22:03 Türkmenler hakda 100 hekaýat -3: Goñşy haky | |
▶ Goňşy bahasy
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Abdylla ibn Mübaregiň bir goňşusy bolupdyr. Ol çagalaryndan öňürti ýaňky goňşusyna nahar dadyrar eken. Çagalaryndan önürti, ony geýindirer eken. Günleriň birinde bu ýerden howly edinmek isleýänleriň biri goňşusynyň ýanyna gelip, jaýyny satmagy teklip edipdir. Ol: «Öýüm, howlym iki müň dinara durýar. Мüň dinar onuň hakyky gymmaty. Müň dinar bolsa gowy goňşymyň barlygy üçin» diýipdir. Müşderi bu sözlere ör-gökden gelipdir: «Biz-ä jaýyň bahasynyň üstüne goňşy hakynyň urulýandygyny heniz eşidemzok» diýipdir. Emma Abdylla ibn Mübaregiň gonşusy pikirinden dänmejegini ýaňzydypdyr. Bu sözleri eşiden Abdylla ibn Mübarek öz goňşusyna ýagşy dilegler edipdir. Oňa öňküsindenem has gowy seredipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |