22:16 Türkmenler hakynda 100 hekaýat -11/12: Türkmeniñ merdana häsiýeti | |
11. Orta ýoluň hajy Abdylla ibn Mübarek bir kerwene daklyşyp, haja ugrapdyr. Ýolda ol zir-zibiliň arasyndan öli gargany alyp duran zenana gözi kaklyşypdyr. Baryp, onuň halyndan habar alypdyr. Haj niýeti bilen ýola çykan hem bolsa, ýanynda bolan ähli zadyny oňa beripdir. Özi bolsa yzyna dolanypdyr. Öýüne gelende ol düýş görüpdir. Düýşünde oňa: «Hajyň mübarek. Yhlasyň ýerine düşen. Günaň ötülen!» diýipdirler. Garyp hem bolsalar, özlerine dözüp, özgelere ýardam edýän adamlar Allatagalanyň dergähinde huzurly bendelerdir. 12. Türkmeniň merdanalyk häsiýeti Arap hökümdarlarynyň biri hakda şeýle kyssa bar. Hökümdaryň uzak wagtlap perzende gözi düşmändir. Ahyry uzaga çeken bejergilerden, dileg-dogalardan soňra onuň ogly bolupdyr. Hökümdar şol sebitlere habar iberip, ogly üçin mynasyp terbiýeçini görmek isleýändigini jar çekdiripdir. Wezir-wekilleriniň maslahaty esasynda ahyry bir gojany saýlap alypdyr. Goja hökümdardan oglunda nähili hasiyetleri görmek isleýändigini sorapdyr. Hökümdar: «Meniň oglumda araplaryň myhmansöýerligi, parslaryň paýhaslylygy we türkmenleriň merdanalyk häsiýeti jemlensin» diýipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |