10:08 Türkmen çarwa ýomutlarynyň durmuşy | |
TÜRKMEN ÇARWA ÝOMUTLARYNYÑ DURMUŞY
Taryhy makalalar
“Merkezi Aziýada gündeki durmuş: geçmiş we häzirki zaman” ("Everyday Life in Central Asia: Past and Present") ýygyndysynyň “Türkmen çarwalarynyň gündeki durmuşy” (“Everyday Life among the Turkmen Nomads”) atly bu makalasynda Adrienna Edgar XIX asyryň ikinji ýarymyndaky ýomut türkmenleriniň göçüp-gonup mekan tutan ýurtlaryny jikme-jik we çeperçilik bilen suratlandyrýar. Birnäçe ýüzýyllyklar mundan ozal Amyderýadan Hazar (Kaspiý) deňziniň gündogar kenaryna çenli gurak territoriýalarda göçüp-gonup gezen türkmenleriň aglabasy üçin göçme görnüşdäki durmuş ýörelgesi adaty bolupdyr. Eýran we Owganstan bilen serhetleşýän Türkmenistanyň günorta-gündogarynda mesgen tutan tekeler iň güýçli taýpa boludpyr. Ähmiýeti boýunça tekelerden soň ikinji ýerde durýan ýomutlar Hazaryň ýanyndaky Gürgen we Balkhan sebitlerini eýeläpdirler. Çarwalaryň ýany bilen uly möçberdäki goýunlaryň, geçileriň we düýeleriň sürüleri bolupdyr. Gara deriden ýasalan beýik telpekli erkekler mekan tutunan ýerlerini gorap (sebitiň gurak şertlerine örän oňat uýgunlaşan) arassa ganly ahalteke atlarynda çapypdyrlar. Şol bir wagyň özünde bolsa, aýal maşgalalar we çagalar Garagumyň çägeleriniň üsti bilen öý-goşlary bilen düýe kerwenlerini idipdirler we kiçi mallary sürüpdirler. Emma XIX asyryň ahyryna bolsa, türkmenleriň diňe 20%-i doly göçme görnüşindäki durmuş ýörelgesini alyp barypdylar. Galanlary bolsa, Garagum çölüniň gyrasyndaky hassylly ýerlerde ýerleşipdiler we däne ekinlerini, gök-önümleri, miweleri we gowaça ösdürmäge başlapdylar. Şeýle-de bolsa, hatda has oturymly türkmenler uly mal sürülerini möhüm ykdysady serişde hökmünde alyp galypdylar. Edgaryň sözüne görä, türkmenleri çomrulara, ýagny oturymlylara, we çarwalara bölünişi nätakyk bolup durýar. Çünki bir taýpanyň hojalygy dolandyryşy iki görnüşe hem girip bilýärdi. Ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmenler Hywa hanlygyň syýasy durmuşynda möhüm roly oýnadylar. XVIII asyryň ikinji ýarymyndan başlap bolsa, onuň (Hywa hanlygynyň) nominal tabynlary boldular. Bu döwürde türkmenleriň ýarty bölegi Eýranyň (Gajar dinastiýasnyň) we Buharanyň tabynlary boldy. Emma XIX asyra çenli türkmenleriň köp bölegi haýsydyr bir döwlete boýun bolmadylar we boýun egdirmeklik synanyşyklaryna bolsa köplenç ýönekeý çölüň alys künjeklerine göçüp gitmek bilen jogap berýärdiler. Türkmenler mejbury ýagdaýda ykdysady sebäpler üçin çomry boldular, haçan-da ýeterlik serişdeler ýygnanlaryndan soň has abraýly, çarwa durmuş ýörelgesine dolanyp gelidpirler. Hatda şeýle atlandyrylýan “çomry” türkmenler köplenç gara öýlerde ýaşapdyrlar – syýahatçylylaryň ýazyşlary ýaly, çomry türkmenler bir ýerde uzak wagt ýaşamandyrlar. Göçme görnüşdäki ýaşaýyş ýörelgesi we bir ýerde durmazlyk garaşsyzlygy kepillendirýärdi. Türkmenler barada çeşmeleriň aglabasy özge synçylar, syýahatçylar we taryhçylar tarapyndan ýazylan. Bu çeşmelerde türkmenleri köplenç zalym çöl talaňçylary we gullaryň söwdagärleri hökmünde suratlandyrýarlar. Emma şolaryň arasynda köpler türkmen çapyksuwarlarynyň erkinlige ymtylmaklaryna, çarwalaryň arasynda ýaýran deňhukuklyga haýran galýarlar. Marwin we Wamberi ýaly günbatar, hem-de Kuropatkin we şuňa meňzeşler ýaly rus barlag geçirijileriniň we syýahatçylarynyň işlerinden awtor türkmen jemgyýetiniň gündeki adatylygynyň jikme-jikliklerini we suratyny dikeldýär. Şeýlelikde, Edgar çeşmeleriň esasynda Tagan atly ýaş çarwa ýomut türkmeniň durmuşyny täzeden dikeldýär (“tagan” türkmençe “taganly gazan” diýmegi aňladýar) – türkmen maşgalalarynda köplenç üçünji oglana şeýle at dakypdyrlar. Tagan özüniň ýomutlaryň taýpasyna degişlidigine guwanýar. Olar çarwalar kimin ýaşap, uly möçberdäki goýunlaryň, geçileriň we düýeleriň sürülerine eýe bolupdyrlar. Tagan oturymly daýhanlara ulumsylyk bilen garaýar, köp türkmen taýpalary juda gowşak we çozuşlardan özlerini goramaga ukypsyz oturymly eýrançylary ýesir edip alyp gaçýardylar we Buharanyň hem-de Hywanyň bazarlarynda gulçulyga satýardylar. Öz taýpasynyň ähli ýaş adamlary ýaly Tagan örän oňat çapyksuwar we atyjy. Bu aýratynlyk her bir toparyň ýa olja ýa-da ýyrtyjy bolap biläýjek ýeri bolan çöldäki ýaşaýyşda zerur bolup durýar. Taganyň tiresi gul söwdasyna gatnaşanok, emma ýygy-ýygydan demirgazykda ýaşaýan gazaklar bilen söweşýärdi. Golaýda Tagan gazaklardan ýomutlar özleriniň territoriýasyna giren goýun sürüsini alyp gaçylan alamana, ýa-da başgaça aýdylanda çozuşa, gatnaşdy. Ähli çarwalar ýaly, Tagan özüniň nesil agajyny iň azyndan ýedi arka çenli yzarlap bilýär. Köp çarwalar ýaly, Tagan özüni dolgan ýeri bilen däl-de, eýsem asly bilen kesgitleýär. Türkmenleriň gelip çykyşy rowaýaty Oguz handan gaýdýar we olaryň tireleri – teke, ýomut, salyr, çowdur, gökleň. Olaryň arasynda ýesirleriň hem wekilleri (köplenç halatlarda eýrançylar), ýagny gullar – olar arassa ganly türkmenler hasaplanylmandyrlar, şoňa laýyklykda, olar “arassa ganly” türkmenlere garanyňda pes statusy eýeläpdirler. Tire-taýpa gatnaşygy we genealogiýa – bu türkmenleriň arasynda diňe bir buýsanjyň gözbaşy bolman, eýsem pugta syýasy we ykdysady raýdaşlygyň hem gözbaşydyr. Bir nesilden gelip çykýan uly maşgalanyň agzalaryndan hemişelik goldawa garaşylýar. Muňa mysal hökmünde toýuň çykdajylaryna kömek etmek we şuňa meňzeşler bolup biler. Tire-taýpa we maşgala köpçülik bolup myhmanyň howpsuzlygy üçin jogapkärçilik çekýärler. Şeýle hem tire-taýpa gul edilen tiredeş adamy yzyna satyn almaga ýa-da öldürilen üçin gan döküşikli ar almaga borçly, üstesine-de, öldürleniň maşgalasy erkek hatarynda ýedinji arka çenli gyrlyp bilinýär. Kazyýetiň we polisiýanyň ýok bolan döwründäki XIX asyryň çarwa türkmen jemgyýetinde, tire-taýpanyň mehanizmi temmi çäresini belleýärdi. Çarwa gara öýi Taganyň birnäçe nesilleriniň we garyndaşlarynyň öýi bolup hyzmat edipdir. Taganyň aýaly Ýazgül (“ýazyň güli”) burçda ýuwaş otyr, onuň başynda agzyny (ýaşmakly) ýapyp duran ýaglyk bar. Ýazgüle tä çaga dünýä indirýänçä, Taganyň ene-atasynyň we uly garyndaşlarynyň ýanynda gürlemek we nahar iýmek gadagan (ýogsa-da Tagana hem aýalynyň uly ýaşly garyndaşlary bilen gürleşmek gadagan, ýöne olar alysda ýaşaýarlar). Ýazgül köp sanly öýüň işleri bilen başagaý, şol sanda beýekiler ýaly, Merkezi Aziýanyň bazarlarynda satylýan ajaýyp ýüň halylaryny dokaýar. Ýazgülüň oglan perzentleri dogran badyna, onuň statusy “birbada gowlanar”. Türkmen jemgyýetinde ogul ömrüniň ahyryna çenli maşgala degişli bolup durýar, ol sürülere seredýär, maşgalasyna aýallary we çagalary getirýär, garry ene-atasynyň aladasyny edýär we kesekiler bilen dawa-jeňjeller bolan wagty maşgalasyny goraýar. Gyz bolsa tersine, geljekde başga tiräniň dowamaty üçin çagalary düýä indirjek “myhman” hasaplanylýar. Şonuň üçin ogul perzendiň dünýä inmegi has giňden we gerimli toýlanylýar. Gyz çaganyň dünýä inmegi bolsa, adaty waka hasaplanylýar. Yzly-yzlyna gyz bolýan maşgalada köplenç olaryň biriniň adyna Ogulgerek dakylýar. Haçan-da, Ýazgül ogul perzentleri dünýä getirende we onuň maşgalasy ulalanda, ol buýsançly we hormatly aýal maşgalasy bolar, we şeýle hem ol özüniň ýaşlyk ýyllarynda bolmadyk azatlygyny we hökümdarlygyny gazanar. Taganyň we Ýazgülüň degişli bolup durýan çarwa toparlary sowet döwrüniň başlarynda Türkmenistanyň çöllükli ýerlerinde şeýle erkin hereket edip bilmezler. Türkmenler sowet döwründe oturymly ýagdaýa, ýagny kolhozlara, geçmäge mejbur bolarlar. Oba hojalygyna uýgunlaşmadyk çöllük ýerlerdäki türkmenler maldarçylygy goýup, pagtaçy bolmaga mejbur bolarlar. Netijede, bu ýagdaý açlyga we garyplyga elter. Türkmenler sowet hökümetine güýçli garşylyk görkezdiler we 1920-1930-njy ýyllarda köp çarwalar Owganystanyň we Eýranyň territoriýasyna gaçyp gitdiler. Sowet Türkmenistanda galanlar üçin bolsa, ýigriminji asyr uly özgerişleri getirdi. Geçmişde çarwa bolan türkmenler hemişelik oturymly düzümlerde ýaşamagy öwrendiler, öz çagalaryny sowet mekdeplerine ugratdylar we özleri bolsa Gyzyl goşunyň hatarynda gulluk etdiler, hem-de Kommunist partiýasyna goşuldylar. Öz ene-mamalaryndan we ejelerinden tapawutlylykda, türkmen gyzlary ýokary okuw jaýlarynda bilim alyp, mugallymçylyk, lukmançylyk we döwlet emeldarynyň (çinowniginiň) karýerasyny gurup başladylar. Şol bir wagtda, söwet hökümeti köpaýallylyk, gan döküşikli ar alma we galyň ýaly däp-dessurlaryň birnäçesini gadagan etdi, çünki beýle hereketler “yzagalaklyk” diýip ýazgaryldy. Emma türkmenler çarwaçylyk adatlaryny, esasan-da maşgala degişlilerini gorap saklady. Häzirki wagta çenli ýaş aýallar maşgalanyň uly agzalarynyň bar ýerinde geplemeýärler, ýaşlar galyň töleýärler, gelinler bolsa “gaýtarma” däbini berjaý edýärler – ýagny öýlenen ýigit bilen gysga tanyşlykdan soň atasy öýüne dolanyp barýarlar. Bu düşündirmesi kyn bolup durýan däp belki ýaş çatynjalaryň duýgularyny ýylatmak üçin niýetlenendir. 2007-nji ýylda Indiana uniwersitetiniň neşirýaty (Indiana University Press) “Merkezi Aziýada gündeki durmuş: geçmiş we häzirki zaman” (“Everyday Life in Central Asia: Past and Present”) atly kitabyny çykardy. Bu Jeff Sahadeonyp we Rassel Zankyň redaktirlik eden ýygyndysynda (Mariann Kamp, Duglas Nortrop, Morgan Lýu, Lora Adams, Madlen Riws, Erik MakGlinçi, Şon Roberts we başgalar ýaly barlag geçirijileri özünde jemleýän) ýygyndydaky dürli ugurlardan awtorlar Merkezi Aziýanyň adaty ýaşaýjylarynyň öz (geçmişdäki we häzirki wagtdaky) ýaşaýyşlaryny nähili alyp barýandyklary, hem-de taryhy we syýasy tapgyrlary nähili başdan geçirýändikleri barada gürrüň berýärler. Bu ýygyndy türkmen çarwalarynyň, owgan daýhanlarynyň, gazak alymlarynyň, gyrgyz serhetçileriniň we Özbegistandaky dini keramatlyklaryň goraýjylarynyň taryhlaryny öz içine alýar. Ulan BIGOŽIN, antropologiýa ylymlarynyñ doktory. 07.08.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |