08:52 Türkmenler hakynda 100 hekaýat -10: Bir türkmeniñ dogasy | |
10. Bir türkmeniň dogasy Gadym döwürde türkmenleriň biri haj zyýaratyna ugrapdyr. Ähli däp-dessurlary berjaý edip, egnine yhram atynyp, beýlekiler näme etse, şony gaýtalap geziberipdir. Gara daşyň daşyndan ýedi gezek aýlanypdyr. Ýöne bu türkmen zyýarata gelenleriň, ýerli adamlaryň biriniň hem diline düşünmeýän eken. Olaryň näme aýdýandyklaryna, Alladan näme dileýändiklerine hiç aň ýetirip bilmändir. Ahyry ol hem bir ýere çekilipdir-de, Alladan dileg edipdir: «Perwerdigärim, bu gün seniň huzuryňa geldim, Käbäni zyýarat etdim. Gurbumyň boldugyndan barça ybadaty berjaý etdim. Bu wagt senden dileg-doga edilýän pursady. Eý, hak Allam, men töweregimdäki adamlaryň näme soraýandyklaryny bilemok, ýöne meniň Senden etjek dilegim, şu adamlaryň yhlasyny ýerine düşürip, olaryň ählisiniň dileg-dogalaryny kabul et. Meniň senden ähli dilegim şu!» diýipdir. Däp boýunça, ähli däp-dessur berjaý edilenden soňra, hajyň kabul bolup-bolmandygyny bilmek üçin, zyýaratçylar şol gijäni Käbede ýatyp geçirer ekenler. Her hajyň netijesi düýşde aýan bolýarmyş. Şol gije zyýaratgylaryň ählisi hem birmeňzeş düýş görüpdirler. Düýşlerinde: «Halaýyk, siziň bu gezekki zyýaratyňyz, dileg-dogaňyz bir bendäniň özüne pespällik bilen garap, siz üçin eden dogasy sebäpli kabul edildi» diýen ses ýaňlanypdyr. Şeýdip, bir türkmeniň hatyrasyna şol gezekki ähli hajylaryň dilegleri kabul bolupdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |