21:55 Türkmeniň adyny arşa göteren | |
TÜRKMENIŇ ADYNY ARŞA GÖTEREN
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
• Geçen asyryň meşhur hudožnigi Nazar Ýomudskini ýatlap... Men şu ýazjak bolýan gürrüňimi mundan takmynan on ýyl öň hem "Çeleken" atly poemamda gozgap goýupdym. Ýöne şol wagtlar hiç kim onuň bilen gyzyklanmandy. Indi, döwür üýtgedi, taryhymyza gyzyklanma artdy. Men ýaşlygymdan eje mährinden mahrum bolanym sebäpli, mydama dädem pahyryň ýanynda gezerdim. Şol sebäpli dädemiň özi bir ýere gidende-de, onuň ýanyna gelenlerinde-de men ähli gürrüňdeşlikleriň hut diri şaýady bolýardym. Biz oba ýerinde ýaşanlygymyz sebäpli, agşamara obanyň ýaşululary açyk howa çykyp, akja çägäniň üstüne ýygnanyşmagy endik edinipdirler. her gün şol ýygnanyşykda kim-de bolsa biri köne gürrüňe, ýatlama başlardy. Ýöne welin men şol gürrüňleriň hiç birini hem soňuna çenli diňläp bilmeýärdim, sebäbi ýygnananlaryň haýsydyr biri gürrüňe başlanyndan meniň gözüm süzülip başlardy we näçe jan etsem-de bolman, ahyry uklap galardym. Ýöne şol gürrüňlerde gaty köp gaýtalanansoň, "Ýomuthan" diýen at hakydamda saklanyp galypdyr. Nähili gürrüň etseler-de: "Aý, ol adamyň gülüdi" diýip soňlardylar. Käwagtlar men dädemden "Ol kim?" diýip soranymda, ol biragyz: "Ýomuthan-da, oglum" diýerdi. Soň-soňlaram men bu ady köp eşiderdim. Men gullukdan gelenimden soň Çelekene gidip, şol ýerde galyberdim. Dädem dagam pensiýa çykandan soň Nebitdagdan Jebele göçdüler. Men öz maşgalam bilen dynç alyş günleri Jebele - dädemiň ýanyna gaýdardym. Ýomuthanyň adyny Çelekende-de, Jebelde-de köp ýerde eşitdim. Ol hakda köpräk bilmekçi bolup bir gezek gelenimizde dädem bilen ikiçäk otyrkak ol hakda näme bilýän bolsa gürrüň bermegini soradym. Şonda ol: "Hýäk, oglum, olar ýaly adamlar indi dünýä ýa iner, ýa inmez, eger dünýä inende-de, olarça bolup bilmez" diýdi. Soňra şeýle gürrüň berdi: - Ýomuthanyň atasyna Annamuhammet karaş diýer ekenler, kakasy bolsa Kyýathandyr. Ýomuthanyň özüni-hä gördüm, ýöne ondan öňküleri barada-da aýt diýseň onda mende saňa öz eşidenimden gürrüň bermeli bolaryn. Ýomuthan süňklek, daýaw, iri adamdy, özem görmegeýdi, sypaýydy. Geplände hiç gepine bat bermezdi. Onuň üçin baýdyr-garyp, uludyr-kiçi barysy deňdi. Oturan köp märekäniň deňinden özüni ulumsy tutup geçmezdi, bary bilen elleşip görşerdi. Men ony jemi iki ýa-da üç sapar görendirin. Ol bizden köp uludy. Soň-soňlar men mugallymçylyk edip başlanymdan soň Ýomuthanyň özi hem neberesi hakda köp zatlary bildim.... dädem şu ýerde gürrüňine dyngy berip, bir zatlary pikir eden ýaly boldy-da, meniň ýüzüme seredip: "Oglum! Sen Ýomuthanyň neberesi hakda näme üçin soraýaň?" diýdi. Men ýaş döwürmde özüm üçin ogryn-dogryn goşgy ýazan bolardym, soňabaka gazet-žurnallara-da goşgy ibermäm bardy. INe, şu ýerde men öz köňlümdäkini dädeme aýtdym. Ol biraz pikirlenip oturdy-da, "Oglum, men Ýomuthanyň özünden ulularyny-ha göremok, onuň agasy Nazar Ýomudy-da göremok, ol biziň çaga döwrümiz aradan çykypdyr. Ýöne meniň saňa berjek gürrüňlerimden peýdalanyp bilerin diýseň, bilýänim-ä aýdaýyn" diýdi. 190-200 ýyl dagy mundan öň Çerekende (Çelekende) iki han bolupdyr, özleri-de hem garyndaş, hem-de gaýyn-giýew bolupdyrlar. Olaryň ilkinjisi Bulathan, ikinjisi hem Kyýathan bolupdyr. Kyýat Buladyň gyzyny aýalynyň üstüne aýal edinip alýar. Kyýathan ol wagtlar ýaşy elliden geçen hem bolsa, ýaş aýalyndan birnäçe çagasy bolýar. Şol aýalyndan bolan çagalarynyň körpesi Annamuhammet Karaş bolupdyr. Annamuhammediň hem bäş çagasy bolýar. Ana, şolaryň iň ulusy Nazar bolsa, iň kiçisi hem Han Ýomut bolupdyr. Nazar çagalykdan surat çekmäge höweslidigini bildiripdir. Ol, bolmanda her gün öz maşgalalaryndan biriniň suratyny çekmese ynjalmaýar eken. Onuň dädesi polkownik Karaş Ýomudskiý özüniň bütin ömrüni gullukda geçirendigi sebäpli ogullaryny hem harby gulluk bilen baglanyşdyrjak bolup, Nazary Kiýewiň harby uçilişesine ýerleşdirýär. Harby gulluga höwesi bolmanlygy zerarly ol 19 ýaşynda uçilişäni taşlaýar. Bardygyça surat çekmäge höwesi artyp, Peterburgyň çeperçilik akademiýasyna gaýybana okuwa girýär. Ýomuthanyň gürrüň bermegine görä, agasy onuň suratyny gaty köp çekipdir. Dädesiniň Nazardan umydy gaty uly eken. Nazaryň bir täsin gylygy, mydama agşamara ýeke özi gaýyga münüp, deňze çykyp, uzak wagtlap agşam şapagyna syn etmesi bolupdyr. Başga-da boşrak wagtlary deňiz kenaryna baryp, uzak wagtlap ýadaman deňze syn eder durar eken. Nazaryň ogly bolmaýar, diňe 2 gyzy bolýar. Hazir Nazaryň gyz agtyklarynyň bar bolmagy mümkin. Nazar Peterburgyň çeperçilik akademiýasynda belli rus hudožnikleri bilen tanyşýar. Olar bilen ýakyn aragatnaşykda bolýar. Şol döwürde ýaşy ulalyşan belli rus hudožnigi Stason Nazara uly ynam bildirip, ondan güýçli hudožnik çykjakdygy baradaky pikirini hiç kimden ýaşyrmany aýdyp geçipdir. Nazaryň ýene-de şol döwrüň belli rus hudožniklerinden Serow, Surikow, Çistýakow, Wrubel ýaly dostlary bolupdyr. Bu belli hudožnikleriň suratlary bilen birlikde Nazaryň eserleri-de dürli sergilerde üstünlik gazanypdyr. Onuň kartinalary Fransiýada, Rumyniýada, Germaniýada sergilere gatnaşypdyr. Berlinde bolan sergide Nazaryň "Türkmen ýigitleri" diýen eseri ogurlanýar. Nazar ýiten suratyna gynanyp, esli wagtlap surat çekmesini taşlaýar, ýagdaýy peselýär. Soň ýene surat çekip başlanynda onuň çeken suratlarynyň hyrydary gün-günden artyp başlaýar. Nazaryň "Dnepriň kenarynda", "Suwa düşýänler", "Poçta gatnaw ýoly", "Gije", "Kiçi Russiýanyň sahnalary" we başga-da köp suratlary barada şol wagtyň neşirlerinde synlar ýazylypdyr. Ol diňe Russiýada bolup, diňe Russiýa baglanyşykly suratlary çekipdir diýsek ýalňyşarys. Ol özüniň önüp-ösen ýerini, ata-baba mekanyny hiç unutmandyr. Ol Esenguly, Kümüşdepe, Çekişler, Çeleken etraplarynyň tebigatyny hem surata geçiripdir. Nazar diňe öz gezen, ösen ýerleri bilen çäklenmän, eýsem tutuş türkmen topragynyň, türkmen iliniň keşbini çekipdir. Meselem, onuň "Köpetdag jülgesinde", "Zakaspi demir ýoly", "Gülgün perli flamingo" (Gyzylgaz) diýen nusgalary "Türkmen ýigitleri" kartinasy bilen birlikde ençeme daşary ýurtlarda sergä gatnaşypdyr. Han Ýomudskiý agasynyň çeken suratlarynyň birnäçesiniň özünde bardygyny aýdypdyr. Olaryň içinde agasynyň öz aýalynyň hem suraty barmyş. Ýomut han bu suraty, ýagny "Anna Semýonowna" kartinasyny özünde iň gymmatly zat hökmünde saklaýandygyny hem aýdypdyr. Anna Semýonowna ýanýoldaşy Nazar aradan çykandan soň, ýüwürjisi Ýomut hana beren gürrüňlerinde şeýle diýipdir: "Agaň soňky wagtlarda gaty köp işlärdi. Ir säherden tä giç agşama çenli suratyň başynda oturardy. Agaň çeken suratlaryny şol döwrüň belli neşirýatlary "Нива", "Север", "Всемирная иллюстрация" žurnallary bir-birinden öňürti aljak bolup, ony ýygy-ýygydan çagyrardylar. Agaň çeken suratlary Nekrasowyň "Russiýada kim şat ýaşaýar?" diýen poemasynda hem bolmalydyr". Ýomut han agasynyň çeken "Gülgün reňkli flamingo" (Gyzylgaz) suratyny Muhammetguly Atabaýewe berýär. ol hem özüniň uzak ýaşamajagyna gözi ýetenden soň, dostluk gatnaşygy unudylmasyn diýip, ölmeziniň öň ýanynda suraty Gaýgysyz Atabaýewe tabşyryp gidýär. Nazar han dädeleri Karaş aradan çykandan soň, öýde ulularyň deregini tutup, özünden kiçi doganlaryna hossar bolup, olary hiç wagt gözden salmandyr. Ylaýta-da kiçileri Ýomut hany nirä gitse-de özi bilen äkider eken. Nazar diňe Hazaryň kenarynda bolman, eýsem Peterburgda hem ýeke özi Newa derýasynyň kenaryna baryp, uzak wagtlap oňa syn edip durýan eken. Nazar 1897-nji ýylda 37 ýaşynda aradan çykypdyr. Ol özüni XIX asyrda dünýä tanadan türkmen hudožnigidir. Nazaryň ata mekanynyň Çeleken bolandygy sebäpli, ol ýerde onuň kowum-garyndaşy gaty köp, hatda atasy Kyýathanyň hem at dakylany bar. Häzir meniň gynanýan zadym, ol-da Nazar ýaly äleme özüni tanadan türkmen hudožniginiň Çeleken etrabynda sarpasynyň tutulmaýanlygy. Göwnüme bolmasa, Çeleken şäheriniň medeniýet bölümi Nazar Ýomudskiniň ýadygärligini Çelekende bina etmek barada ýerli ilat bilen maslahat etse, tesr bolmazmyka diýip oýlanýaryn. Eger-de Çelekende Nazar Ýomudskiniň binasy dikiljek diýseler, Çeleken türkmenleriniň ýüz paý goldajakdyklaryna we şol iş üçin özleriniň pul kömegini ýetirjekdiklerine gürrüň bolup bilmez. Edil şonuň ýaly-da Çelekeniň obalarynda Han Ýomudskiniň ady-da dürli ýerlere dakylsa, göwnemakul bolardy. Ilmämmet Dana kenan ogly NURYÝEW. "Balkan" gazeti, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |