20:39 Türkmen medeniýeti nämede? | |
TÜRKMEN MEDENIÝETI NÄMEDE?
Jemgyýetçilik tankydy
Aslynda medeniýet näme? Dogrusy, onuň teoriýasy bilen meniň işim ýok. Ýöne bir döwür-ä sag eliň pyçakly, çep eliň dürtgüçli stoluň başynda oturyp naharlanmak, öz ene diliňi harlap, aglaba rus dilinde geplemek medeniýetiň aňrybaşy hasaplanýardy. Özem şo döwürde esasy bir zada ýykgyn edildi. O-da, eýtmeli-beýtmeli, garaz, öz milli äheňiňi, ýörelgäňi ýoýmalydy. Has dogrusy, oňaryp bilseň, olaryň üstünden gülüp, “könäniň galyndysy”, “geçmişiň zyýanly däp-dessury” diýen ýarlyk dakmalydy, masgaralamalydy. Türkmen birine aňrybaş gargyş etse, “Öýüň ýykylsyn” diýýär. Ana, bizem medeniýetli boljakdan bolup, ilki ata-babalarymyzyň ösüp-örňän, kemala gelen öýlerini ýykyp başladyk. Hatda käbir ýolbaşçylar hut oba-oba aýlanyp “Biz kommunizmiň bosagasynda durkak, täze donuň köne ýamasy ýaly bolup duran gara öýleri ýok edip taşlamaly, hemme jaýlar täze tipli bolmaly” diýip işeňňirsiräpdilerem. Şeýdibem, şol gargyş ilki özümize siňdi. Öz arrygymyzy har etdik. Indem toý-baýramçylyklarda kişi arrygyna zar bolup, durşy bilen keçe örtülgi, ýapbaşyp ýatan “Türkmen öýlerini” dikip, öz üstümizden özümiz gülýäris. Soňam jynymyz şol ak öýkleriň düşegine düşdi. Her daban ýeri asyrlaryň jümmüşinden habar berýän, müňbir derdiň dermany hasaplanýan we gözel keçelerimizi guragyrynyň öýjügi bolan gaty kilime, ýelimli palasa çalyşdyk. Şeýdibem gelin-gyzlarymyzy öz elimiz bilen, bir wagtky türkmen keçesi diýip at alan nepis sungatdan daşlaşdyrdyk. Gezek türkmeni ençe ýowuzlyklardan aman-esen alyp çykan, agzyny birikdirip saklan penakär tamdyrlara ýetdi. “Edeniň alnyňa” diýlişi ýaly, bu-da, belli bir derejede ýaşlary tamdyra çörek ýapmak diýen mukaddes borçdan sowaşdyrdy. Şeýdip milli ruh siňen senedi “el degirmedigiň eli kesilsin” diýenlerini edip, ýuwaş-ýuwaşdan gyrakladyberdik. Hatda medeniýetliligiň has gözüni çykaryp, taňry salamy bolan “Essalawmaleýkim” sözünem gulakdan-guýrukdan aýyrdyk. Salam! Wessalam. Türkmeniň köşekli düýä deňeýän “taňryýalkasyn” sözüniňem orsçasyna ürç etdik – Spasibo! Çagany sünnetletmegem, dirä nika gyýyp, merhuma jynaza okatmagam bir döwürde ak ýürekli adamlara gara sürtmäge delil boldy. Medeniýetliligimiziň bir gyrasy bagşy-sazandalara-da ýetdi. Aýbogdaş gurap aýdym aýtmak medeniýetsizlik hasaplanyp, bagşylar oturgyja çykaryldy. Toýlaryň törüni dikdurma bagşylar eýeledi. Şol döwürlerde aýal-gyzlarymyzam medeniýetden yza galmajak bolup, baý, çytraşdylar-a. olaryň ilki kakyny düşen zady, özleriniň milli egin-başlary, şaý-sepleri boldy. Hatda käbir ýerlerde, sen medeniýet barada orunbasarmy, hökman döwre görä geýinmeli diýlen düşünje-de ýoň boldy. Şeýdibem ilki türkmen gelin-gyzlarynyň milli geýimi bolan keteni köýnegiň petine gar ýagdyryldy. Ýogsam, öňi apbasyly keteni köýnekdir şaňňyrdap duran çapraz çaňňaly mallaý çabyt, ata-baba gelin-gyzlaryň guwanýan lybasydy. Onuň beýle bolanlygynyň sebäbem, keteniniň süňňüniň naçar kalbynyň yssy mähri bilen eýlenenligi. Sebäbi ketenide başga matalardan üýtgeşik, täsin bir ys bolýar. Durmuşa çykýan gyzyň gelin boljak öýüne keteni köýnekli gelmegi-de gowulyga ýorulýar. Sebäbi keteniniň ysy iki juwany ysnyşdyrýar, ýaşlary biri-birine imrikdirýär diýip düşünilýär. (Ilçilikde “Keteniniň ysyny alan bagly bolmaz ” diýen sözem bar). Gyzlar döwre görä medeniýetli boljak bolup şamar saçlarynyň daşyna geçdiler. Ýogsam, gyzyň saçy örüme girenden soň, onuň buýsanjy bilen deň şärik bolýarmyş. Onsoň, gyz durmuşa çykanda, ol “Men arka düşdüm” diýip, namys edip aglarmyş diýýärler. A häzir bolsa, entek örüme-de girmänkä şol namysjaň saçyň başyna oýun baryny getirýärler. Kürte atynmak meselesem ýene şonuň ýaly. asla kürte atynyp durmuşa çykýan gyzam azalyp barýar. Aslynda-da kürte, ýeke bir bezeg üçin atynylýan zat bolman, eýsem, oňa iki dünýäniň – gyzlyk hem gelinlik dünýäsiniň arasyndaky kyrk günlük saklanylýan ýalňyz perde diýlip düşünilýär. Özem zenan maşgala kürte atynmak ömründe bir pursat miýesser edýär. Ýaka salynýan nagyşlaryňam enter-pelegini öwürdiler. Bir görseň, ony egniň üstüne, bir görseňem, ýene bir ýere geçirýärler. Köplenj-ä nagyşsyz, ýakasyz geýýärler. Elbetde, biz olara-da gelşikisz diýip bilmeris. Ýöne... Hawa, şu ýerde men bir wakany gürrüň bermekçi. Bir iş bilen awtobusly Tejene gitmeli boldum. Ýolagçylaryň arasynda ýaş çagaly bir gelnem otyrdy. Ýola düşülenden ýaňkyja çaga aglap başlady. Hiç diňer ýerde diňmedi. Aghyry oturanlar: “Bolmasa, emmesini agzyna tutduraý, gelin” diýişdiler. Gelin görgüli bolsa, geplemän ýüzüni aşak salyp otyrdy. Soň görlüp oturylsa, ýaňky gelniň köýneginiň ýakasy tersinde, ýeňsesinde bolsa nätjek?! Neresse çaga ejesiniň “medeniýetliligi” sebäpli barjak ýerine çenli aç, çyrlap gitmeli boldy. Şu zatlaryň ýekän-ýekän agzalmagynyň sebäbi, türkmeniň egin-eşiginde-de, edim-gylymynda-da bihasap zadyň ýokdugy, her biriniň aňyrsynda ummasyz bir açylmadyk syrly dünýäniň ýatanlygy. Bizem ilki şo dünýä düşünmegimiz gerek. Türkmençilikde aýal-gyzlar babatda haýsydyr bir bolmaýan zat bolsa, ilki “Sen türkmen maşgalasy ahyryn” diýilýär. Şu sözleriň aňyrsynda, gör, nämeleriň, nähili mukaddesligiň ýatandygyny, pikir ediberiň. Şonuň ýaly ýene bir zat. Üçünji-dördünji klasda okaýan gyzjagaz mekdebe keteni köýnekli barýar weli, mugallym ondan okuwa mekdep lybasynda gelmekligi talap edýär. Eger şeýle bolsa, näme üçin, mekdep lybasyny her halkyň öz milli egin-başyna laýyklap bolmaýarka? Eger şu iş ýola goýulsa, birinjiden-ä, çagalaryň öz milli egin-eşiklerine söýgüsi, hormaty artjak, ikinjidenem, her ýerde bolanda-da, her halky öz egin-başy bilen tanap boljak. Belki, bu zatlary okap: “Aý, bu-ha has ownady” diýilmegi mümkin. Ýöne şeýle-de bolsa, hemme zadyň diňe ownukdan başlaýandygyny ýatdan çykarmalyň. Sebäbi şu günki çagalar, ertirki biziň milli ýörelgämizi dowam etmeli nesil ahyry. Her halkyň öz ruhy dünýäsi bar. Meselem, türkmen halky öz tebigaty boýunça, sähel zada göterilip, şady-horram bolup ýören halk däl. Onuň süňňüne ata-baba gelýän agraslyk, salyhatlylyk siňen. Eger her halk özüniň milli buýsanjy bilen tapawutlanyp bilmese, ol halkyň täleýine gar ýagar. Eýsem, türkmeniň ýetmiş üç ýyl mundan ozal medeniýeti bolmandyrmy?! Käbir çemeçi, döwrüň maýajyny araýan adamlaryň sözüne “hä” berseň-ä, türkmeniň medeniýetem, sowadam, hiç zadam bolmandyr. Eýsem, imperiýa derejesine çenli ykbaly göterilen halkyň medeniýetiniň bolmandygyna kim ynanarka?! Türkmeniň medeniýeti bolupdyr. Muňa asyrlaryň heňňamyndan habar berýän “Gorkut atasy”, döwüşmekde, pähim-paýhasda yz galdyran “Göroglusy”, halk ynsabynyň derejesine galan Magtymgulysy, il namysyny başynyň täji hasdaplan Keýmir serdary, gaçsa gutulýan, kowsa, ýetirýän dal boýun bedewi, gözüň ýagyny iýýän elwan halysy, agzyňdan tagamy gitmeýän waharmany, möjek bilen deň darkaş gurýan mähnet köpegi, inçe tumşuk, uzyn aýak tazysy güwä geçmeýärmi? Türkmeniň eti garna salyp, kakadyp, telim ýyllap mizetmän saklaýşy, aý, garaz, ýekän-ýekän sanap oturmanymyzda-da, düýä ýük urmasydyr bükdürip ýüp işmesiniň özi-de täsin bir medeniýet ahyry. Türkmen özüniň taryhy babatda, medeniýeti, sowatlylygy bilenem gepläbem biler, orta-da çykar. Biziň wezipämiz bolsa, könäni düýpgöter terk edip, täze bir nysak tapyp medeniýetli bolmak däl-de, öňki ýörelgäni harlatman indiki nesle ýetirmek. Ony durmuşyň göterýän zatlary bilen baýlaşdyrmak. Eger şeýle etsek, geljek bizi näletläp bilmez. Elbetde, bu zatlar meniň şahsy pikirim. Belki siz başgaça pikir edýänsiňiz. Geliň, jedelleşeliň! Öwezmyrat BERDIMYRADOW. “Tokmak” žurnaly, 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |