýallarynyñ ygtyýaryna olary goramak üçin ýörite birlikler berilip, tabynlygynda goşun bölümine serkerdelik etmäge mümkinçilik döredilipdir. Ilkinji musulman türk(men) döwletleriniñ taryhyna ser salanymyzda, aýallaryñ tagt ugrundaky dawalarynyñ jümmüşinde hereket edendiklerini görýäris. Nyzamylmülk meşhur "Syýasatnamasynda" bu ýagdaýyñ döredýän bökdençliginden diýseñ zeýrenipdir. Nyzamylmülküñ näderejede mamladygyny Mälikşanyñ ölüminden soñ ýüze çykan tagt dawalary hem aýdyñ subut edýär. Türkan hatynyñ öz ogluny soltanlyk tagtyna çykarjak bolup, başlan urşy Beýik Seljukly imperiýasynyñ ýykylmagyna getiren döwrüñ başyny başlapdyr. • Taryhda türk(men) zenanlary Türk(men)lerde zenan urşujylaryñ bolşy ýaly, syýasatda-da özüni tanadan zenanlar az bolmandyr. Gadymy türk(men) töresi (kanunnamasy) kagan bilen hatynyñ ýurdy deñ derejede dolandyrýandygyny kabul edipdir. Muña mysal hökmünde Bilge kaganyñ ýazgylaryndaky: “Türk Tañrysy Türk milleti ýok bolup gitmesin diýip, kakam Ilteriş kagan bileb enem Ilbilge hatyny gönderdi” diýen ýazgyny görkezmek bolar. Türk(men) zenanlary toý-baýramlara, üýşmeleñlere we gurultaýlara hökmany suratda gatnaşypdyr. Sibirde ýaşaýan türki taýpalaryñ hökümdarynyñ ölüminden soñ, onuñ tagta geçen aýaly Boaryk (Bugaryk) hatynyñ wizantiýalylara garşy söweşde ýeñiş gazanandygy mälimdir. Türk(men) taryhynyñ soñky döwürlerinde hatyn ünwany-da üýtgeşmeleri başdan geçiripdir. Hatynlara wagtyñ geçmegi bilen begüm (begim), terken (türkan), bilge, soltan ünwanlary berlipdir. Türki halklaryñ ýaşaýan ýurtlaryna syýahat eden Ibn Fadlan zenanlaryñ erkekden tapawudynyñ ýokdugyny, olaryñ at münüp, ýarag göterýändigini ýazypdyr. Ibn Fadlanyñ, aýratynam, zenanlaryñ iññän berdaşlydygyny we syçrap ata münýändiklerini gürrüñ berýän jümleleri diýseñ guwandyryjydyr we ünsi çekijidir. Başga bir jahankeşde Ibn Battuta gypjaklaryñ arasynda bolanda gören zenanlarynyñ portretini diýseñ gowy suratlandyrýar. Ol hatynlaryñ müñlerçe adamlyk goşun bölümine serkerdelik edýändigini we azyndan hökümdaryñky ýaly hazynasynyñ bardygyndan söz açýar. • Bajyýany Rum "Bajyýany Rum" türk(men) zenanlarynyñ Anadolyda guran iñ uly guramasynyñ adydyr. Osmanly (türkmen) döwletiniñ düýbi tutulanda zenan urşujylar hem ellerinden gelen kömegi edipdirler. Hususanam araçäk zonalarda hereket eden zenanlar duşmanlara garşy söweşmekden birjigem çekinmändirler, döwletiñ geçiş döwründe akynjy birliklere uly goldaw bolupdyrlar. Zenan urşujylarymyz Rumiliniñ we Balkan ýurtlarynyñ türk(men)leşmegine-de goşant goşupdyrlar. Araçäk zonalara ýollanan maşgalalaryñ söweşjeñ ukyplarynyñ artykmaçlygyna aýratyn üns berilipdir. Hut şonuñ üçinem araçäk zonalar duşman güýçleriniñ güýçlerinden goralyp, döwletiñ çägi yzygiderli giñelişde bolupdyr. Umumy türk taryhynyñ soñky döwürlerinde-de zenan urşujylaryñ az bolmandygyny görmek bolýar. Ruslara garşy söweşiñ başyny çeken Nene hatyn, Türk Azat-edijilik urşunyñ gahrymany Gara Patma we Çanakkalede depin edilenlerinde zenandyklary aýan bolan ençeme atsyz gahrymanlarymyz... Biziñ günlerimizde-de harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk edýän ýüzlerçe zenan gahrymanlarymyz türk halklaryñ zenan urşujylarynyñ hiç haçan gutarmajakdygynyñ aýdyñ subutnamasydyr. Sergen DEMIRTAŞ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||