19:49 Şazada Mustapanyñ ömri we ölümi | |
ŞAZADA MUSTAPANYÑ ÖMRI WE ÖLÜMI
Taryhy makalalar
Şazada Mustapanyñ ölümi osmanly (türkmen) taryhynyñ iñ gynançly wakalarynyñ biridir. Adamkärçilikli häsiýeti, edermenligi we gözsüz batyrlygy bilen tagtyñ birinji talaşgäri hökmünde öñe saýlanan şazada Mustapa özüniñ pajygaly ölüminden bäri taryhçylaryñ dilinden düşmän gelýär. Ýogsa-da, ol tagta çykan bolsa osmanly taryhy başgaça bolup bilermidi? Osmanly döwleti taryhynyñ iñ güýçli döwründe döwletiñ biline palta uran ol ilkinji ädim şazada Mustapanyñ ölümi bilen başlandymyka? Biz bu makalamyzda şazadany ýakyndan tanamaga synanşalyñ we wakalara öñ seredilmedik penjirelerden garap göreliñ. • Şazada Mustapa kim bolupdyr? 1515-nji ýylda Manisada dünýä inen şazada Mustapa Kanuny Soltan Süleýmanyñ birinji aýaly Mahydöwran hatyndan bolan uly ogludyr. Ol kakasynyñ Manisa sanjak begi (ýagny, Manisa prowinsiýasynyñ häkimi) bolan döwründe, olam çagalygyny Manisada geçirdi. 1520-nji ýylda Soltan Süleýman tagta çykanda, şazada hem kakasy bilen bile Stambula gelipdir. Stambulda döwrüniñ belli alymlaryndan we ulamalaryndan ylym alyp özüni kämilleşdiren Mustapa gylyç oýnadyp, at münmekde ussatlyk derejesine ýetipdir. 1533-nji ýylda häkimiýet işlerinde tejribe edinsin diýip, Manisa sanjakbegi wezipesine bellenipdir. Şazada Mustapa Manisa sanjakbegligi döwründe il-halka özüni aldyryp başlaýar. Hususanam alymlary goldamagy we goşunyñ hal-ýagdaýyny gowulandyrýan işleri durmuşa geçirmegi soltanyñ ýeke-täk oruntutary hökmünde öñe saýlanmagyna getiripdir. Baş wezir Ybraýym paşa hem onuñ iñ esasy goldawçylarynyñ biri bolupdyr. Emma baş weziriñ ölüm jezasyna höküm edilmegi bilen, ol iñ uly goldawçysyny elden giderýär. Soñky ýyllarda Hürrem soltanyñ goldawy bilen baş wezirlik kürsüsine ýeten Rüstem paşa bolsa şazadanyñ garşysyna çykyş edip başlaýar. • Şazada Mustapanyñ gözden düşüp başlamagy Şazada Mustapanyñ harby gullukçylaryñ we ulamalaryñ ýanynda aýratyn hormat-sylagynyñ barlygy Hürrem soltany ynjalykdan gaçyrypdyr. Ol giýewsi Rüstem paşany baş wezirlik kürsüsinde oturdyp, garşydaşyny ýok etmek üçin güýçli ýaran edinýär. Kanuny Soltan Süleýman aýaly Hürrem soltanyñ iñirdisine çydaman şazada Mustapany Manisa sanjakbegliginden boşadyp, onuñ ýerine Hürremden bolan ogly şazada Mämmedi belleýär. Şeýtmek bilen şazada Mämmet soltanlygyñ merkezine has ýakyn bolar ýaly edilýärdi. Emma şazada Mämmediñ bir ýyldan soñ bimahal aradan çykmagy Mustapanyñ gaýtadan tagta bäsdeşsiz dalaşgär bolmagyny üpjün edipdir. Manisa sanjakbegligi wezipesinden boşadylan şazada Mustapa Amasýa sanjakbegligine bellenipdi. Ol bu ýerde-de tutumly işleri amala aşyryp, il-halkyñ arasynda öz abraýyny artdyrypdyr. Ýerli häkimler bilen hat alyşyp, ýakyn gatnaşykda bolmagy-da, onuñ güýjüne güýç goşupdyr. • Şazada Mustapanyñ adyndan ýazylan galp hatlar Şazada Mustapanyñ tagta barýan ýolunda mazaly güýçlenmegi Hürrem soltany we Rüstem paşany başga-başga pyrryldaklara ýüz urdurypdyr. Rüstem paşa ilkinji nobatda şazadanyñ şahsy möhürini ogrynlykda nusgalap alýar. Yzyndanam onuñ adyndan sefewileriñ hökümdary Şa Tahmaspa hat ýazýar. Hatda özüniñ tagta oturan ýagdaýynda Eýran şasy bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýjakdygy ýazylypdyr. Rüstem paşa biriniñ üsti bilen bu haty Şazada Mustapadan ýollanan ýaly edip Eýrana ýollaýar. Eýran şasyndan gelen jogaby-da öz ugradan adamy getirendigi üçin añsatlyk bilen ele salýar. Şazada Mustapanyñ daşyna ymykly kerep ören Rüstem paşa Eýran ýörişine çykanda şazada Mustapanyñ üstünden maglumat toplapdyr. Ýönekeý halkyñ we goşunyñ şazada bolan çäksiz söýgüsini görüp, weziriñ agzy uçuklaýar. Halkyñ aglaba bölegi patyşanyñ mazaly garrandygy üçin şazadanyñ tagta geçmegini isläpdir. Gören zatlaryny adamyñ kalbyna was-wasy saljak derejede gybat görnüşinde Soltan Süleýmana şugullan Rüstem paşa elindäki galp hatlary-da hökümdara berýär. Myş-myşlar we galp hatlar Kanunynyñ pikirini üýgedip, öz oglunyñ temegine kakmagyna şert döredipdir. • Şazada Mustapanyñ ölümi Atylan töhmetler we ýaýran gep-gybatlar düşmeli ýerine düşýär. Soltan Süleýman Eýran ýörişini indiki ýyla goýup, Rüstem paşany paýtagta çagyrýar. Gelejek ýyl hut özi ýörişe çykyp, oña Mustapanyñam gatnaşmagyny talap edýär. Kanuny Soltan Süleýman Akdepede çadyryny dikende, şazada hem oña birküç kilometr aralykda çadyryny dikýär. Kanuny çapar ýollap, şazadany huzuryna çagyrýar. Edil şol wagtam Mustapanyñ çadyryna ujuna hat ýazylgy ok atylýar. Hatda kakasynyñ ýanyna gitse, oña ölüm garaşýandygy ýazylypdyr. Özüni aldawa saljak bolýandyrlar öýden şazada, ýüregine hiç hili şübhe getirmän, kakasynyñ huzuryna barýar. Soltanyñ huzuryna çykan şazada sowuk-sala garşylanşyndanam ýagdaýyñ gowy däldigini añşyrýar. Beren salamynyñ alynmansoñ, yzyna öwrülen badyna daşyny jellatlaryñ gabamagy şazadany aklyna aýlaýar. Emma ýüp toýnukdan syrylypdy, indi giçdi. Şazada Mustapanyñ edip biljek ýekeje zady bardy, olam - başyny orta goýup, gözüne gan inen jellatlaryñ elinden göreşip sypmakdy. Ol bir başyna ýedi jellady böwsüp, çadyrdan çykýaram. Emma Zal Mahmyt aganyñ kement aýlap, şazadany büdretmegi we ýüpi boýnundan oramagy bilen Mustapa hut kakasynyñ gözüniñ alnynda amanadyny tabşyrýar. Onuñ jesedi goşunyñ gözüniñ oduny almak üçin açyk meýdanda ep-esli wagtlap goýulýar. Soñra meýdi Bursa ugradylyp, Bursada jaýlanylýar. Şazadanyñ ýedi ýaşlyja oglu-da, gelejekde mesele döredäýmesin diýen gorky bilen boglup öldürilýär. • Şazada Mustapanyñ ölüminden soñky wakalar Soltan Süleýmanyñ Hürrem soltandan bolan ogly şazada Jahangir enebaşga doganynyñ başyna inen bu pajygaly ölüm habaryna döz gelip bilmän, kän wagt geçmänkä aradan çykýar. Şazada Mustapanyñ ölümi ýanyçarlaryñ we sypahylaryñ arasynda ýiti nägilelik döremegine sebäp bolýar. Şonuñ üçin Soltan Süleýman Rüstem paşany baş wezirlikden boşadyp, onuñ ýerine şazadany goldaýan gatlakdan Gara Ahmet paşany oturtmaga mejbur bolýar. Şazada Mustapa ölmesine ölýär, emma asyl tolgunşyklar şondan soñ başlapdyr. Şazadanyñ adyny ulanyp birnäçe ýerde gozgalañ turýar. Taryhda bu gozgalañlara Ýasama Mustapa gozgalañlary (Düzmece Mustafa isyanları) diýip at berildi. Aýratynam Rumelide ýüze çykan gozgalañ döwleti uzak wagtlap başagaýlyga salypdyr. Özüniñ şazada Mustapadygyny aýdýan we azyndan onuñ kimin garadangaýtmaz batyrlaryñ biri müñlerçe sypahyny daşyna jemlemegi başarypdyr. "Ýasama Mustapa" ele salnyp, Stambulda ölüm jezasyna höküm edilýär we onuñ jesedi göz üçin halkyñ geçýän ýerinde asylyp goýulýar. Sergen DEMIRTAŞ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||